Progres.Online

Türkmenistan 5G ulgamyny ornaşdyrarmy?

2023-nji ýylyň martynda, tor we aragatnaşyk seljerme hyzmatlaryny berýän Ookla kompaniýasynyň çap eden barlagyna görä, Merkezi Aziýa döwletleri 5G öýjükli ulgamy ornaşdyrar. Emma esasy sorag: Häzirki mobil torlarynyň işjeňligi we elýeterliligi nähili? Barlag Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň mobil torlarynyň ýagdaýyny gözden geçirýär.

Esasy netijeler:

  • Goşmaça bazar özgertmeleriniň zerurlygy: Halkara telekommunikasiýa bileleşigi (HTB) Türkmenistany, Täjigistany, Özbegistany G1 – kadalaşdyryjy döwlet monopoliýalary (aragatnaşyk ulgamyny döwlet gözegçiliginde saklaýanlar) diýip kesgitledi. Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň has amatly kadalaşdyryjy-hukuk binýady bar. Ýöne, ýurtlaryň hiç biri bütinleý aç-açan däl. HTB-e görä, kämilleşdirilen kadalaşdyryjy-hukuk binýady we onuň netijeliligi telekomunikasiýa ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň artmagy bilen baglanyşykly. Bu bahalaryň bäsdeşligine, aragatnaşyk torlarynyň ornaşdyrylyş we üpjünçilik derejesine, adam başyna düşýän jemi içerki önüme (JIÖ) oňyn täsir edýär.
  • Sanly özgertmä ünsi we maýa goýumlary artdyrmak: Türkmenistandan başga ähli Merkezi Aziýa (MA) ýurtlarynda mobil torlaryň ornaşdyrylmagyny ösdürmek we sanly özgertmeleri amala aşyrmak      başlangyçlary bar. Hususan-da, Özbegistan we Gazagystan sanly ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin sanly infrastruktura maýa goýýarlar.

Speedtest Intelligence®-iň maglumatlaryna esaslanyp, 2022-nji ýylyň 4-nji çärýeginde MA ýurtlarynyň 4G tizligi we elýeterliligi deňeşdirildi. Oňa görä, Türkmenistanda 4G elýeterliligi 11.6% bolup, sebitde iň yza galan ýurtdyr. 4G ýükleme tizligi boýunça birinji ýerde Gazagystan (22.44 Mbps) durýar. Türkmenistan bolsa 17.71 Mbps bilen üçünji ýeri eýeleýär.

Oba ýerlerindäki Internet

Merkezi Aziýanyň hemme ýurtlarynda ilatyň ýarysyna golaýy ýa-da ondan köprägi oba ýerlerinde ýaşaýar. Şol sebäpli, oba ilatynyň yza galmazlygy üçin tiz we ygtybarly internete elýeterliligi üpjün etmek zerurdyr. Speedtest Global IndexTM-e görä, Merkezi Aziýanyň internet ulgamy boýunça reýtingini gowulandyrmak üçin üstünde işlenmeli meseler bar. Sebitiň hökümetleri aragatnaşygyň pesliginiň düýp sebäbini çözmeli. Bu meseleler açyk we bäsdeş telekommunikasiýa bazarynyň ýoklugy bilen bagly bolmagy mümkin.

HTB-e görä, Türkmenistanyň her 100 adam başyna kesgitlenen giň zolakly internete abonentlik (tizligi azyndan 256 kbit/s deň ýa-da ondan ýokary tizlikli internete abonent bolmak) boýunça görkezijisi bary-ýogy 0.20%. Bu görkeziji boýunça Merkezi Aziýada öňdeligi 22.00% bilen Özbegistan eýeleýär. Türkmenistan kesgitlenen giň zolakly aragatnaşyk ulgamy ulanmak boýunça dünýäde 177 orunda bolup, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndan biçak yzda.

Türkmenistanyň sanly üýtgeşmelere tarap ätmeýän ädimleri

Kesgitlenen giň zolakly aragatnaşyk ulgamynyň az ýaýbaňlanandygy zerarly Merkezi Aziýada ykjam (mobil) torlaryň elýeterliligi we hili örän ähmiýetli. Çünki, mobil torlar sebitde, esasan hem Täjigistanda, Türkmenistanda we Gyrgyzystanda internet toruna girmegiň ýeke-täk ýoludyr. Mobil giň zolakly aragatnaşyga elýeterlilik onlaýn bank tölegleri etmek, onlaýn bilim ýaly ençeme hyzmatlardan peýdalanylmagyna getirer. Bu sanly inlýuziwlige we ykdysady ösüşe itergi bermegiň açarydyr. Türkmenistandan başga ähli Merkezi Aziýa ýurtlary telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek we ekosistemansyny giňeltmek strategiýalaryny işläp düzdüler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Türkmenistan telekommunikasiýa pudagy boýunça iň pes ösen ýurt. Munuň esasy sebäpleriniň biri hökümet ykdysadyýetiň aglabasyna, şol sanda telekommunikasiýa pudagyna berk gözegçilik edýär. Bu daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň öňüni alýar. 2019-njy ýylda MTS Türkmenistanyň bazaryndan çykandan soň, ýurtda diňe TM Cell söwda markasy bilen işleýän “Altyn asyr” aragatnaşyk operatory hereket edýär. Bäsdeşligiň ýoklugy telekommunikasiýa hyzmatlarynyň elýeterliligine, bahasyna we hiline ýaramaz täsir edýär. MTS-iň gitmegi ýurduň telekommunikasiýa infrastrukturasyny gowylandyrmaga gyssagly zerur bolan daşary ýurt maýa goýumlary çekmäge erbet täsir etdi. Käbir habarlara görä, 2021-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan Hytaýyň Huawei kompaniýasynadan enjamlary, programma üpjünçiligi we tehniki goldaw satyn alypdyr.

Türkmenistandan başga ähli Merkezi Aziýa ýurtlary çäkli ýerlerde bolsa-da, 5G ornaşdyrmaga we synag etmäge başladylar. 2020-nji ýylda Täjigistan Merkezi Aziýada ilkinji bolup 5G ýola goýdy. 2022-nji ýylda Gazagystanyň Sanly ösüş ministrligi 2027-nji ýyla çenli 5G-ni ýurduň üç sany esasy şäherlerinde 75% we welaýat merkezlerinde 60% elýeterli etjekdigini yglan etdi. 2022-nji ýylda Gyrgyzystanyň operatorlary hem 5G öýjükli ulgamyny synagdan geçirmäge başladylar.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: