Bertelsmann Stiftung-yň Özgeriş Indeksi (BTI) 2024-nji ýyl üçin Türkmenistan boýunça ýurt hasabatyny çap etdi. Hasabat ýurduň demokratiýa we bazar ykdysadyýetine geçişine baha berip, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwary aralygyndaky döwri öz içine alýar.
Hasabata görä, Türkmenistanyň ösüşine we raýatlaryň abadançylygyna päsgel berýän esasy meseleler şularda ybarat:
- Giňden ýaýran we düýpli kök uran korrupsiýa bilimden, saglygy goraýyşa, gümrük, salgyt, howpsuzlyk hyzmatlary we nebitgaz pudagyna çenli ähli pudaklara täsir edýär. Patronažlyk (ulgama, häkimýete ýa-da bir adama goldawy üçin berilýän peşgeş, wezipe, artykmaçlyk we ş.m), hökümet şertnamalaryna garaşlylyk, çişirilen býurokratiýa, döwlet maliýe serişdelerine ýerliksiz gözegçilik, ösmedik salgyt ulgamy we korrupsiýanyň öňüni almak üçin täsirli mehanizmleriň ýoklugy korrupsiýanyň ýaýramagyna goşant goşýar.
- Ýurduň ähli ýerinde çeşmelere elýeterliligiň deňsizligi: Türkmenistanyň elitasy ýurtdaky hususy emläkleriň/serişdeleriň azyndan 75%-ine eýeçilik edýär. ABŞ dollarynyň gara bazardaky bahasy ~5.7 esse gymmat bolan goşa walýuta hümmeti ençeme import edilýän sarp ediş harytlarynyň, ýarym taýýar önümleriň we içerki önümçilik üçin zerur bolan materiallaryň bahasyny ýokarlandyrdy. Ençeme telekeçiler we halk köpçüligi manady resmi bahadan daşary ýurt walýutalaryna çalyşyp bilmeýär. Resmi bahadan manat çalyşygy diňe döwlet eýeçiligindäki kompaniýalar we hökümet bilen baglanyşygy bolan biznesler üçin elýeterlidir. Walýuta meselesi ýokary inflýasiýa getirdi we 2021-nji ýylda inflýasiýa azyndan 20-30% boldy.
- Uly göwrümde garyplyk we işsizlik. Garaşsyz synçylara görä, ýurduň ilatynyň 33%-45%-i garyplyk çäginden pes derejede ýaşap, ilatyň 40%-50%-i işsiz. Umumy, hünär we ýokary bilimiň hili pes bolmagynda galýar we orta mekdebi gutaranlaryň 70%-den gowragy ýokary bilim alyp bilmeýärler. Durmuş üpjünçilik ulgamy çäkli bolup, esasan (1) çäkli mukdarda azyk önümleri, suw, gaz, elektrik energiýasy üçin döwlet subsidiýalaryny we (2) sosial taýdan goragsyz toparlar üçin iň esasy goragy üpjün edýär. Galyberse-de, döwlet dükanlarynda hökümet tarapyndan subsidirlenýän azyk önümleriniň hili we mukdary kemeldi. Bu bazar bahalaryndan azyk satyn alyp bilmeýän ulularyň we çagalaryň ýeterlik iýmitlenmezligine sebäp boldy. Iň ejiz toparlaryň, işsizleriň ýa-da işsizlik howpy abanýan toparlaryň sosial üpjünçilik goldawy ýok.
Garyplaryň aglabasynyň ýaşaýan oba ýerleri oba hojalygyna bil baglap, pes hasyllylykdan, suw ýetmezçiliginden we ýer zaýalanmasyndan ejir çekýärler. Çölleşme ýylsaýyn artmagyny dowam etdirýär we netijede, onuň ýyllyk ykdysady ýitgisi takmynan $350 million. Suwaryş we merkezi agyz suwy bilen üpjün etmek işleri turbageçiriji ulgamlaryň we nasos stansiýalaryň könelmegi zerarly suwuň 30-50%-niň ýitmegine getirýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ýiti suw ýetmezçiligini başdan geçirmegi ilatyň emigrasiýasyna sebäp bolýar.