Progres.Online

Türkmen pagtasynyň boýkoty: nähili çykalga bar?

Durnukly usullar bilen ýetişdirilen pagta az suw, az himiki dökünler we pestisidler bilen ösdürilýär. Şol bir wagtyň özünde daýhanlaryň, ýygymçylaryň iş şertleri gowylaşýar we daýhanlaryň girdejileri ýokarlanýar.

Responsible Sourcing Network (RSN) guramasy günde ulanýan önümlerimiziň taýarlanylmagynda ulanylýan çig mallary gazýan we ýygnaýan (pagta, minerallar) toparlarynyň adam hukuklaryny goraýar. Gurama görä Türkmenistanda “her ýyl pagta hasyly möwsüminde döwlet sektorynda işleýänler hökümet tarapyndan mejbury pagta ýygymyna alyp gidilýär. Netijede, mekdepler, kärhanalar we saglygy goraýyş edaralary doly derejede işlemeýärler ýa-da ýapylýarlar, bu bolsa raýatlaryň saglygyna, bilimine we umumy abadançylygyna uly zarba urýar”.

RSN Türkmenistanda pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy kampaniýasyny alyp barýar. 2021-nji ýylyň 10-nji awgustda täzelenen maglumata görä, 138 kompaniýa türkmen pagtasyny ulanmajagyna wada beripdir. Olaryň arasynda Amazon, Burburry, Gap Inс., Nike, Inc. ýaly belli markalar bar.

2016-njy ýylda meşhur global brendler, “Adidas”, “Espirit”, “H&M”, şeýle-de inwestorlar, biznes jemgyýetleri, kärdeşler arkalaşyklary, hem-de adam hukuklaryny goraýjy toparlardan düzülen 60 wekil Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýollap ýurduň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete alada bildirdiler. Olar Türkmenistanyň pagta pudagynda mejbury zähmeti bes etmek üçin gyssagly çäreleri görmegi haýyş etdiler:

  1. Mejbury zähmeti gadagan edýän milli kanunlary ýerine ýetirmek, şol sanda hökümetiň ähli derejelerindäki işgärlerinden raýatlary pagta meýdanlarynda işlemek üçin mejbur etmek tejribäni bes etmäne talap etmek we şeýle işe baş goşýan döwlet işgärlerini jogapkärçilige çekmek barada görkezme bermegi;
  2. Raýatlary gorkuzman, olara mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen baglanyşykly adam hukuklaryň bozulýanlygy barada habar bermäge rugsat bermegi;
  3. Pagta kampaniýasynyň (Сotton Campaign) wekilleriniň gatnaşmagy bilen 2016-njy ýyldaky pagta hasyly wagtynda mejbury zähmete garaşsyz guramanyň gözegçilik etmegine rugsat bermegi;
  4. Mejbury pagta önümçiligini we hasyl kwotalaryny bes etmek bilen, bellenen kwotalary ýerine ýetirmeýän daýhanlary we raýatlary jezalandyrmagy bes etmek, pagta pudagyndaky çykdajylarynyň we girdejileriniň maliýe aç-açanlygyny üpjün etmek, pagta satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak we ahyrynda bahalary döwlet kontrolyndan aýyrmak ýaly çäreleri bilen pagta pudagyny reformirlemäge çagyrdylar.

2016-nji ýylda “OpenDemocracy” guramasy Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete jemgyýetçiligiň ünsini çekip, bu ýagdaýy üýtgetmek üçin Halkara zähmet guramasynyň (ILO) agzalaryna ýörite çagyryş etdi.

IKEA kompaniýasy türkmen daýhanlarynyň bir topary bilen we pagtany satyjy bilen iş şertleriniň IKEA-nyň etiki dügünlerine laýyk gelýandigini ýa-da gelmeýändigine gözegçilik taslamasyny durmuşa geçirmäge synanyşdy. 2015-nji ýylda ýurduň pagta ulgamynda aç-açanlyk, aýdyňlyk boýunça özgermeleriň bolmanlygy sebäpli taslama bes edildi. 2017-nji ýylda IKEA türkmen pagtasyny satyn almakdan ýüz öwürdi.

2018-nji ýylyň maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi. 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Dünýäde adam söwdasy  hasabatynda Türkmenistanda ulular we çagalar mejbury zähmete sezewar edilýändigi bellendi.

Britaniýanyň Etiki söwda başlangyjy (Ethiсal Trading Initiative) iri kompaniýalary Türkmenistanda ödürülen pagtany ulanmaklaryny bes etmäge çagyrýar. Gurama işçileriň goraglylygyna we önümçilikde etiki düzgünleriň berjaý edilişine syn edýär.

Anti-Slavery International, Gulçulyga garşy halkara guramanyň, Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny hasabatynda tankyt edip, türkmen pagtasynyň we dokma önümleriniň hususan-da türk kompaniýalarynyň üsti bilen dünýä bazaryna çykýandygyny habar berdi. Türkmenistan dünýäde pagta öndürmekde we onuň eksportynda 11-nji ýeri eýeleýär. Guramanyň hasabatyna görä, Türkmenistan bahasy ýylda 300 million dollardan gowrak pagta we ondan öndürilen önümleri Türkiýä eksport edýär. 2020-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynda (WTO) synçy derejesini aldy

Türkmen häkimiýetleriň pozisiýasy

Türkmenistan hökümetiniň wekilleri Halkara Zähmet Guramasyna (ILO) beren jogabynda, ýurtda pagta ýygymyndaky mejbury zähmetiň bardygy hakyndaky gürrüňleriň esassyz we hakykata gabat gelmeýändigini aýdyp geçýärler. Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak ministrine göra,

  • Mejbury zähmetiň öňüni almak barada kada-kanunlara gol çekildi we praktikada hem olar amala aşyrylýar;
  • Pagta süýüminiň eksporty 2015-nji ýylda JIÖ-niň 1.8% deň bolan bolsa, 2020-nji ýylda JIÖ-niň 1%-den ybarat bolupdyr. Bulara garamazdan, pagta sektory ýurduň ykdysadyýeti üçin örän wajypdyr, sebäbi tekstil pudagy köp raýatlary iş bilen üpjün edýär;
  • Daýhanlar ýeri hökümetden 99 ýyllygyna kärendesine alyp bilýärler we tehniki enjamlary satyn almakda amatly kreditleri alyp bilýärler;

Döwlet edaralarynyň wekiller şeýle hem pagta önümçiliginiň mehanizasiýalaşdyrylmagy hakynda progresleri aýdyp geçdiler.

  • 3000-den gowrak John Deere kompaniýasynyň tehniki enjamlarynynyň satyn alynandygy bellenildi. Netijede, 2015-nji ýylda hasylyň 71% el bilen ýygnalan bolsa, 2020-nji ýylda mehanizasiýa sebäpli şo san 28% düşüpdir;
  • Daýhan birleşikleri pagta ýygymyny amala aşyrýar we olaryň umumy sany 517. Olardan 180 sanysy hususylaşdyryldy we beýlekiler hem 2025-nji ýyla çenli hususy eýeçilige geçiriler;
  • Hökümet wekilleri çykyşlarynyň soňunda Halkara Zähmet guramasy bilen işçileriň haklary boýunça hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygyny aýtdylar.

Boýkot we biznes

ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatyndaky “Goza Towels” atly kärnahasy Türkmen telekeçisi tarapyndan ýöredilýär we telekeçi 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Zähmet Departamentine resmi hat ýollapdyr. Telekeçi öz hatynda mejbury we çaga zähmetini ulanýan ýurtlaryň sanyndan Türkmenistany aýyrmagy haýyş edip, hökümetiň mejbury zähmet hakynda konwensiýalara gol çekendigini we pagta ýygymynyň mehanizasiýalaşdyrmagyny belläp geçýär. Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi we John Deere kompaniýasynyň wekili telekeçiniň getirýän faktlaryny tassyklap hat ýazypdyrlar.

Pagta pudagyny liberallaşdyran Özbegistan

2020-nji ýylyň mart aýydan başlap Özbegistan prezidentiň karary bilen pagta pudagyny we bazaryny liberallaşdyrdy. Özbegistanyň prezidenti pagta ekinleri üçin döwlet kwotlarynyň ulgamyny ýatyrmak barada karara gol çekdi, bu bolsa onlarça ýyl dowam edip gelýän pudakdaky mejbury zähmeti bes etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 6-njy martda gol çeken kararyna laýyklykda, hökümet 2020-nji ýyldan başlap pagta öndürmek we satmak üçin kwotalary ýatyrdy we döwletden ýer kärendesine alýan daýhanlara alternatiw we girdejili ekinleri saýlap erkin ösdürip ýetişdirmäge rugsat berdi.

2020-nji ýylyň hasyl möwsüminden başlap, döwletiň pagta önümçiligini, bahalary we hökmany satuw meýilnamasyny düzgünleşdirmegi ýatyryldy.

Ozal mejbury we çaga zähmetiniň ulanylmagy sebäpli özbek pagtasyna çäklendirmeler girizen Özbek hökümeti ABŞ hökümetiniň we Halkara zähmet guramasynyň  öwgüsini gazandy. Özbegistanda her ýyl pagta hasyly möwsüminde iki milliona golaý adamy işe çekýärler. Halkara zähment guramasynyň täze hasabatyna görä, Özbegistan 2020-nji ýylda pagta önümçüliginde çaga we mejbury zähmet bilen göreşi çaltlaşdyrmagy başardy.

Özbek hökümeti 2017-nji ýylda ýygymçylaryň zähmet hakyny ep-esli ýokarlandyrdy. Özbek pagtasynyň abraýyny ýokarlandyrmakdan başga-da, resmileri bu özgertmeler daşary ýurt maýadarlaryň ünsüni çeker diýip umyt edýärler.

Responsible Sourcing Network (RSN) we pagta kampaniýasy (Cotton Сampaign) ) Özbek hökümetini pagta pudagynda mejbury zähmeti bes etmek baradaky ýokary derejeli syýasy borçnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlaýar, ýöne mejbury zähmet töwekgelçiligi ýokary bolmagynda galýar diýip belleýär.

Guramanyň aýtmagyna görä, Özbegistanda bolup geçen möhüm özgerişlikler ruhlandyrsa-da, mejbury zähmeti bes etmek boýunça işler henizem doly durmuşa geçirilmedi. RSN pagta kampaniýasynyň Özbegistan üçin Özgertmeleriň ýol kartasyny doly goldaýar. Ýol kartasy ulgamlaýyn mejbury zähmeti bes etmek, özgertmeleri durmuşa geçirmek we raýat jemgyýetine goldaw bermek üçin möhüm çäreleri maslahat berýär; pudakda galan hukuk bozulmalary ýok etmek we reformalary dowam etdirmek üçin ähli möhüm we goşmaça ädimleri belleýär. Häzirki wagtda 300-den gowrak global moda markalary özbek pagtasynyň boýkotyna gol çekdi. Adam hukuklaryny goraýan Özbek Forumynyň “Daşkentiň özgertmeleri entek bize ýetmedi” – Özbegistanyň 2019-njy ýyldaky pagta hasylynda mejbury zähmet bilen göreşde tamamlanmadyk işi, atly hasabaty mejbury zähmeti ýok etmekdäki özgertmeleri we bolan kynçylyklary görkezýär. Hasabatda Prezident Şawkat Mirzoýewiň kän öwülýän reformalary şu wagta çenli düýpli syýasy özgertmelere eltip bilmedi diýip bellenilýär.

Makaladaky surat

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: