Progres.Online

Türkmen gaz pudagynyň pessimistik, realistik we optimistik ösüş senariýalary

“Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä tebigy gaz bazarynda esasy üpjün edijileriň biridir, şeýlelikde ýurduň bäsdeşlik derejesini we ornuny öwrenmek möhümdir” diýip, täze barlaglaryň awtorlary belleýärler. Barlagyň maksady ýurduň gaz pudagynyň ösüş strategiýasyny çaklamaga synanşykdyr. Bu maksada ýetmek üçin barlagçylar ilki bilen: (1) Türkmenistanyň dünýä gaz bazaryndaky ornuna we nebit-gaz pudagynyň gurluşyna; (2) Türkmenistanyň eksportynda gazyň paýyna seredýärler. Soň bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň derejesiniň JIÖ (Jemi içerki önüm) bilen aragatnaşygana synlaryny berýärler. Öňki çemeleşmelerden tapawutlylykda barlagçylar statistiki maglumatlary hem-de taryhy, ulgama degişli maglumatlary ulandyrlar.

 Bu barlag hemmetaraplaýyn SWOT (pudagyň guýçli, gowşak taraplary, mümkinçilikleri we abanýan howplaryň) analiziny geçirmäge mümkinçilik berdi. SWOT derňewiniň esasynda pudagy ösdürmegiň üç senarisi işlenip düzüldi: pessimistik, realistik we optimistik senariýalary. Awtorlara görä, Türkmenistanyň syýasatçylary senariýalaryň esasynda gaz pudagynyň ykdysady we sosial faktorlaryň täsirini göz öňünde tutup pudaklaýyn ösüş strategiýasyny döredip bilerler.

Maslahatlar: Awtorlara görä, syýasatçylar türkmen ykdysadyýetinde has köp diwersifikasiýa şert döretmek üçin, daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny we derejesini ýokarlandyrmak üçin bir näçe çäreleri görmelidirler. Meselem, adam resurslaryny gowulandyrmak, aç-açan ykdysady syýasaty alyp barmak we gaz eksporty bilen baglanşykly däl ykdysady pudaklaryň ösmegine ýeňillikleri döredip, ol pudaklara maýa goýumlary höweslendirmek ýaly çäreleri teklip edýärler. Şeýle çäreler bilen Türkmenistan iň bolmanda milli ykdysadyýetiň tebigy baýlyklaryň eksportyna doly garaşlylygyny ýok edip umumy ykdysady ösüşe oňyn täsir edip biler. Bu bolsa, barlagyň alan netijelerine görä, potensial daşary ýurt maýadarlarynyň arasynda ýurduň özüne çekijiligini ýokarlandyrar.

Çeşme: Turkmenistan’s gas sector development scenarios based on Econometric and SWOT analysis, May 11, 2021 / Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: