2020-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-daky Roxell kompaniýasy Türkmenistandaky “Nurly Meýdan” kärhanasynyň towuk fermasyna broýler sistemasyny gurnap berendigini aýtdy. Türkmen kärhanasy 2019-njy ýylda Roxell-e ýüz tutup bir ýylyň içinde amerikanlaryň kömegi bilen alty sany towuk fermasyny gurnapdyr. “Nurly Meýdan” şeýle hem Belgiýanyň “Petersime” kärhanasynyň hyzmatdaşlygynda bir ýylyň dowamynda 12 million ýumurtga öndürýän tehnologiýa eýe bolupdyr.
“Nurly Meýdan” daýhan hojalygy bir ýylyň dowamynda 8 müň tonna towuk etini öndürýär we ýurduň dürli künjeklerinde önümlerini satýar. Bu ferma Türkmenistandaky birnäçe söwda nokatlary bilen iş alyp barýar we olara ýylda bäş tonna gowyrak towuk etlerini ugradýar. “Nurly Meýdan” öz önümlerini satmak üçin “Bereketli”, “Kämil Market”, Hojalyk Jemgyýetleriniň dükanlary, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň welaýatlardaky bölümleri bilen şertnama baglaşypdyr.
Bu daýhan hojalygy gelejekde öz önümçilik ukybyny 2 esse artdyrmak maksady bilen “ROSS-308” atly et üçin ýetişdirilýän mäkileri Wengriýaly kompaniýadan satyn aldy. Towuklaryň bu tohumy beýleki towuklara garanda, has köp ýumurtga bermäge we has çalt derejede semremäge bolan ukyplary bilen tapawutlanýar. Şeýle towuklaryň ulanylmagy netijesinde, towuklaryň agramy soňky 60 ýylda 4 esse ulalypdyr.
Türkmenistanda iri towuk fermalary gerekmi?
Towuk fermalarynda uly mukdarda et we ýumurtga öndürilýänligi sebäpli, olaryň bahasy arzan bolýar. Türkmenistanlylaryň aýda sowýan pulunyň 52%-i iýmit önümlerine sowulýanlygy sebäpli, amatly bahadan towuklaryň öndürilmegi halk üçin örän peýdaly bolup durýar. Emma, oňa garamazdan, fermalarda guşlaryň saklanyş şertlerini kontrol etmek baradaky kada-kanunlaryň (arassaçylyk, haýwanlara rehimli çemeleşme, towuklaryň iými, ulanylýan dermanlar) näderejede berjaý edilýädigi barada soraglar döreýär. Taryhy nukdaýnazardan iri fermalaryň döremegi kiçi fermalaryň dargamagyna hem getirýär.
Iri guşçulyk hojalyklardaky şertler baradaky iri hasabatlar
Kiçi we dar: Peta guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, towuk etini çalt öndürmek we satmak niýeti bilen gurulýan iri towuk fermalarynyň içi kiçi we dar bolýar. Ol fermalarda müňlerçe we on müňlerçe towuklar ýaşaýar we olaryň saklaýyş şertleri agyr bolýar: towuklar strese girip, birek biregi çokjalap başlaýarlar we käwagt birek birege şikes ýetirip, olaryň ölümine hem eltip bilýär.
Hapaçylyk we keseller: Şeýle dar fermalarda, towuklaryň arasynda hapaçylyk we kesel hem ýaýrap bilýär. Fermalardaky towuklar hemişe ammiak we beýleki tozanlardan we maddalardan dem alýandyklary sebäpli, towuklaryň köpüsi dem alyş kesellerini we bakteriýa ýokançlyklaryny öz içine alýan saglyk kynçylyklaryndan ejir çekýärler. Ammiak – bu zibilde döreýän bakteriýalaryň netijesinde ýüze çykýan gazdyr. Arassaçylyk düzgünlerini berk saklap wentilýasiýa arkaly ammiagyň mukdaryny azaltmak mümkindir.
Antibiotik serişdeleri: Peta-nyň bellemegine görä, fermadaky towuklaryň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin guşlara antibiotik serişdeleri hem berilýär. Antibiotik kiçi dozada uzak wagtlap berilende towuklarda antibiotiga durnuklylyk döreýär. Adamlar ol towugy iýende haýwandaky bakteriýalar hem adamlara geçip bilýär.
Genetiki seçim: Alymlaryň maglumatlaryna görä, towuklaryň gysga wagtda we emeli şekilde ulaldylmagy üçin genetiki seçim hem ullanylýar. 1957 we 2005-nji ýyllar arasynda towuklaryň göwrümi 400% ulalypdyr. Ol ösüşiň 85-90% genetik seçimiň netijesinde we galan bölegi bolsa towuklara berilýän iýimleriň üýtgemegi netijesinde amala aşypdyr. Bu sanlar netijelilik we girdeji üçin gowy ýaly görünse-de, towuklaryň saglyk we saklanyş şertleri üçin, adamyň saglygy üçin amatly däldir. Meselem, genetiki seçimiň we çalt semiremegiň netijesinde towuklarda ýürek damar keselleri döräp olaryň duýdansyz ölmelerine sebäp bolýar; aýaklaryň bozulmagy we süňkleriň deformasiýasy, aýagyň gowşaklygyna we maýyplygyna sebäp bolýar; towuklaryň uzak wagtlap gymyldaman oturmagy, ýatmagy ýaly ýagdaýlar deri keselleriniň döremegine hem sebäp bolup bilýär.
Gözenekde saklanmak: The Humane Society guramasynyň habar bermegine görä, käbir ýurtlardaky fermalarda towuklar kiçi gözenekde saklanylýar. Bu giňden ýaýran tejribe towuklaryň saglyk we saklanyş şertleri üçin zyýanly bolup durýar.
Çüňklerini aýyrmak tejribesi: British Hen Welfare Trust guramasynyň habar bermegine görä, içi dar bolan fermalarda towuklar birek biregi çokup beýleki towuklara şikes ýetirýärler we onuň netijesinde birek biregi öldürip hem bilýärler. Towuklar ölmesin diýip, fermanyň eýeleri olaryň çüňkleriniň uçlaryny kesip aýyrýarlar we ol hem bedeniň duýgur ýeri bolany üçin, towuklar üçin agyryly bir ýagdaýdyr. Bu rehimsiz hereketleri azaltmak üçin käbir fermalar towuklary has açyk we giň meýdanda saklaýarlar. Netijede, towuklar has tebigy şekilde öndürülýär we çüňkleriniň uçlaryny kesmäge hem zerurlyk bolmaýar.
Towuklaryň hukuklary: Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň ilaty haýwanlaryň haklary, saklanyş şertleri bilen ýakyndan gyzyklanyp we talap edip başlandyklary üçin, Ýewropa Bileleşigi towuk fermalarynyň işini kadalaşdyrýan birnäçe kanunlara gol çekdi. Talaplaryň içine fermalardaky arassaçylyk we gigiýena, towuklaryň gowy şertlerde saklanmagy we olara gowy ideg etmek ýaly çäreler girýär. Şeýle hem fermalarda weterinar tarapyndan birgiden gözegçilikler alnyp barylýar. Ýewropaly müşderiler bilen geçirilen soragnamanyň netijesine görä, ilatyň ýarsyna golaýy iýýän naharynyň “sustainable” (oba hojalygyň durnukly usullary bilen öndürilen) bolmagynyň tarapdary. Şeýle hem ilatyň 40% et iýmegini doly taşlapdyr ýa-da azaldypdyr.
Siz alyjy hökmünde öz gapjygyň, puluň bilen ses berip, öz halaýan towuk fermalaryň önümlerine bolan islegi artdyrýarsyňyz. Siz şeýle iri guş fermalaryň açylmagyny goldaýarsyňyzmy? Näme üçin?