20-nji asyryň iň meşhur diktatorlarynyň biri Benito Mussolini zalym lider bolan hem bolsa, “onuň döwründe iň bolmanda otlular wagtynda hereket edýärdi” ýaly gürrüňler giňden ýaýran. Diktatorlar köplenç rehimsiz, ýöne iş bitirmekde başarjaň hasaplanýarlar. Ýurtlaryň Jemi Içerki Önüminiň (JIÖ) mukdary baradaky resmi maglumatlar bu pikiri goldaýar: 2002-nji ýyldan bäri awtokratik ýurtlarda resmi taýdan habar berilýän ortaça ykdysady ösüş demokratik ýurtlaryňkydan iki esse ýokary bolupdyr.
Hakykatda bolsa, Mussolininiň ýolbaşçylygynda otlular köplenç gijä galýardy we diktatorlaryň ykdysadyýeti dolandyryşy olaryň aýdyşy ýaly kuwwatly däldir.
Täze ylmy gözleg awtokratlaryň öz ýurtlarynyň ykdysady ösüşini çendenaşa çişirýändigini görkezdi.
Ykdysatçy Luis Martinez şu aýda çap ediljek makalasynda diktator häkimiýetli ýurtlaryň JIÖ-siniň ösüş hasabatlaryny derňedi. Munuň üçin ol ilki bilen sputnikler (emeli hemralar) arkaly ölçenen we JIÖ-niň esasy görkezijilerinden biri bolan ýurtlaryň gijeki yşyklarynyň ýagtylygy barada maglumat toplady. Soňra ony “Freedom House” analitiki merkeziň döwletleriň syýasy ulgamy baradaky maglumatlary bilen birleşdirdi.
Netije: Diktatorlaryň öz ýurtlarynyň JÖM ösüşi barada beren hasabatlary sputnik suratlarynyň görkezen ösüşinden has ýokary bolup çykdy. Muny ol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň beýleki döwletleriň dürli senagatlaryna esaslanýandygy ýa-da ilatlarynyň ortaça girdejisiniň pesligi bilen düşündirip bolmady.
Maglumatlardaky üýgeşik sanlar munuň sebäbiniň manipulýasiýadygyny görkezýär. Martinez sputnik maglumatlary bilen JIÖ hasabatlarynyň arasyndaky tapawudyň tä diktatorlaryň daşardan haýsydyr bir kömek alyp bilmejek derejede baýaýançalar ýüze çykmandygyny we diňe hökümetleriň pul ýitirmedik mahaly ýüze çykandygyny öwrendi. Sanlardaky durnuksyzlyk JIÖ-niň aňsatlyk bilen galplaşdyryp bolýan böleklerinde (maýa goýumlary, hökümet çykdajylary we ş.m.) has kän duş geldi we bu durnuksyzlyk haçanda ýurduň ösüşi beýleki ýurtlaryňkydan peselende has-da ýokarlandy. Şeýle-de, döwletler diktatorlyga ýakynlaşanda hasabatlaryndaky sanlar hem şübhelendiriji derejedelere çykdy ýa-da diktatorlykdan daşlaşanlarynda az şübhelendiriji derejelere düşdi.
Hasabat berlen we çaklanylan JIÖ-niň ösüş derejesindäki aratapawut uly çykdy. Beýleki alymlar hem şuňa meňzeş baglanyşyklaryň üstüni açypdy, ýöne Martinez 2013-nji ýyla çenli ýygnalan sputnik maglumatlaryny ulanyp, takyk sanlary kesgitledi: 2002-2021-nji ýyllar aralygynda “erkin däl” ýurtlarda umumy JIÖ-niň ösüşi takmynan 147% -den 76%-e çenli peselipdir.
Meseläniň düşündirişi örän ýönekeý: mümkinçilik we höwes. Diktatorlygy diktatorlyk edýän zatlaryň biri-de hökümet syýasatyny tankytlamak howply bolýar. Şeýle hem, awtokratik häkimiýetlerde ösüşi durnukly diýip habar bermäge güýçli ymtylyş bar. Çünki ýurtlarynda dowamly ösüşiň ýoklugy diktatorlaryň ukypsyzlygynyň ýa-da ejizliginiň alamaty hasaplanyp bilner we bu diktatorlaryň hiç wagt kabul edip bilmejek zady.
Awtokratyň garamagyndakylar hem meňzeş maksatly bolýarlar. Ylmy barlagçy Jeremy Wallace Hytaý welaýatlarynyň hem nädogry hasabatlary berýändigini ýüze çykardy: 2007-nji ýylda ABŞ-nyň diplomatik edarasynyň syzdyran maglumatyna görä, öňki welaýat partiýasynyň sekretary we häzirki premýer-ministr Li Keqiang JIÖ-niň görkezijileriniň “diňe salgylanmak üçin” maglumatdygyny we oňa derek elektrik sarp ediş ýaly gytaklaýyn maglumatlara bil baglaýandygyny ýylgyryp aýdypdyr.
Baştutanlary ýaly, diktator döwletleriň raýatlary hem köplenç aýdylýan zatlara gümanly garaýarlar. Şonuň üçin daşardaky adamlar hem diktatorlyklara şübheli çemeleşmeli.
Çeşme: The Eсonomist