Progres.Online

Sen salgyt töleýärmiň?

Hökümetler tarapyndan raýatlara salynýan salgytlar birnäçe asyrlar bäri dowam edip gelýän, döwlet bilen raýatyň aragatnaşygyny düzgünleşdirýän sistemadyr. Salgytlardan döwlete gelýän girdeji arkaly hökümetler raýatlara hyzmatlary hödürläp meselem, polisiýa gullugy, okuw we saglyk sistemasynyň zerurlyklaryny, pensiýalary, döwlet kömek töleglerini we ilatyň bähbidine gurulýan infrastruktura işlerini maliýeleşdirýär. Birnäçe ösen ýurtlaryň döwlet girdejisiniň esasy çeşmesi salgytlardan ýygnalýan pullardan ybaratdyr.

Osen ýurtlarda salgyt tölemek her bir girdeji gazanýan raýatyň borjy bolup, salgyt ýygnaýan edaralar ýygnalan salgydyň mukdary barada ilata açyk maglumat berýär. Salgydyň haýsy görnüşinden näçe girdeji edilenini köpçülik bilen paýlaşýlyp, sanlar döwletiň býujetinde hem görkezilýär. Netijeli gurnalan salgyt sistemasy aç-açan, salgytlar aňsat tölenip hasaba alynýan bolýar.

Umuman, tölenýän salgytlar 3 sany uly kategoriýa bölünýär:

  1. Gazanan puluňa tölenýän salgyt, şahsyýetleriň aýlyklary we beýleki girdejileri, şol sanda kärhanalaryň girdejileri.
  2. Satyn alan harytlaryň üçin tölenýän salgyt, goşulan baha üçin salgyt.
  3. Emläk we beýleki eýeçilik üçin tölenýän salgytlar.

Girdeji üçin tölenýän salgytlar

Şahsyýetleriň girdejisine degişli salgytlar 2 görnüşli topara bölünýär:

  1. Tekiz salgyt stawkasy – gazanjyna garamazdan hemme kişiniň töleýän salgydynyň göterim derejesindäki stawkasy deň. Meselem, salgyt 10% bolsa, 1000 manat gazanan hem 10%, 1 million manat gazanan hem girdejisiniň ujundan 10% töleýär.
  2. Progressiw salgyt stawkasy – gazanýan puluň näçe artdygyca salgydyň göterim derejesi hem şonça artýar. Meselem, aýlyk 1000 manat gazanan 10%, 2000 manat gazanan 25% we 5000 manatdan köp gazananlar 30% we ş.m stawkalar.

Gazanjyňa salynýan salgyt

Türkmenistandaky salgyt sistemasy tekiz salgyt stawkasyna görä kesgitlenilýär, ýagny işgärleriň gazanýan puluna we aýlyklarynyň mukdaryna garamazdan hemme kişi üçin 10% (“Salgytlar hakynda” kanun, 192-nji madda). Ýagny, 1000 manat aýlyk alýan adam aýlygynyň ujundan her aý 100 manady hökümete tölemeli. Işgäriň işleýän kärhanasy her aýlyk geçireninde 10% salgydy awtomatiki şekilde aýlygyň ujundan saklap alýar.

Kärhanalaryň töleýän salgytlary

Edaralar bolsa eýeçilik görnüşine baglylykda 2% we 20% aralygynda her çärýekde hökümete salgyt töleýärler. Daşary ýurt kärhanalary Türkmenistanyň çäginde alan girdejileriniň ujundan 20%, ýerli türkmen kärhanalary bolsa girdejileriniň 8%-ni salgyt görnüşinde töleýärler (172-nji madda). Eger türkmen kärhanasy orta we kiçi göwrümli bolsa, onda olar girdejiniň ujundan 2% salgyt tölemeli. Eger türkmen kärhanasynyň eýeçiliginiň 50%-den köpüsi döwlete degişli bolsa, onda olaryň girdejisinden 20% salgyt alynýar. Şeýle hem, eger kärhana nebit we gaz amallary bilen meşgullanýan bolsa, onda kärhananyň eýeçiligine we göwrümine bagly bolmazdan olardan 20% salgyt alynýar.

Telekeçiler şeýle hem goşmaça patent tölegini tölemeli, ýagny telekeçilik işinden alnan girdeji salgydy. Onuň möçberi umumy girdejiniň 2% we her ýarym ýyldan tölenmeli. Dini guramalar, oba hojalyk kärhanalary, halkara, hökümetara, döwletara guramalar edýän girdejilerinden salgyt tölemeýärler (170-nji madda).

Müşderileriň satyn alan harytlary üçin tölenýän salgytlary

Sarp edijiler, ýagny müşderiler haryt we dürli hyzmatlary satyn alanlarynda harytlaryň bahalaryna goşmaça 15% salgyt goşulýar (103-nji madda). Türkmençe bu görnüş salgytlara “goşulan baha üçin salgyt (GBüS)” (95-nji madda) diýlip atlandyrylýar. Meselem, eger bir harydyň bahasy 10 manat bolsa, diýmek onuň 1.5 manady salgyt hökmünde hökümede tölenýär. Satyjylar haryda baha goýanlarynda özleri hasaplap 15% salgydy hem baha goşýarlar we her satan harydyndan 15% hökümede töleýärler. Emma alkogol içgileri, temmäki önümleri we benzin ýaly harytlaryň satuwynda has uly möçberde salgytlar alynýar (119-njy madda). Olaryň mukdaryny aşakdaky tablisada görüp bilersiňiz.

Goşmaça salgytlar:

  • Eýeçilik hukugy esasynda bar bolan emläkler üçin aýratyn salgyt tölenýär we onuň mukdary 1% (141-nji madda);
  • Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin girdejiniň 0.3% (kärhana) ýa-da iň azyndan 5 manat (şahsyýetler) (208-nji madda);
  • Pensiýa ätiýaçlandyrmasy (44-nji madda): Iş beriji edara her işgäriniň aýlygynyň mukdaryndan 20%-ni pensiýa üçin töleýär. Işgärler bolsa meýletin şekilde töläp bilýärler;
  • Saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy (44-nji madda);
  • Mahabatlandyrma üçin ýygym – 3%, 4%, 5% ýerleşýän ýerine baglylykda (kärhanalar);
  • Aşgabat şäherini ösdürmek: girdejiniň 0.5% (kärhanalar);
  • Oba hojalygy ösdürmek: girdejiniň 3% (kärhanalar);
  • Goşmaça töleg (aksiz): harydyna baglylykda (kärhanalar);
  • Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt: peýdaly magdanlara baglylykda (kärhanalar).

Goňşy ýurtlarda ýagdaýlar nähili?

Gazagystanda şahsyýetleriň girdejilerinden we aýlyklaryndan tölenýän salgyt hem tekiz salgyt stawkasyna görä kesgitlenilýär we alynýan salgytlaryň möçberi gazanýan puluň mukdaryna garamazdan hemme kişi üçin aýlyk gazanjynyň 10%. Bu salgydyň dolandyrylşy we mukdary Türkmenistandaky salgytlar bilen deň derejededir. Käbir ýagdaýlarda şahsyýetler girdejisiniň 20%-ni salgyt görnüşinde tölemeli, ýöne bu gaty seýrek gabat gelýär. Kärhanalar bolsa, öz girdejilerinden her ýyl 20% möçberinde salgyt tölemeli. Salgytlar barada jikme-jik maglumatlary Döwlet girdejisi boýunça komitetiniň saýtynda öwrenip bolýar.

Russiýadaky salgyt sistemasy 2021-nji ýyldan başlap progressiw salgyt stawkasyna geçdi we 5 million ruble çenli gazanýan şahsyýetler aýlyk girdejiniň 13%-ni, we mukdardan ýokarda gazanýanlar bolsa 15% salgyt tölemeli. Russiýada kärhanalar her ýyl öz girdejileriniň ujundan 20%-ni hökümede töleýärler. Salgytlar barada jikme-jik maglumatlaryny Federal salgyt gullugynyň saýtynda öwrenip bolýar.

Biziň synlarymyz

Şu wagt Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň Salgyt Müdiriýetiniň websaýtynyň baş sahypasynda salgytlar barada ilat we telekeçiler üçin iň wajyp bolan salgyt görnüşleriniň möçberleri we maglumatlary ýerleşdirilmedik. Maglumatlaryň aňsat we düşnükli şekilde ilata elýeterli bolmagy has köp raýatlaryň öz salgyt hukuklaryndan we borçlaryndan habardar bolmagyna kömek eder. Bu bolsa ilatyň sowatlylygyny, habardarlygyny ösdürer we döwletiň girdejisini artdyrar.

Salgyt müdiriýetiniň saýtynda işgärleriň we telekeçileriň näçe mukdarda we haýsy görnüş salgytlary tölemelidiginiň jikme- jikleri berilmedik. Her ýylda hökümetiň näçe mukdarda salgyt çöpleýändigini, girdejiniň haýsy salgytlardan gelýändigini görkezýän tablisa we diagramma görnüşinde çykarylan maglumatlar raýatlara örän peýdaly boljak. Kän soralýan soraglara jogaplary çalt tapyp bolar ýaly “sorag-jogap” bölümi döredilmeli. Ýylda ýygnalýan salgytlaryň Türkmenistanyň JIÖ-niň näçe göterimine deňdigine degişli sanlar çap edilmeli.

Türkmenistanda şahsyýetleriň töleýän salgytlary

[wpdatatable id=3]

Tablisa makalanyň awtory tarapyndan döredilen

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: