Progres.Online

Näme üçin türkmen dilinde analitiki makalalar juda az?

Soňky 30 ýylyň dowamynda türkmenistanly stundentler ýurduň içinde we daşynda bilim alýarlar. ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda jemi 44 334 sany, dünýäniň 36 ýurdunda okap ýören türkmenistanly studentler bardy.  Muňa garamazdan, türkmen dilinde we başga dillerde Türkmenistan barada ýazylýan analitiki makalalaryň sany juda az. The Economist žurnalyna görä, Türkmenistan ylmy-barlag işleriniň “çölleşen ýurdudyr”, ýagny Türkmenistana degişli ýazylýan ylmy makalalaryň sany ýurduň  resmi girdejisine (JIÖ) görä örän azdyr diýip belleýär.  Meselem, 1990-2019-njy ýyllar arasynda ykdysadyýet barada ýazylan ylmy makalalaryň içinde ýurduň ady bary-ýogy 0,01% gezek agzalyp geçipdir (91 makala). Awtorlaryň bellemegine görä, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň göwrümine görä onuň ady ylmy makalalarda iň azyndan 4 esse köp agzalyp geçilmäge ukyby bar.

Analitiki pikir ýöretme näme?

Analitiki makala “habaryň beýäny” däldir. Analitiki makala meseläniň bir tarapyny görkezmän, ähli taraplaryny seljerýär, analiz edýär we obýektiwlige ymtylýar. Analitiki makalada “logika” we logika esaslanan pikirleniş we delillendirme sistemasy ulanylýar. Siz ýönekeýje faktlary sanaman ýa-da wakalary sypatlandyrman, eýsem olaryň jikme-jiklerini (analiz eden) ýagdaýyňyzda şeýle makala döreýär. Şahsyýetiň analitiki  pikir ýöretme, tankydy pikirlenmek  we problemalara çözgütleri hödürlemek ukyplary onuň ýaşaýan jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň we medeniýetiniň täsiri astynda bolýar.

Analitiki pikirlenmegiň iň möhüm komponentleriniň biri tankydy pikirlenmek endigidir. Tankydy pikirlenmek – bu islendik bir maglumaty, habary berilşi ýaly kabul etmän, ony tankydy süzgüçden geçirip subutnamalaryny seljermekden ybarat bolýar. Gynansakda, biziň medeniýetimizde konstruktiw tankydy pikirlenme ýeterlik derejede ösmedik. Biziň jemgyýetimizde adam öz pikirlerini beýan edende, ol uýtgeşik pikir edýän söhbetdeşiň pikirini däl-de, söhbetdeşiň şahsyýetini tankytlamaga ähli güýjüni gönükdirýär.

Analitiki pikirlenmegiň ýene bir möhüm bölegi meseläni çözmek we durmuşy problemalara çözgüt hödürlemek ukybydyr. Durmuşy meseleler barada zeýrenip, tankyt etmegi hemme kişi başarýar, emma islendik problemanyň düýp sebäplerini gözläp, öwrenip, dogry soraglary berip, oňa çözgüt hödürlemek jemgyýetiň düşünjesiniň özgermegine we ösüşüne has peýdalydyr.

(Bolup biljek) Sebäpler

  • Intellektual ösüş we erkinlik üçin minimal derejede söz azatlygynyň, dürli sosial we ykdysady ugurlaryndan garaşsyz barlaglary geçirmäne, öwrenmäne mümkinçilikleriň bolmazlygy. Freedom House guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda akademiýada erkinlik örän uly derejede çäklendirilen we syýasy taýdan duýgur bolan temalarda ylmy-barlag işlerini gurnamak we geçirmek örän kyndyr. Şeýle hem, daşary ýurtlarda okap gelen studentleriň diplomlaryny tassyklamakda birnäçe emeli böwetler döredilýär. Daşary ýurtda okap gelen studentler döwlet edaralarynda uly kynçylyk bilen iş tapýarlar.
  • Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň web sahypasyndaky maglumatlara görä, gurama tarapyndan 4 sany ylmy žurnal çap edilýär, ýöne olaryň aglaba bölegi taryh, edebiýat we ýurduň bitaraplygyna degişli ýazgylar bolup durýär. Fizika, biologiýa, himiýa we matematika ýaly takyk bilimler ugurlaryndan ylmy-gözlegleriň artmagy ýurtda ylmyň ösüşine has peýdaly bolup biler. Meselem, Gazagstanyň Ylymlar Akademiýasynda takyk bilimler ugurlaryna degişli temalaryň sany örän köpdür we muňa degişli 8 sany ylmy žurnallary çap edýärler.
  •  Gynansakda, Ylymlar Akademiýasynyň web sahypasyndaky maglumatlara görä, Akademiýanyň daşary ýurt, halkara ylmy institutlar bilen hyzmatdaşlyk edýändikleri barada maglumat berilmeýär.  Türkmenistanda daşary ýurduň uniwersitetleriniň bolmazlygy we ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň ýoklugy tejribe almaga we maglumatlaryň erkin akymyny bökdeýär. Bu bolsa intellektual erkinligiň, erkin döredijiligiň esasy şertleridir;
  • Türkmenistanyň ÝOJ-ynda ylmy işleriň maliýleşdirilmegi pes derejede alnyp barylýar;
  • Ministrlikleriň  statistika sanlarynyň elýeterli bolmazlygy ýurt boýunça “researсh, barlag işleri, исследовательские работы” geçirme islegini, mümkinçiligi aradan aýyrýar;
  • Günbatar we Ýewropa ýurtlarynyň diplomyny alan ýaşlaryň döwlet guramalarynda işe alynmazlygy. Meselem, Gazagystanda döwlet “BOLASHAQ”  bilim programmasy arkaly her ýyl müňläp studentleri daşary ýurduň iň gowy uniwersitetlerinde okadyp, olara stupendiýa berýär. Kontraktda ýazylýan talapa görä, studentler okuwy gutaransoňlar iň azyndan 3 ýyllap döwlet edaralarynda işlemeli bolýarlar;
  • Ýurtda we ýurduň daşynda türkmen dilinde analitiki ýazyjylygy öňe sürýän programmalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bolmazlygy;
  • Türkmenistanly ýaşlaryň diňe kompýuter, programmirowaniýa we inženerlik bölümlerinde okamaga ýykgyn etmekleri we sosial bilimleri “olary okasaň gazanç ýok” sebäpli äsgermezlik;
  • Döwlet guramalarynda “analitik” iş orunlarynyň bolmazlygy;
  • Türkmenistanly ýaş hünärmenleriň daşary ýurtda okap, işläp ol ýerlerde galmaklary uly depginde dowam edýär we şo sebäpden Türkmenistan “beýnileriň syzylmagyndan” uly derejede zyýan çekýär. Ukyply ýaşlaryň özlerini ýurduň geljeginde görmezligi olarda ruhyçökgünligi döredýär we olar başga ýurtlaryň jemgyýetleriniň ösmegine goşant goşmagy saýlaýarlar we ol ýerlerde iş tapyp galýarlar.

Analitiki makalalary ýazmak nämä gerek? Maňa näme peýdasy bar?

Türkmen jemgyýetini, taryhyny, ykdysadyýetini, ylym-bilim sistemasyny seljerýän analitiki makalalaryň ýazylmagy jemgyýetiň özgermegi, ösüşi üçin örän ähmiýetlidir. Jemgyýetdäki we ykdysadyýetdäki problemalar analitiki şekilde süzgüçden geçirilmese,  problemalara  netijeli çözgütleri tapmak örän kyn bolar. Geçmişde goýberilen ýalňyşlary seljermek arkaly bolsa gelejekde we şu zamanda şol ýalňyşlar täzeden göýberilmez ýaly olar analitiki şekilde öwrenilmeli, öwredilmeli we ara alyp maslahatlaşylmaly. Jemgyýetdäki we ykdysadyýetimizdäki bolýan hadysalar we ýagdaýlar  hemmelere öz täsirini ýetirýär.

Men analitiki pikir ýöretmäni nädip kämilleşdirip bilerin?

  • Dürli çeşmeleriň Türkmenistana degişli habarlaryny oka.  Seniň dünýägaraşyňa, düşünjeleriňe gabat gelmeýän habalary hem doly oka.  Habarlary we başga adamyň pikirlerini teswirlemek ýaly analitiki endikleri talap edýän gürrüňdeşliklere gatnaş;
  • Senden uýtgeşik, başgaça pikir edýän adam bilen (medeniýetli) söhbetdeş bol. Jogaplaryňy “ýok, bu ýalňyş” diýip tamamlaman, logika görä, delillendirip düşündirişli jogap bermäne çalyş;
  • Türkmen dilinde ýazylan analitiki makalalary paýlaş we dost-ýarlaryň bilen pikir alyş;
  • Analitiki we tankydy pikirlenmegi öwredýän onlaýn kurslara ýazyl. Meselem, Coursera platformasynda olaryň birnäçesi hödürlenýär;
  • Türkmenistan boýunça  ylmy gözleg işlerini geçir, netijelerini paýlaş;
  • Türkmensitanyň tejribesini başga ýurtlar bilen deňeşdir, seljer we maslahat ber;
  • Öz gyzyklanýan ugruňda işleýän hünärmenlerden maslahat sora we mentorçylygy, halypaçylygy gözle.

Seniň pikiriňçe, näme üçin türkmen dilinde analitiki makalalar juda az?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: