Sebitde mikromaliýe hyzmatlarynyň artýandygyna garamazdan, Türkmenistanda mikrokreditler barada açyk maglumatlar paýlaşylmaýar.
Merkezi Aziýada mikromaliýe hyzmatlarynyň bazary ösüş potensialyna eýe, emma hemme ýerde deň derejede ösmeýär, diýip “Робокэш.кз” mikromaliýe guramasynyň analitikleri belläp geçýär. Hünärmenler açyk çeşmelerden alnan maglumatlary öwrendiler we sebitdäki mikrokreditleriň gelejegine baha berdiler.
Mikromaliýe guramalary kiçi biznese, hususy telekeçilere kiçi mukdarda we pes göterim bilen karz berýärler (mikrokredit). Şeýle maliýe kömegini berýän guramalar, meselem, banklardan kredit almakda kynçylyk çekýän ýa-da az möçberde karz pul almak isleýän şirketlere we telekeçilere ýardam bermek bilen meşgullanýarlar.
Türkmenistan
2011-nji ýylda Türkmenistanda “Mikromaliýe Guramalary we Mikromaliýeleşdirme” hakynda kanuna gol çekildi. Bu kanuna görä, mikromaliýe guramasy – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna laýyklykda mikromaliýe hyzmatlaryny bermek boýunça işi amala aşyrýan bank däl karz edarasydyr. Muňa garamazdan ýurtda mikromaliýe guramalarynyň sany, karz bukjasy, karz alanlaryň sany we näçe göteriminiň aýal gyzlardan ybaratdygy hakynda açyk maglumatlar paýlaşylmaýar. Statista çeşmesine görä, 2023-nji ýylda bank hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany ilatyň 61.1% bolup, 2022-nji ýylda onuň göterimi ilatyň 58% eken. Bu bolsa Türkmenistanda ilat arasynda maliýe önümlerine we hyzmatlaryna bolan islegiň artýandygyny görkezýär.
Gazagystan
2024-nji ýylda Gazagystanda resmi taýdan hasaba alnan 227 sany mikromaliýe guramalary iş alyp barýarlar we bu san boýunça Gazagystan Merkezi Aziýada iň öňdebaryjy ýurt hatarda. Ýurtdaky mikromaliýe guramalarynyň umumy karz bukjasy 2.8 milliard dollara ýetdi. Soňky bäş ýarym ýylda Gazagystanda karz almak üçin mikromaliýe guramalaryna ýüz tutanlaryň sany 300 müňden kişiden 1.6 milliona artdy.
Gyrgyzystan
2024-nji ýylda Gyrgyzystanda 113 sany mikromaliýe guramalary ilata hyzmat berýärler. Olaryň umumy kredit bukjasy 154 million dollara barabar. Bu guramalardan kredit alýanlaryň sany 400,000 ýetýär we her ýyl ortaça 6.5% artýar. Gyrgyzystanda mikromaliýe guramalardan kredit alýanlaryň 56 göterimi zenanlardyr.
Özbegistan
2024-nji ýylda Özbegistanda 91 sany mikromaliýe guramalary iş alyp barýarlar we olar her ýüz tutan işewüre 8,000 dollara çenli karz berýärler. Ýurtdaky mikromaliýe guramalaryň umumy karz bukjasy 430 million dollara ýetýär.
Täjigistan
2023-nji ýylda Täjigistanda jemi 47 sany mikromaliýe guramalary hyzmat berýärler. 2023-nji ýylda berlen karzlaryň umumy portfoliosy 1.29 milliard dollara ýetdi.