Dünýäde Hytaý iň uly karz beriji bir döwletdir, emma bu karzlaryň şertleri hakynda maglumatlar açyk şekilde görkezilmeýär. Hytaýyň we karz alyjy hökümetleriň öz aralaryndaky şertnamalary çap edilmeýär we ýakyndan öwrenilmeýär.
ABŞ-daky William & Mary Uniwersitetiniň “AidData” gözleg labaratoriýasy Hytaý döwletiniň berýän karz pullarynyň şertlerini ýakyndan derňemäge synanşyp, ilkinji ylmy gözlegini çap etdi. Bu gözleg instituty Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki edaralar bilen 24 sany ösýän ýurtlaryň arasyndaky 100 sany şertnamalary ýakyndan derňedi. Bu 24 sany ösýän ýurtlar Afrikanyň, Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň, Latin Amerikanyň we Okeaniýanyň ýurtlaryny öz içine alýp olaryň Hytaýdan alan karzlaryny beýleki karz beriji guramalaryň (Bütindünýä Banky, Halkara Pul Gaznasy we ş.m.) şertleri we talaplary bilen deňeşdirýärler.
Gözlegleriň esasy netijeleri:
- Hytaý beýleki ýurtlar bilen 13,427 sany dürli proýektleriň (infrastruktura – demir, gara we deňiz ýollary; tebigy baýlyklaryň gazuw agtaryşy; kärhanalaryň gurulmagy we olaryň mehanizasiýasy; gurluşyk işleri) “Guşak we ýol” taslamasynyň çäginde üstünde işleýär we 2000-nji ýyldan başlap 18 ýylyň dowamynda 843.1 mlrd USD mukdarynda ösýän ýurtlara karz beripdir;
- Bu karzlar 385 mlrd USD mukdarda bolan “gizlin” karz pullary hem öz içine alýar. Bu “gizlin” karzlaryň möçberleri Bütindünýä Bankyna aýan edilmeýär. Hytaýyň karz şertnamalarynda adaty bolmadyk gizlinlik düzgünleri bar we şoňa görä karz alyjy döwletler şertnamanyň şertlerini, talaplaryny hat-da karzyň berilendigi hakyndaky maglumatlary görkezmegi hem gadagan edýär;
- 44 sany ýurduň öz jemi içerki önüminiň iň az bolanda 10% ýetjek mukdarda Hytaý döwletine bergisi bar. Meselem, “A” ýurdunyň JIÖ 40 mlrd USD bolsa we şonuň 10% bergi bolsa, onda berginiň mukdary 4 mlrd USD barabar bolýar;
- Şertnamalaryň käbir maddalaryna görä, Hytaýyň karz alan ýurtlaryň içerki we daşarky syýasatyna garyşmagyna şertler döreýär.
Türkmenistanyň Hytaý döwletinden alan karzlary
Hökümetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
Türkmenportal-yň maglumatyna görä, Türkmenistan Hytaý döwletinden 8.8 mlrd USD möçberinde pul karz alypdyr we serişdeleri Türkmenistan-Hytaý gaz turbasyny gurmak üçin we “Galkynyş” gaz ýatagyna degişli proýektler üçin ulanypdy. Türkmenportalda giňişleýin maglumat berilmese hem, biziň gözleglerimize görä Galkynyş proýekti 2 sany tapgyrdan ybarat boldy. 2009 we 2013-nji ýyllarda proýektlere gol çekildi. Aşakdaky tablisada bu iki proýekte degişli has takyk maglumatlary görüp bilersiňiz.
Orient habar çeşmesindäki maglumatlara görä, Türkmenistanyň Hytaýa satýan tebigy gazynyň bahasy 2021-nji ýylyň ilkinji 7 aýynyň içinde (ýanwar-iýul arasy) 23.9% artypdyr. Bu habary olar, Wood Mackenzie kompaniýasynyň beren sanlaryna salgylanyp, «Ведомости» gazetiniň çap eden maglumatlaryndan alypdyrlar. Ýanwar aýynda Türkmenistanyň Hytaýa satan tebigy gazynyň 1000 metr kubynyň bahasy 192 USD bolan bolsa, iýul aýynda onuň bahasy 238 USD çenli artypdyr. 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary arasynda Türkmenistanyň umumy tebigy gaz eksportlary geçen ýylyň ilkinji 8 aýy bilen deňeşdirilende 37% artypdyr we umumy mukdary 31 mlrd metr kuba ýetipdir. Bu bolsa geçen ýylyň ilkinji 8 aýyndaky mukdaryndan 8.3 mlrd metr kub köpdür. Türkmenistan diňe Hytaý döwletine iýul aýynyň içinde 2.77 mlrd metr kub tebigy gaz eksport edipdir.
AidData-nyň maglumatlary
AidData bazasyndaky maglumatlara görä, soňky 18 ýylyň içinde Hytaý döwleti Türkmenistana 34 sany dürli proýektlerde maddy goldaw beripdir: 24 sanysy karz serişdeleri we 10 sanysy grant serişdeleri, ýagny puly yzyna tölemek gerek däl. Karzlaryň we grantlaryň aglaba bölegi nebit-gaz, senagat, aragatnaşyk, tekstil we himiýa senagaty ýaly pudaklary öz içine alýar. Bu karzlaryň we grantlaryň sanawyny we has giňişleýin, degişli maglumatlary aşakdaky tablisadan görüp bilersiňiz.
Türkmenistanyň Hytaý döwletinden alan karzlary (TABLISA / PDF)
Açyk maglumatlar bazasyna görä, Hytaý esasan uly infrastruktura proýetklerini maliýeleşdirýär we sosial pudaklaryna (saglyk, bilim) berýan karzlarynyň möçberi ujypsyz.