Progres.Online

Internet kesilmeleriniň türkmen ykdysadyýetine ýetirýän zyýany näçe?

Türkmenistanyň ýyllyk jemi içerki önüminiň 8%-e deň bolmagy ahmal.

Türkmenistanyň hökümeti internete girmegi berk çäklendirýär. Bu şeýle çäklendirmeleriň ykdysady täsirine baha bermek zerurlygyny ýüze çykarýar. Türkmenistanda internet çäklendirmeleriniň ykdysady ýitgisi ägirt uly mukdarda bolup, onuň ýyllyk $327 milliondan $6.4 milliard aralygyndalygy çaklanylýar. Bu çäklendirmeler diňe Jemi Içerki Önümiň (JIÖ) ösüşini bökdemek bilen çäklenmän, göni daşary ýurt maýa goýumlaryna böwet bolýar, iş mümkinçiliklerini çäklendirýär, adamlaryň we ýurduň ösüşi üçin wajyp bolan çeşmeleriň elýeterliligine päsgel berýär.

NetBlocks, Netloss Calculator, Top10VPN.com, the Global Network Initiative we ş.m ýaly internet kesilmeleriniň ykdysady zyýanyny ölçemek üçin birnäçe gurallar bar. Bu gurallar möhüm maglumatlary berse-de, internet çäklendirmeleriniň ýitiligini ölçemegiň kynlygy we häkimiýetleriň aç-açanlygynyň ýoklugy zerarly ykdysady ýitgilere takyk baha bermek çylşyrymly bolmagynda galýar. Türkmenistanyň hökümeti petiklenen web sahypalarynyň sanawyny we petiklemeleriň sebäplerini çap etmeýär.

Internet kesilmeleriniň JIÖ täsiri

NetBlocks Cost of Shutdown Tool (COST) guraly Bütindünýä banky, Eurostat we ABŞ-nyň Ilat Ýazuwy býurosy we Halkara telekommunikasiýa bileleşigi ýaly dürli çeşmeleriň maglumatlaryny internet kesilmeleriniň ykdysady täsirine baha bermek üçin ulanýar. COST guraly Türkmenistanda bir günlük internetiň doly kesilmegi $17.4 million ýitgä, ýagny her ýylda $6.4 milliarda barabar bolup biljekdigini görkezýär. Bu 2023-nji ýylda ýurduň JIÖ-niň ~7.8 göterimine deňdir.

Ýöne, Türkmenistanyň adatça interneti bütinleý kesmeýändigini bellemek wajypdyr. Onuň deregine, ýurt agressiw we esassyz çäklendirmeleri girizip, köplenç milliardlarça IP adreslerini petikleýär.

Web sahypalar we priloženiýalar öz kontentlerini ýerleşdirmek üçin web serwerlerine bil baglap, olaryň hersiniň öz IP adresi bolýar. Türkmenistanyň Kiberhowpsuzlyk Gullugy bu IP adreslerinden çykýan we olara gelýän ähli internet maglumat alyş-çalyşygyny (rusça: трафик в интернете) petiklemekde çäksiz ygtyýarlyklara eýedir. Mysal üçin, 2022-nji ýylyň oktýabrynda çap edilen hasabat Türkmenistanda 2.5 milliarda golaý IP adresiniň petiklenendigini we bu görkezijiniň dünýädäki ähli IP adresleriň dörtden üç bölegini düzýändigini belleýär.

COST guraly ylmy çaklama (gipoteza) esaslanyp doly internet kesilmesiniň ykdysady ýitgisine baha berýän bolsa, Global Network Initiative guraly internet baglanmasy pes bolan ýurtlaryň maglumatlaryna esaslanyp, interneti bölekleýin petiklemegiň ykdysady täsirini hasaplaýar. Bu hasaplama görä, internet baglanmasy pes bolan ýurtlarda internet kesilmesiniň zyýany günlik JIÖ-niň takmynan 0.4%-ine deňdir. Halkara Pul Gaznasynyň maglumatlaryna esaslanyp Türkmenistanyň häzirki ýyllyk JIÖ-niň 81.82 milliard ABŞ dollardygyny bellesek, internet kesilmesiniň ýyllyk zyýany takmynan $327 million ýitgä deň bolýar.

Sosial mediýalary ýapmak

Türkmenistandaky aýry-aýry sosial media platformalary barada aýdanymyzda, COST-e görä, Instagram platformasyny bir ýyl ýapmak takmynan $265 million zyýana getirer. Şuňa meňzeş ýitgiler Twitter, YouTube, Facebook we WhatsApp ýaly beýleki meşhur platformalaryň ýapylmasy üçin hem çak edilýär. Diňe bu 5 sany sosial mediýa platformalaryň ýapylmagynyň Türkmenistana ýetirýän çykdajysynyň umumy bahasy $1.3 milliard bolup biler.

Internet kesilmeleriniň GDÝMG täsiri

Internet Jemgyýetiniň Netloss Calculator ýaly beýleki gurallar iki sany çaklamany, has takygy interneti kesilmesiniň we käbir internet hyzmatlaryny petiklemegiň bahasyny üpjün edýär. Bulara bilgeşleýin we mejbury (buýruk esasynda) internet kesilmeleri we petiklemeleri degişlidir. Netloss Calculator guraly hasaplamalary üçin öňki internet kesilmelerini we olaryň dowamlylygyny ulanýar. Meselem: 2022-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanda milli derejede internet kesilmesi bolup, ol 1 gün 16 sagat dowam etdi. Kesilme sosial torlary, VPN üpjün edijileri we bulut platformalaryny petiklemegi öz içine aldy. Bu maglumata esaslansak, Türkmenistanda bir ýyllap bilkastlaýyn internetiň kesilmesi $25.2 million Göni Daşary Ýurt Maýa Goýumlarynyň (GDÝMG) ýitgisine sebäp bolup biler. Şeýle hem, gural Türkmenistanda internet kesilme ähtimallygynyň 9.57 göterimdigini görkezýär. Galyberse-de, bir ýyllap internet hyzmatlaryny bilkastlaýyn petiklemek $6.7 million GDÝMG ýitgisine getirip biler. Internetiň kesilmesi interneti milli we sebit derejesinde ýapmagy öz içine alýan bolsa, internet hyzmatlaryny petiklemek has ýönekeý bolup, bu diňe belli bir internet hyzmatlary petiklemekdir.

Internet kesilmesi iş üpjünçilige täsir edýär

Netloss Calculator guraly bilkastlaýyn we mejbury interneti kesmegiň we internet hyzmatlaryny petiklemegiň işsizlik derejesine edýän täsirini hem ölçeýär. Türkmenistanda bir ýyllap internetiň bölekleýin kesilmesi işsizligiň 420 adam artmasyna we internet hyzmatlaryny petiklemek 112 adamyň işsizligine sebäp bolup biler.

Türkmenistanda internet çäklendirmeleriniň ykdysady netijeleri göni ýitgilerden has köpdür. Şeýle-de, internet çäklendirmeleri gytaklaýyn we uzak möhletleýin ýiti netijelere, şol sanda maglumatlara elýeterliligiň, bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryň çäkli bolmagyna, innowasiýalaryň togtamagyna, ylmy gözlegler we ösüş üçin mümkinçilikleriň azalmagyna getirip biler. Ykdysady ýitgileri takyk kesgitlemek kyn bolsa-da, internet çäklendirmeleriň uly zyýana getirýändigi, Türkmenistanyň raýatlaryny wajyp çeşmelerden we mümkinçiliklerden mahrum edýändigi äşgärdir.

Türkmenistanda internet kesilmeleriniň ykdysady zyýany uly we köptaraply. Bu çykdajylary takyk ölçemekde kynçylyklaryň barlygyna garamazdan, internet çäklendirmeleriniň Türkmenistanyň halky üçin uly ýitgilere getirýändigi mälim. Bu çäklendirmeleri aýyrmak we has açyk, elýeterli internet gurşawyny öňe sürmek Türkmenistan üçin biçak uly ykdysady we sosial ösüşi üpjün edip biler.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: