“Fitch” Ratings Agentligi 2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda deslapky hasabatynda Türkmenistana “B+ pozitiw” reýtingini berdi. “Fitch” Ratings – halkara reýting agentligi bolup, onuň esasy maksady ýurtlaryň uzak möhletleýin karzlaryny hasaplaşmak ukybyny seljermekdir. Ýatlatsak, agentilik 2023-nji ýylyň fewral aýyndaky taýýarlan hasabatynda hem Türkmenistana “B+ pozitiw” reýtingini beripdi. Fitch Agentliginiň berýän reýtinglerinde iň ýokary baha “AAA” we iň pesi “D”.
Näme üçin baha pozitiw?
Türkmenistanyň bergisiniň örän az bolmagy, daşary ýurt aktiwleriniň köp bolmagy we tebigy gaz rezerwleri boýunça bütin dünýäde 4-nji ýerde durmagy Fitch reýtinginde pozitiw bahany almaga ýardam etdi. Şol bir wagtyň özünde, reýtingde has ýokary baha almagyna päsgel berýän faktorlar hem agdyklyk edýär. Bular:
- Ýurt dolandyryş boýunça Türkmenistanyň pes baha almagy;
- Adaty bolmadyk ykdysady syýasatyň ýöredilmegi;
- Gara bazar kursunyň dowam etmegi;
- Biznes gurşawynyň meseleleriniň çylşyrymly bolmagy;
- Ykdysadyýetiň gaz we nebit eksportyna garaşly bolmagy;
- Eksport bazarynyň köpugurly bolmazlygy.
Gowşak ýurt dolandyryşy: Bütindünýä Bankynyň Dolandyryş Görkezijilerine görä, Türkmenistanyň ýurt dolandyryş derejesi 2023-nji ýylda bütin dünýä boýunça iň pes derejedäki 10.6% ýurtlaryň arasyna girdi. 2022-nji ýylda bu dereje iň pes 12.2% ýurtlaryň arasyna giripdi. Hasabata görä, Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy pes derejede we korrupsiýa ýaýbaňdyr. “Fitch” reýtinginde “B” derejesini alýan ýurtlaryň arasynda ortaça dolandyryş derejesi 36.7%.
Walýuta satuwynyň ýoýulmagy: walýutanyň resmi kursy 2015-nji ýyldan bäri 1 dollar = 3.5 manat, emma gara bazarda dollar kursy geçen ýyldan bäri 19 manat töwereginde saklanýar. Goşa walýuta kursunuň bolmagy daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlaryna hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Agentligiň çaklamasyna görä, walýutanyň resmi kursy 2025-nji ýyla çenli üýtgemez.
JIÖ-niň pes derejede ösmegi: Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) çaklamasyna görä, Türkmenistanyň JIÖ-ni 2023-nji ýylda 2.5% artar, hökümet bolsa 6.2% öser diýip habar berdi. Ýatlatsak, 2022-nji ýylda ýurduň JIÖ-ni 1.8% ösüpdi (HPG-nyň çaklamasy).
Bergileriň azalmagy: Türkmenistanyň bergileri geçen ýyldaky trendi dowam etdirip, 2023-nji ýylda hem ýene 4.9% azaldy. Degişli ýylda hökümetiň ýerli manatdaky bergileriniň hemmesi dolulygyna üzüldi. Daşary ýurt walýutasyndaky bergisi 2023-nji ýylda Jemi Içerki Önüminiň (JIÖ) 5.2%-ine deň boldy. Ýatlatsak, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň bergisi JIÖ-niň 6.1%-ne deň bolupdy.
Durnuklaşdyryş Gaznasynda: Türkmenistanyň Durnuklandyryş Gaznasyndaky rezerwleriniň möçberi 2022-nji ýylyň soňunda 11 milliard manada deň bolan bolsa, 2023-nji ýylyň iýunynda 19.5 milliard manada ýetdi. Bu bolsa JIÖ-niň 7%-ne deňdir. Gazna gelýän serişdeler aç-açan we aýdyň däl.
Inflýasiýa ýeňilleşýär, ýöne muňa garamazdan ýokary bolmagynda galýar: “Fitch” agentliginiň çaklamasyna görä, Türkmenistandaky inflýasiýa derejesi 2023-nji ýylda 4.9% artar. Onuň derejesi 2022-nji ýylda 11.5% bolupdy. Inflýasiýanyň azalmagyna sebäp bolan faktorlar: halkara bazarlarynda bahalaryň peselmegi, serhetleriň açylmagy netijesinde üpjünçilik zynjyryndaky päsgelçilikleriň azalmagy, ýerli azyk önümçülüginiň artmagy we döwletiň bahany kontrol etmegi ýaly sebäpler görkezilýär. Inflýasiýa derejesi 2023-2024-nji ýyllarda 8.5% bolar diýip çaklanylýar. Türkmenistanyň milli pul syýasaty ösmedik.
Öňümizdäki ýyllarda Türkmenistanyň reýtinginiň peselmegine sebäp bolup biljek iri faktorlar:
- Daşarky gurşaw: Energiýa bahalarynyň peselmegi netijesinde býujete geljek serişdeleriň azalmagy, uly eksport şertnamalarynyň bozulmagy, döwlet çykdaýjylarynyň uly möçberde we yzygiderli artmagy;
- Struktura üýtgeşmeleri: ykdysadyýete we hökümetiň maliýe ýagdaýyna ýaramaz täsir etjek durnuksyz içerki syýasat ýa-da daşarky geosyýasy üýtgeşmeler.
“Fitch” Reýtinginiň 2022-nji ýyl üçin Türkmenistan barada ýazan hasabatynynyň beýanyny okamak üçin şu salga basyň.