Progres.Online

Digital 2020: Türkmenistan

Türkmenistanda internet ulanyjylary

  • 2020-nji ýylyň ýanwar aýy boýunça Türkmenistanda 1,56 million internet ulanyjysy bar.
  • Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň sany 2019-njy we 2020-nji ýyllar aralygynda 161 müň (+ 12%) artdy.
  • Türkmenistanda internetiň aralaşma derejesi 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda 26%.
  • Türkmenistanda ilatyň sany 5.99 million, ortaça ýaş 27, ilatyň 51% aýal, 49% erkek.
  • Kän girilýän saýtlar: google.сom- 1-nji ýerde, turkmenportal.com- 7-nji ýerde.
  • Kredit karty bar adamlar -0%, online hyzmatlardan peýdalanýanlar 2%.

Türkmenistanda sosial media ulanyjylary

  • 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda 72,0 müň sosial media ulanyjysy bardy.
  • Türkmenistanda sosial media ulanyjylaryň sany 2019-njy ýylyň aprelinden 2020-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli 29 müň (+ 68%) artdy.
  • Türkmenistanda sosial ulgamlaryň aralaşma derejesi 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda 1,2%.

Türkmenistanda ykjam telefon tilsimleri

  • 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda 4,79 million ykjam tilsimlerini ulanýanlar bardy.
  • Türkmenistanda ykjam tilsimlerini ulanýanlaryň sany 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan 2020-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli 310 müň (+ 6,9%) artdy.
  • 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda ykjam tilsimini ulanýanlaryň sany umumy ilatyň 80% -ine deňdi.

Çeşme: Datareportal

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: