“Hökümetler öz syýasatyny migrasiýasyny çäklendirmäge synanyşmakdan, onuň tersine migrasiýanyň üstünde işläp hemmeler üçin peýdanyň gözlegine çykmaly. Akymlary netijeli çäklendirip bolmaýar we onuň ýerine döredijilikli ulanylmalydyr.”
“Merkezi Aziýada beýnileriň syzmagyny beýnileriň dolanyşygyna öwürmek” atly hasabatdan
Beýnileriň syzmagy diýen adalga barada eşidipmidiňiz we onuň näme aňladýandygy barada gyzyklanypmydyňyz? Dogrusy, bu makalada onuň nämedigini kesgitlenilýär, näme üçin beýnileriň syzmagynyň bolup geçýändigi, onuň ykdysadiýete nähili täsir edýändigi we has oňaýly alternatiwalary düşündirilýär. Okamagy dowam ediň.
Beýnileriň syzmagy diýmek näme?
Beýnileriň syzmagy – bu ýokary bilimli we ökde adamlaryň bir ýurtdan gitmegi diýmekdir. Muňa başgaça adam maýasynyň gaçmagy, akylly adamlaryň ýurtdan gitmegi diýlip hem atlandyrylýar. Bütindünýä banky adam maýasyny adamlaryň ömür boýy boýunça bilimleriniň, ukyplarynyň we saglygynyň toplanmasy diýip kesgitleýär. Bu bolsa, öz gezeginde adamlara öz mümkinçiliklerine düşünmäge we ýokary aýlyk almaga, şeýle hem öndürijiligi ýokarlandyrmak arkaly öz ýurtlary üçin has ýokary girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, beýnileriň syzmagy ugradýan ýurda ýaramaz täsir edýär, sebäbi ýurduň ykdysady ösüşine kömek edip biljek ýokary hünärli we ýöriteleşdirilen işçi güýjüni ýitirýär. “Merkezi Aziýada beýnileriň syzmagyny beýnileriň dolanyşygyna öwürmek” baradaky hasabat Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we halkara guramalarynyň sebit hünärmenleriniň geçiren işleriniň jemidir. Bu hasabatyň çykaran netijelerine görä, Merkezi Aziýadan we Russiýadan çykýan migrantlar dünýäniň ösýän ýurtlarynyň emigrasiýasynyň üçden bir bölegini emele getirýär, şeýlelikde emigrantlaryň sany 47,6 million ýa-da sebitiň ilatynyň 10% töweregi bolup durýar.
Beýnileriň syzmagynyň garşdydaş adalgasyna bolsa beýnileriň köpelmegi diýilýär, ýagny ýokary hünärli adamlaryň başga bir ýurda göçmeginden alynýan peýdalary aňladýar. Bütindünýä ykdysady forumy 5 sany ýurda ýokary hünärli işgärleri üstünlikli özüne çekýän, ösdürýän we saklaýan iň gowy ýurt diýip baha berýär. Ol ýurtara Şweýsariýa, Singapur, Angliýa, ABŞ we Şwesiýa girýär. 2019-njy ýyldaky Global innowasiýa indeksine görä, agzalyp geçilen ýurtlar dünýäde iň innowasiýon ýurtlar bolup, olaryň arasynda Şweýsariýa birinji ýerde durýar. Bu tötänlik däldir. Çünki bu ýurtlar ýokary bilimli işçiler üçin amatly ýagdaýlary we girdejili höwesleri üpjün edip bilýär. Bu bolsa öz gezeginde kabul edýän ýurtlarda innowasiýa we ykdysady ösüşe itergi berýär.
Iş tapmak zerurçylygy bilen ýokary hünärli adamlar täze sebite ýa-da ýurda göçüp, emma soňunda işsiz galyp ýa-da öz kärlerine laýyk gelmeýän işlerde işlänlerinde beýnileriň harlanmagy emele gelýär. Mysal üçin, Russiýada işläp ýören Merkezi Aziýaly 8400 sany işçi migrantlaryň arasynda 2014-nji ýylda geçirilen gözlege görä, olaryň 20,9%-i öz ýurtlarynda ýokary derejeli hünärmenlerdigi anyklandy. Emma, olardan diňe 4%-i kybapdaş işi tapmagy başarypdyrlar. Şeýlelikde, ýokary bilimli Täjik migrantlarynyň 38,5%-i netijede gurluşyk işlerinde işlemäge sezewar bolypdryrlar. Bu diýmek ugradýan we kabul edýän ýurtlar üçin uly ýitgidir, çünki olaryň hiç biri hem iş güýjüniň hödürleýän belli bir ukyplaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp bilmeýär.
Türkmenistanda beýnileriň syzmak ýagdaýy nähili?
Ýaş we hünär ýolunyň orta derejesine ýeten hünärmenleriň daşary ýurtlarda has gowy mümkinçilikler gözlemek üçin ýurtdan gidýän döwründe, Türkmenistan hem bu ýagdaýdan azat däldir. Adam maýasynyň gaçmagy we beýnileriň syzmagy baradaky indeksde 2019-njy ýylda Türkmenistan 10-dan 5,10 bal toplap (0 – iň pes, 10 -iň ýokary), 176 ýurduň arasynda 110-njy orny eýeledi. Dünýä boýunça Türkmenistanyň görkezijileri biraz ýokary bolsa hem, ýerli ykdysadyýetde öndürijilige we innowasiýalara itergi berip biljek hünärmenlerini ýitirmegi entek hem dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde goňşy Gazagystan 3,6 bal toplady we munuň özi beýnileriň syzmagynyň pes derejesini şaýatlyk edýär. Şeýle hem Gazagystan migrantlary kabul etmekde Merkezi Aziýada iň uly ýurtdur we 2015-nji ýylda olaryň sany ilatyň 20%-ini emele getirdi.
Türkmenistanda beýnileriň syzmagynyň sebäpleri näme?
Bütindünýä bankynyň Täjigistandaky edarasyndan Ýan Peter Oltersiň nygtaýşy ýaly, beýnileriň syzmagy ykdysadyýetiň pesliginiň alamatydyr. Ýokary bilimli we okuwly adamlar durmuş taýdan goraglylygyň, ýokary hilli saglygy goraýyş ulgamynyň, gowy hilli bilime elýeterliligiň ýoklugy, işe ýerleşiş mümkinçiliginiň çäkliligi, zähmet haklarynyň pesligi, işewürlik we telekeçilik ýagdaýynyň ýaramazlygy we başga sebäpler üçin öz ýurtlaryny terk etmek kararyna gelýärler. 2020-nji ýylda 870 manada (3,5 manatdan bank kursy boýunça 249 ABŞ dollaryna ýa-da gara bazardaky 22 manat kursundan 40 ABŞ dollaryna) deň bolan Türkmenistandaky iň pes zähmet hakyna seredilende, bu ýagdaý has aýdyňlaşýar.
Türkmenistanyň ýaş we hünär ýolunyň orta derejesine ýeten hünärmenleriniň daşary ýurtlara göçmegi üçin esasy itergi ýokary hilli bilim almak bolup durýar. Mysal üçin, 2000-nji ýylda Merkezi Aziýadan beýleki ýurtlara talyp migrasiýasynyň sany 43 687 adam bolan bolsa, 2016-njy ýylda bu san 199 635-e ýetdi. ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda Türkmenistandan jemi 44 334 sany dünýäniň 36 ýurdunda okap ýören Türkmenistanly talyplar bardy. Mysal üçin, Merkezi Aziýaly daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň arasynda geçirilen soragnamada soraga gatnaşanlaryň 67%-i okuwy tamamlandan soň öýlerine gaýdyp barmazdan ozal birnäçe ýyl daşary ýurtda işlemek isleýändiklerini mälim etdiler, 9%-i uzak wagtlaýyn şol ýerde galmagy meýilleşdirýändiklerini we diňe 21%-i okuwdan soň derrew öýlerine dolanmak isleýändigini beýan etdi. Eger bu sanlar Türkmenistana-da degişli bolsa, onda bu türkmen ykdysadyýeti we jemgyýeti üçin uly ýitgidir, sebäbi ýaş ilatyň aglaba bölegi daşary ýurtda galmak we hatda ymykly ýerleşmek kararyna gelýär. Aşakdaky diagrammalarda 2019-njy ýylda iň köp gidilýän ýurtlar boýunça talyplaryň sany görkezilýär.
Çeşme: ÝUNESKO
Tejribeli iş güýjüniň emigrasiýasynyň ýaramaz täsirleri
Ýokary hünärli iş güýjüniň emigrasiýasy, ýagny göçüp gitmegi ugradýan ýurtda birnäçe sosial-ykdysady çykdajylara sebäp bolup biler:
- Tejribeli işgärleri okatmak üçin goýlan maliýe maýa goýumlarynyň ýitmegi
- Adam maýasynyň we işleýän ýaşly ilatyň azalmagy
- Innowasiýalary ýola goýmak, kärhanalary açmak we ykdysadyýeti ösdürmek üçin çäkli mümkinçilikler
- Baran ýurdunda sarp edilýän mümkin bolup biljek girdejiniň ýitmegi
- Ykdysady taýdan işjeň ilatyň azalmagy we onuň netijesinde salgyt töleýjileriň azalmagy
- Ýaş işçilerini ýitirýändigi sebäpli ýurduň demografiýasyna ýaramaz täsirler
Tejribeli iş güýjüniň emigrasiýasynyň oňyn täsirleri
Eger zähmet migrantlary erkin syýahat edip we yzlaryna dolanyp bilýän bolsa, taýýar iş güýjüniň emgirasiýasy ugradýan sebite ýa-da ýurda oňyn täsirini ýetirip biler. Olaryň käbirlerine şu aşakdakylar girýär.
- Işsizligiň derejesini peseldip biljek işçi güýjüniň aşa köplüginiň azalmagy
- Kabul edýän ýurtdan alynan tejribäni, ukyplary we serişdeleri öz ýurduna getirmek
- Oba ýerleriniň döwrebaplaşmagyna we ykdysady ösüşe ýardam bermek
- Öz ýurtlaryndaky kiçi we orta kärhanalara maýa goýumlary goýmak
Beýnileriň syzmagy bilen baglylykda edip boljak çäreler
Migrasiýany çäklendirmek beýnileriň syzmagyna çözgüt bolanok, sebäbi adamlar munuň üçin güýçli sebäpleri bar bolsa göçüp gitmegiň başga ýollaryny taparlar. Muňa derek, hökümet Türkmenistanda bolup biljek peýdalary ýokarlandyrmaga ünsüni jemlemeli we adamlary ýurtda galmaga höweslendirmeli. Beýnileriň syzmagynyň düýp sebäplerini çözmek üçin Türkmenistana düzüm we guramaçylyk özgertmelere gönükdirilen uzak möhletleýin strategiýany işläp düzmek zerur bolup durýar. Gysga möhletli mümkinçilikler hökmünde, türkmen hökümeti “Merkezi Aziýada beýnileriň syzmagyny beýnileriň dolanyşygyna öwürmek” atly hasabatyndaky aşakdaky maslahatlara eýerip biler.
Pul geçirimlerini netijeli ulanmak – işçi migrantlar tarapyndan öýe iberilýän pul serişdeleri esasan bilim we saglygy goraýyş ýaly hususy maksatlara sarp etmek üçin ulanylýar. Türkmen hökümeti migrantlary (1) ýerli jemgyýetlerinde işewürlik we durmuş-ykdysady taslamalara maýa goýmaga; we (2) geçirilýän pullary tanyşlaryň üsti bilen däl-de, eýsem maliýe pudagynyň ösüşini öňe sürüp biljek resmi banklar arkaly geçirmegi höweslendirmeli.
Beýnileriň dolanyşygyny ösdürmek – Türkmenistan ulag we aragatnaşyk nukdaýnazaryndan özara aragatnaşygy gowulandyrmaly we migrantlary kabul edýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaly. Şeýlelik bilen, ökde hünärli adamlaryň zähmet migrasiýasynyň dowamlylygyny gysgaltmak we has (beýnileri) dolanyşykly etmek arkaly iki ýurt üçin hem peýda gazanylyp bolar. Kabul edýän ýurtda uzak möhletli ýa-da hemişelik ýerleşmegiň ýerine tejribeli migrantlar öz ýurdy we kabul edýän ýurduň arasynda ýygy-ýygydan gatnamaga höweslendiriler. Şunluk bilen, olar daşary ýurtlarda toplan tejribelerini we serişdelerini öz ýurtlaryna getirerler.
Daşary ýurtlardaky diasporany herekete getirmek – Türkmenistan özüniň häzirki we öňki raýatlarynyň jemgyýetini döredip, olara hukuklar we borçlar üpjün edip biler. Mysal üçin, daşary ýurtda ýaşaýan raýatlara goşa raýatlyk hukugyny bermek, emläk edinmek ýa-da ýerli saýlawlarda ses bermek ýaly artykmaçlyklar olary Türkmenistan bilen aragatnaşyk saklamaga itergi berip biler. Şeýle-de, hökümet daşary ýurtlardaky diaspora ilatynyň hünär, maliýe we sosial maýasyny kesgitläp maýanyň bu görnüşlerini öz ýurdunda anyk ösüş meýilnamasy bilen goldap biler. Bu çäreler ýurduň uzak möhletli sosial-ykdysady ösüşine kömek edip biler.
Daşary ýurda göçmek kararyna gelen ýokary hünärli türkmenistanlylary tanaýarsyňyzmy? Ýa-da belki, siz hem şeýle maksatly adamsyňyz?I Sizi we beýlekileri Türkmenistana dolanyp gelmäge we jemgyýetleriňizde ösüşe kömek etmäge näme itergi berip biler?