Progres.Online

Açyk býujet: Sen ýurduň býujety barada näme bilýärsiň?

Adamlar günde, hepdede, ýylda sowjak pullaryny we maddy ýagdaýlaryny planlaşdyrýarlar, olar çykdaýjylaryny alýan aýlyklaryna we girdejilerine görä hasaplaýarlar. Adamyň öz şahsy harajatlaryna býujety bolşy ýaly, döwletiň hem öz býujeti bolýar. Bu bolsa ilat üçin bähbitli, onuň durmuş derejesini ýokarlandyrýan adalatly ykdysady kanunlaryň we kararlaryň kabul edilmegine mümkinçilik döredýär.

Döwlet býujeti näme?

Hökümetler ykdysadyýete kada-kanunlar arkaly täsir etmek islänlerinde onuň iki ýoly bolýar: pul syýasaty we maliýe-ykdysady syýasaty arkaly. Pul syýasaty Merkezi Banklar tarapyndan ýöredilip, ykdysadyýetde aýlanýan puluň mukdaryny gözegçilikde saklap kararlar çykarýarlar. Maliýe-ykdysady syýasaty – salgyt salmak we döwletiň pul sowmagy, ýagny döwlet býujeti bilen bagly bolýar.

Döwlet býujeti arkaly hökümet ýurduň ykdysady syýasatyny dolandyrýar we sosial pudaga degişli harçlamalary amala aşyrýar. Býujetlerdäki meýilnamalar köplenç bir ýyl möhlet bilen düzülýär we kä ýurtlarda has dowamly möhlete düzülip bilýär. Býujet dürli ministrlikler we dolandyryjylar tarapyndan düzülýär we kanun çykaryjy parlament tarapyndan tassyklanylýar.

Döwlet býujetiniň näçe mukdarda we dogry derejede sowulmagy ilat üçin wajypdyr, sebäbi bu pullar köplenç ylym-bilim, saglyk pudaklary, garyplara we işsizlere kömek, ýollar we beýleki wajyp infrastrukturalar üçin sowulýar. Şeýle hem, býujetde döwlet salgytlary kesgitleýär we haýsy adamlara, sosial toparlara döwlet kömek pullarynyň berilmegine karar berýär.

Türkmenistanda döwlet býujeti nädip düzülýär?

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi döwlet býujetini düzýär we hasaplaýar, her ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine iberýär. Ministrler Kabineti mukdaryny resmileşdirip, býujety kabul edýär. Eger Ministrler Kabineti býujeti tassyklasa, onda ýurduň Prezidenti bu meýilnamany Mejlise ugradýar we Mejlisiň ses bermegi netijesinde täze kalendar ýyly üçin býujete gol çekilýär we şeýle býujet kanuna öwrülýär.

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi 2021-nji ýyl üçin teklip edilen döwlet býujetini bir agyzdan goldadylar we kanunlaşdyrdylar. 2021-nji ýyl üçin garaşylýan döwlet býujeti we çykdajylary 79,509,600,000 manata (ýa-da USD 23 milliard resmi kursda we gara bazara görä USD 2 milliard) deň boldy.

Döwlet býujeti hasaplanylanda 1 ýylyň dowamynda ýurduň salgytlardan gazanjak pullary we sosial pudaga (bilim, saglyk we ş.m) çykdaýjylary göz öňünde tutulýar. Ýurduň maliýe meýilnamasy düzülende, ýurduň ydkysady ýagdaýlary, dünýä ykdysady we bazar ýagdaýlary, şeýle hem döwlet edaralarynyň we dürli maksatnamalaryň çykdaýjylary hasaplanylýar. Türkmenistan hökümeti 2020-nji ýyl üçin Jemi Içerki Önüm (JIÖ) 5.8% artar diýip çaklaýarlar. Muňa garamazdan, Halkara Pul Gaznasy (HPG) Türkmenistanyň JIÖ-niň 1.8% ösjegini we Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (ÝDÖB) bolsa JIÖ-niň 1% azaljakdygyny çaklaýarlar.

Ykdysady ösüşiň peselmegindäki iň uly sebäp Türkmen eksportlaryň 44% azalmagydyr we olaryň köpüsi Hytaýa satylýan tebigy gazdan ybarat. Aziýanyň Ösüş Banky 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanda inflýasiýa 10% artar  we döwlet býujetinde bolsa -1.4% defisit bolar diýip çaklaýar, ýagny döwlediň gazanýan pulundan sowýan pullary has köpdür. Şo sebäpden, 2020-nji ýylyň aprelinde Prezident Berdimuhamedow býujetiň üýtgedilmegini we sowulýan pullaryň azaldylmagyny buýurdy. Garaşylmadyk uly tebigy betbagtçylyklar, ykdysady krizisler we bütindünýä pandemiýa ýaly hadysalar bolan ýagdaýynda hökümetler býujete täzeden garaýarlar we hadysalara çäre hökmünde döwletiň sowýan puly azaldylýar ýa-da artykmaç çykdajylary ýapmak üçin pul karz alynýar.

Şu aşakdaky tablisada görşümiz ýaly, Türkmenistanyň döwlet býujeti 2010-njy ýyldan bäri 2 esse diýen ýaly artypdyr. Býujetiň iň uly mukdary 2015-2017-nji ýyllar arasynda bolupdyr we 1 ýyllyk çykdaýjy 100 milliard manatdan geçipdir. Emma ondan soňky ýyllarda býujet gitdigiçe azaldylýar. Meselem, 2021-nji ýyl üçin meýilleşdirilen býujet 2017-nji ýyldakydan 23% az. Býujet azaldylan ýa-da artdyrylan ýagdaýynda hökümetler bu çäreleri näme sebäpden ýerine ýetirendiklerini we käbir pudaklarda sowuljak pullaryň näme üçin azaldylandygynyň ýa-da köpeldilendiginiň sebäplerini ilata düşündirmelidir.

Çeşme: Türkmenistanyň habar beriş serişdelerine salgylanyp, makalanyň awtory tarapyndan döredilen. Ýyllar: 2010, 2011, 2012, 2013, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019, 2020 we 2021.

Döwlet puly nädip gazanýar we nähili zatlara sowýar?

Türkmen gaznasyna gelýän pullar esasan nebit-gaz satuwlaryndan, beýleki döwlet kärhanalarynyň (dokma, oba-hojalyk we ş.m) girdejilerinden, şeýle hem raýatlardan we hususy kärhanalardan toplanýan salgytlardan ybaratdyr.

2021-nji ýyl üçin döwlet tarapyndan sowuljak pullaryň 70% sosial pudak üçin niýetlenen, ýagny ylym-bilim, saglyk, pensiýalar, döwlet kömek pullary, ýaşaýyş jaýlary, medeniýet pudagy, çagalar baglary we beýleki jemgyýetçilik hyzmatlaryna harjanylar. Bu pullaryň 28.5% ylym-bilim üçin, 10% saglyk pudagyna we 24.8% döwlet kömek pullaryna we beýleki goldaw ulgamlaryna niýetleniler.

Hökümet şeýle hem ýaşaýyş jaýlary, senagat we sosial-medeni desgalary gurmagy meýilleşdirýär. Muňa garamazdan, bu meýilnamalar hakynda ilata giňişleýin maglumat berilmeýär we ilat üçin anyk nähili peýdaly boljaklygy hakynda agzalyp geçilmeýär. Bu meýilnama görä ilat üçin ýaşaýyş binalar gurularmy ýa-da puluň aglaba bölegi uly we kaşaň myhmanhanalar üçin sowularmy? Daşary ýurtdan turistleriň gelmeýänligi we ýerli ýaşaýjylaryň ol ýerlerde dynç almaga mümkinçilikleri bolmaýanlygyny nazara alanymyzda, bu myhmanhanalary gurmagyň wajyplygy we zerulygy peselýär. Ilata iň köp peýda getirjek ugurlarda maýa goýum edilmegi has gowy bolar, meselem ylym-bilim, saglyk pudaklarynyň ösmegine we ýaşaýyş jaýlaryň ýaş adamlara elýeter edilmegi.

Býujete şeýle hem döwlet pudagynda işleýänleriň aýlyklary, döwlet kömek pullary, stipendiýalar girýär we olaryň mukdary 2021-nji ýylda 10% artdyrylar. Bu çykdajylar býujetden kesiljek pullaryň hataryna girmeýär. 2021-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlar şeýle hem kiçi we orta göwrümli bizneslere goldaw bermek, ýerli önümiň mukdaryny artdyrmak we ýurtda azyk önümleriniň üpjünçiligini ýola goýmak ýaly maksatlar girýär. Hökümet şeýle hem oba-hojalyk pudagyna, senagata, ulag pudagyna, aragatnaşyk, gurluşyk, dokma we azyk senagatlaryna maliýe goýumlaryny we kömek bermegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanda döwlet, merkezleşdirilen we ýerli (welaýat, etrap we geňeşlik) býujetleri bolýar. Döwlet býujeti döwlet edaralaryny, häkimlikleri, geňeşlikleri içine alýar we şeýle hem maýa goýum we innowasiýa degişli çärelere hemaýatkärlik edýär. Merkezleşdirilen býujet hökümetiň bütin ýurt boýunça alyp barýan işlerini üstüne alýar. Ýerli býujet bolsa welaýat, etrap we geňeşleriň ýerine ýetirýän işlerini öz içine alýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we dolandyryjylar döwlet we ýerli býujetiň ýerine ýetirilmegine jogapkär bolýär.

2021-nji ýyl üçin Türkmen hökümeti ýerli býujete 10 milliard manat bölüp berdi. Aşakdaky diagrammada býujetleriň welaýatlara we Aşgabat şäheri üçin bölünen görnüşini görüp bilýäris. Býujetiň uly bölegi Lebap (21%) we Mary (19%) welaýatlaryna gönükdirilen.

Çeşme: TDH-daky maglumatlara salgylanyp, awtor tarapyndan döredilen.

Ýerli býujetden daşary, balansy saklamak üçin hökümet şeýle hem goşmaça 2.6 milliard manady welaýatlara paýlamagy meýilleşdirýär. Bu ýerde bolsa, býujetiň iň uly mukdary Daşoguz we Lebap welaýatlaryna gönükdiriler.

Çeşme: TDH-daky maglumatlara salgylanyp, awtor tarapyndan döredilen.

Maliýe aýdyňlygy” näme we ol näme üçin wajyp?

Maliýe (býujet) aýdyňlygy düşünjesi döwlet býujetiniň ilata açyk we elýeter bolmalydygyny aňladýar. Býujetiň açyk bolmagy durnukly ykdysady ösüşi öňe sürýär, hökümetiň abraýyny artdyrýar we ilata ähmiýetli ykdysady syýasatlar, ileri tutulmaly çäreler barada jemgyýetçilik diskussiýalaryny döredýär. ABŞ-niň Döwlet Departamenti tarapyndan alnyp barylýan Fiscal Transparency Report hasabata görä, Türkmenistanyň hökümeti “maliýe aýdyňlygyny” gazanmakda minimal talabalary hem ýerine ýetirmeýär. Şeýle hem, hökümetiň hereketlerini barlaýan, olara gözegçilik edýän ýurtdaky ýokary audit edarasy garaşsyz bolman galýar we hasabatlarynyň, barlaglarynyň netijelerini mediada çap etmeýär.

Býujetde nähili maglumatlar bolmaly?

2021-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ýagdaýy. Maglumat bolmadyk halatynda (-) belgisi bilen görkezilen.

Çeşme: Türkmenistanyň býujetiniň ilata elýeterli sanlary ulanylyp, Russiýanyň döwlet býujetiniň  nusgasynda we 2020 Fiscal Transparency Report esasynda döredilen býujet

2020-nji ýyldaky Fiscal Transparency Report hasabatyna görä, Türkmenistanyň döwlet býujeti birnäçe möhüm bölümleri öz içine almaýar we býujeti döwrebaplaşdyrmak üçin şeýle maslahatlary berýär:

  • Çykdajylar Ministrlikler boýunça bölünmeli;
  • Girdeji çeşmeleri bölünmeli we giňişleýin jikme-jikleri görkezilmeli;
  • Hökümetiň bergisi, býujet defisiti we meýilnamany dolmak üçin gerek bolan maliýe serişdeleri;
  • Tebigy baýlyklardan, ýagny nebit-gaz satuwyndan gelýän girdejiler;
  • Döwlet kärhanalaryna näçe mukdarda pul berilýär we olaryň girdejileri;
  • Ýörite hasaplar we fondlar, meselem Stabilizasiýa fondy. Nebit-gazdan gelýän artykmaç girdejileri şu gaznada saklap, gelejekde krizislerde pullary ulanmak. Bu hereketler garaşylmadyk hadysalara ýurdy taýarlaýar
  • Nagt we nagt däl görnüşinde gelýän serişdeler, meselem daşary ýurtdan gelýän maliýe kömekleri.

Açyk býujetde bolmaly maglumatlar

Jemi Girdejiler: Jemi Çykdajylar:
Nebit-gaz we beýleki tebigy serişdelerden gazanylan pul Döwlet dolandyryşy (hökümet işgärleriniň aýlyklary we beýleki çykdajylar)
Döwlet edaralaryndan gazanylan pullar (migrasiýa gullugy, notarius, daşary işler, transport we ş.m) Kanun, düzgün we tertip (polisiýa we harby işgärleriniň aýlyklary; kazyýet, içeri işler, daşary işler, migrasiýa gullugy, transport we beýleki döwlet edaralaryndaky işgärleriň aýlyklary we degişli çykdajylar)
Döwlet kärhanalaryndan gazanylan pullar (dokma toplumy, myhmanhanalar, howaýollary, ekarançylyk we ş.m) Bilim ulgamy üçin sowulýan pullar (mekdeplerdäki we Uniwersitetlerdäki mugallymlaryň aýlyklary we degişli çykdajylar)
Raýatlaryň aýlyklaryndan we bizneslerden çöplenen salgytlar Saglyk ulgamy üçin sowulýan pullar (lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň aýlyklary we beýleki çykdajylar)
Başga salgytlar (import, eksport paçlary; girdeji salgydy, satuw salgydy, emläk salgydy we ş.m) Goldaw ulgamlary (pensiýa, döwlet kömek pullary, ýetimler öýi, garrylar öýi we ş.m)
Habar beriş serişdeleri (telewideniýe, gazatler, žurnallar)

Seniň pikiriňçe, Türkmenistanyň býujet serişdeleri haýsy ugurlara, pudaklara gönükdirilmeli? “Açyk býujet” (maglumatlar ilata açyk, jemgyýetiň gatnaşmagynda düzülen býujet) ýöredip, döwlet nähili peýda görüp biler?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.