2023-nji ýyldaky hasabat döwründe hökümet eýeçiligindäki edaralar bilen birlikde býujet resminamalary we bergidarlyk borçnamalary baradaky maglumatlar halka berilmedi. Döwlet özüniň onlaýn resmi gazedinde umumy maglumatlary çap etdi. Jemgyýet üçin býujet maglumaty doly we açyk däl, şeýle hem hökümetiň tebigy baýlyklardan alýan girdeýjisi görkezilmändir. Döwletiň býujetinde durnuklaşdyryş gaznasynyň maglumatlary halka aýdyňladylmady.
Göýä hökümetiň maliýe hasabatyny geçirendigine garamazdan, Ýokary Gözegçilik (audit) edarasy garaşsyzlygyň halkara standartlaryna laýyk gelmedi we öz hasabatlaryny görkezmedi. Döwlet tebigy baýlyklary gazyp almak üçin hukuk ygtyýarlylygy amala aşyrypdyr, emma tebigy çeşmeleri gazyp çykarmak üçin ygtyýarnama we şertnama berme düzgünlerini kanunda we kararlarda anyk görkezmeýär.
Bar bolan kanun we kararlaryň hakykatda hem durmuşa geçirilýändigi belli däl. Tebigy baýlyklary gazyp almak üçin berilýän şertnamalary ýaly ýönekeý maglumatlar hem hemişe halka aýdyňladylmaýar. Özygtyýarly durnuklaşdyryş gaznasynyň anyk hukuk esasy ýok, özüniň maliýeleşdirme çeşmelerini we serişdeleriň hasapdan alyş usullaryny görkezmeýär.
Türkmenistan maliýe aýdyňlygyny aşakdakylara görä ösdürilip biler:
- Býujet resminamalaryny öz wagtynda köpçülige ýetirmeli;
- Döwlet edaralary bilen birlikde, bergidarlyk borçnamalary baradaky maglumatlary öz wagtynda köpçülige ýetirmeli;
- Býujet resminamalary doly we dogry bolmaly;
- Ýokary gözegçilik edarasynyň garaşsyzlygy halkara standartlaryna dogry gelmeli;
- Ýokary gözegçilik edarasynyň hasabatyny köpçülige ýetirmeli;
- Tebigy baýlyklary gazyp çykarmak üçin ygtyýarnama we şertnama berme düzgünleri kanunda we kararlarda doly beýan edilmeli;
- Tebigy baýlyklary gazyp çykarmak baradaky kanun we kararlary iş ýüzünde berjäý etmeli;
- Tebigy baýlyklary gazyp almak üçin berilýän şertnamalar baradaky ýönekeý maglumatlar köpçülige ýetirmeli;
- Durnuklaşdyryş gaznasynyň anyk hukuk esasyny döretmeli, onuň maliýeleşdirme çeşmelerini we serişdeleriň hasapdan alyş usullaryny açyk görkezilmeli.