Progres.Online

2022-nji ýylda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň Türkmenistanda maýa goýumlary uly derejede peseldi

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (EBRD) 1992-nji ýyldan bäri Türkmenistandaky kärhanalara maýa goýumlary etmegini dowam etdirýär. EBRD diňe hususy eýeçilikdäki kärhanalara maýa goýum edýär. EBRD-niň şu günki güne çenli jemi 87 sany Türkmenistanly hususy kärhanalara maýa goýum etdi we maýa goýumynyň umumy möçberi 325 million ýewro deňdir.

EBRD-niň Türkmenistandaky proýektleriniň sanawyny görmek üçin şu salga basyň. Bu salgyda hemme 87 kärhananyň ady ýerleşdirilmedik, sebäbi bu ýerde diňe maglumatlary paýlaşylmagyna razyçylygyny beren kärhanalaryň atlary ýer alýar.

Bu günki günde EBRD-niň Türkmenistandaky alyp barýan aktiw proýektleriniň sany 22-ä deň. Bulara gönükdirilen umumy maýa goýumynyň möçberi 28 million ýewro. Aktiw proýektleriň 95 göterimi senagat, söwda we agrobiznes pudaklaryna degişlidir. Proýektleriň beýleki 5 göterimi hem maliýe guramalaryna degişlidir.

EBRD-niň Türkmenistanly hususy firmalara gönükdiren maýa goýumlarynyň sany 2022-nji yylda uly derejede peseldi. Degisli ýylda EBRD ýekeje bir firma maýa goýum etdi we onuň möçberi 2 million ýewro deň boldy. Deňeşdirme hökmünde, 2020-nji ýylda EBRD jemi 10 sany hususy firma, 2021-nji ýylda jemi 4 sany kärhana maýa goýum gönükdiripdi.

Çeşme: EBRD

Maýa goýum bu ýerde näme manyny berýär?

EBRD-niň berýän maýa goýumlary karzlardan ybaratdyr. Berilýän karzyň mukdary we berginiň näçe ýylda yzyna üzüljegi ýagdaýa görä üýtgeýär. Karz boýunça göterim ýerli bazaryň nyrhlaryna ýakyn şekilde kesgitlenilýär.

EBRD-niň beýleki Türkmen banklaryndan näme tapawudy bar?

EBRD Türkmen kärhanalaryna karzlary daşary ýurt walýutasynda berýär, ýerli Türkmen banklary bolsa karzlary diňe manatda berýär. EBRD-niň karzlary uzak möhletleýin, ýerli Türkmen banklary bolsa ortaça 3 ýyldan kän möhletde karz bermeýärler. Ýerli Türkmen banklary şeýle hem karzlarda ýeňillikli döwürlere rugsat bermeýärler, EBRD bolsa rugsat berýär. “Ýeňillik döwri” bolanda, karz möhleti dolansoň kärhana bergisini jesasyz şekilde yzyna üzüp bilmegine aýdylýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: