Progres.Online

2022-nji ýylda Türkmenistanda Daşary Ýurt maýa goýumlary kemeldi

2023-nji ýylyň 5-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş boýunça Maslahaty (UNCTAD) “2023-nji ýylyň Bütindünýä Maýa goýumlary” baradaky dokladyny çap etdi. Hasabata görä göni daşary ýurt maýa goýumlary (GDÝMG) 2022-nji ýylda 12% azaldy we $1.3 trillion boldy. Bu peselmäni global krizis muňa Ukrainadaky uruş hem degişli, iýmit önümleriniň we energiýanyň gymmatlamagy, artýan bergiler bilen düşündirp bolar.

Hasabata görä 2022-nji ýylda GDÝMG-nyň Türkmenistana pul akymyny $936 million derejesinde bellige alyndy. 2017-nji ýylda daşary ýurt çeşmelerinden Türkmenistana çekilen GDÝMG mukdary $2 milliard bolan bolsa, häzirki döwürde 50% azaldygyny belläp geçmek gerek. Hasabatda Türmenistandan çykýan GDÝMG barada maglumat ýok, ýagny gürrüň Türkmenistanly raýatlaryň başga ýurtlardaky maýa goýumlary baradadyr.

2022-nji ýylda GDÝMG-yň Türkmenistandaky içerki paýnamasynyň jemi $41.5 million boldy. Bu sanlar Türkmenistandaky kärhanalar üçin daşary ýurtly maýadarlaryň arassa kreditlerini we hususy paýnamalarynyň jemini görkezýär. GDÝMG-yň içerki paýnamasynyň mukdary 2000-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidigi dykgata laýykdyr.

GDÝMG pul akymy bu bir ýylyň dowamynda Türkmenistana girýän daşary ýurt maýa goýumlaryň amerikan dolaryndaky möçberidir. Beýleki tarapdan GDÝMG-yň içerki paýnamasy tä şu güne çenli ýygnanan daşary ýurt paýnamalarynyň jemini görkezýär. Şoňa görä Türkmenistanda ýygnanan GDÝMG bahasy ýokarydyr, sebäbi wagtyň geçmegi bilen toplanan maýa goýumlaryny öz içine alýar. Mundan başga-da bu hasabatda Türkmenistandan çykýan GDÝMG mukdary hakynda maglumat berilmeýär, onda Türkmenistanly raýatlaryň daşary ýurt kärhanalaryndaky hususy paýnamalarynyň mukdary görkezilýär.

Şeýle hem hasabatda bütin dünýäde ýerasty baýlyklary gazyp çykarýan senagata maýa goýumlaryň ösýändigi bellenip geçilýär. Meselem, Emirates National Oil Company (BAE-iň ýerasty baýlyklary gazyp çykarýan kompaniýasy) 2022-nji ýylda $7.5 milliardlyk maýa goýum edip, Türkmenistandaky nebit çykarma işini artdyrdy.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: