Progres.Online

Merkezi Aziýanyň dekolonizasiýasy: kynçylyklar we çözgütler

Käbir Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň dekolonizasiýasy (ähli taraplaýyn garaşsyzlyk) barada has köp gürrüň edýärler. Ýerli jemgyýetler sowet taryhy we medeniýeti bilen arabaglanyşygyny täzeden aňmaga çemeleşýärler we Rusýanyň täsirinden çykmaga çagyrýarlar. Onsoňam, her ýurtda diýen ýaly dekolonizasiýanyň gidişini bökdeýän çözülmedik meseleler bar.

Gazagystan

Gazagystanda dekolonizasiýa prosessi jemgyýetiň ýygy-ýygydan çekişme mowzugy bolýar. PaperLab derňewçisi we CABAR.asia Analitika mekdebiniň uçurymy Kamila Smagulowa, Gazagystanda ‘dekolonizasiýa’ şol bir wagtda ‘milli’ manyda gelýändigini belledi. Başgaça aýdanda, gazak diliniň ulanylýan ugurlarynyň artmagy, geçmişiň täzeden aňylmagy we 20-nji asyrda basdyrlan gazak intelligensiýa gahrymanlarynyň taryhda artan şöhraty.

“Hawa, bu ýagdaýlar Ukrainadaky söweş başlanyndan soňra hasam artdy. Emma ondan bir aý öňünçä Gazagystanyň ýanwar wakalaryny başdan geçirendigini ýatdan çykarmaly” – diýip Smagulowa nygtady. “Şeýlelikde ýanwar wakalary jemgyýete täsir eden içerki faktor, Ukraina bolsa daşarky faktor boldy”.

Oňa görä Gazagystanda dekolonizasiýa her ugurda ýer alýar we raýat toplumlary tarapyndan aýdylýar; dürli aktiwistler, sungat işgärleri, feminist hereketler öz işlerine dekolonizasiýa nukdaýnazardan garaýarlar. Ýöne bu toparlaryň arasynda entäk hiç hili gepleşikler ýok.

Üstesine-de Smagulowa görä kynçylyk degişli terminologiýanyň (adalgaşynaslyk) ýoklugydyr. Başgaça aýdanda ‘dekolonial’ bilen ‘postkolonialyň’ arasyndaky tapawut anyklanmady.

“Meniň pikirimçe, edil dekolonizasiýa ýaly postkolonial garaýyşy hem jemgyýete giňden ýaýramagy başarmady. Bu ýagdaýy her kese düşünikli bolmagy üçin jikme-jik gözden geçirilmeli” – diýip Smagulowa aýtdy.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, häkimiýete gezek gelende bolsa döwlet derejesinde hiç hili dekolonizasiýa çayryşlary ýok. Her niçik-de bolsa 2023-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew diňe bir sebitde tanalýan ýada sowet zamanynda meşhur bolan şahslaryň ýadygärlik heýkelini bina etmäge garşy çykyş etdi.

“Ýöne muny jemgyýetiň talaplaryna gönükdirlen gaýtargy diýip bilmeýäris. Dekolonizasiýanyň alamatyny görkezýan käbir prosesler bolup biler, emma ‘jemgyýet käbir dekolonial garaýyşlary isleýär we häkimýet muňa jogap berýär’ şekilinde özara gatnaşyk bar diýip bilemzok”. Başgaça aýdanmyzda biz entek şeýle baglanşygy gurup bilemzok” – diýip Smagulowa belläp geçdi.

Gyrgyzystan

Kloop.kg taslamasynyň kordinatory Aizirek Almazbekowaň aýtmagyna görä Gyrgysyztanda dekolonizasiýa prosesleri bolup geçýär, emma olar entek giň gerimli däl.

“Ýagny, jemgyýetde käbir çekişmeler bar, ýöne olar ýaýbaňlanmadyk”, – diýdi. “Ýöne gyrgyz diliniň ösüşine öňküden has köp üns berilýändigini we raýatlaryň hem gyzyklanýandygyny görýäris”.

Hatda onuň aýtmagyna görä, esasan hem aktiwistlerden we habarçylardan bolan jemgyýetiň belli bir bölegi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we sosial mediýa arkaly rus propagandasyna garşy göreşmäge çalyşýarlar.

Almazbekowa: “Meniň pikirimçe bu ýagdaýlar Ukrainadaky giň gerimli söweşleriň başlamagy bilen has güýçlendi” – diýdi. “Elbetde bulary söweş döretmedi, käbir prosesler öňem bardy. Ýöne Russiýanyň çozup girmegi prosesi hyjuwlandyrdy”.

Şunuň bilen birlikde, Gyrgyzystanda entegem gysga wagtda çözüp bolmajak kynçylyklaryň bardygyny belläp geçdi.

“Birinjiden Gyrgystanda rus mediýasynyň hälem adamlara täsiri gaty uly. Olar ulanyjy bazarynda agdyklyk edýärler we hak olaryň kontentlerinden peýdalanýar”, diýip Almazbekowa aýtdy. “Ikinjiden millionlarça watandaşlarymyz Russiýada işçi migrantdyr. Şol sebäpli golumyzy baglaýan uly ykdysady täsiri duýýarys”.

Mundan başgada, Bişkegiň merkezinde esasan hem Rus Ilçihanasynyň töwereginde resmi garşylyk görkezmleri gadagan edildi, Gyrgyzystan hökümeti Rus kanunlaryny birnäçe gezek göçürdi we olary ýurduň çäginde ornaşdyrmaga çalyşdy.

“Umuman, käbir dekolonizasiýa çekişmeleri bar we halk öz garaýyşlaryny aňlatmaga, soraglaryna jogap tapmaga çemeleşýär. Emma bular ýokarda görkezilen meseleler bilen sepleşýär. Ýöne biz ümsüm galamzok, meniň pikirimçe bu köp azdy aňladýar. Möhüm zat jemgyýetiň täzeden aňmagy, oýlanşmagy we pikirinde aýlamagy” – diýip Almazbekowa aýtdy.

Täjigistan

Şu wagta çenli dekolonizasiýa mowzugy Täjigistanda giňden ýaýramady. Täjigistandaky CABAR.asianyň redaktory Marat Mamadşoýew munuň sebäbiniň bardygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä döwlet garaşsyzlygyny aldy emma kolonia şekilleri entegem bolşy ýaly galdy.

Derňewçi hünärmen, “Bu ýagdaý köplenç Russiýa bagly syýasaty we garaşly ykdysadyýeti görnüşde ýüze çykýar” – diýdi. “Hususan hem, Täjigistanyň işe ukyply ilatynyň ägirt köp bölegi gazanç etmek üçin Russiýa gidýär we şol ýerde galýar”.

Şeýle hem, ykdysady deň hukuksyzlyk mese-mälim bolup dur. Mamadşoýewe görä Täjigistan henizem daşary söwda dolanyşygynda diňe miwe we çig mal bilen üpjün edýär.

“Bulary has arzan satyp, Russiýanyň nebit önümlerini we käbir harytlaryny has gymmat alýandygymyz mälim” – diýdi. “Eger eksportymyzy dürlüleşdirsek ýagdaý başga tüýsli bolup bilerdi”.

Mamadşoýew şonuň bilen birlikde dekolonizasiýa mozwzugynyň wagtal-wagtal gozgalýandygyny, häzirlikçe täjik mediýasynda bu temada yzygiderli we ylmy çekişmäniň ýokdugyny belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä munuň sebäbi ne hökümetiň ne-de jemgyýetiň maddy ýada ruhy çeşmeler bilen pugtalandyrlan uzak möhletli syýasy meýilnamalary etmeýänligidir. Her kes köplenç gündelik meseleler bilen meşgul.

Her niçikde bolsa derňewçä görä daşarky garaşlylyga garşy göreşiň alamatlary bar.

“Birinjiden, 1991-nji ýyl bilen deňeşdirende ýagdaýlaryň kän bir üýtgemändigini we hatda käbir pursatlarda has hem garaşlydygymyz babatynda ylalaşaly” – diýdi. “Ikinjiden, ýönekeý seljeriş geçirmeli we kimdigimizi, nirededigimizi, näme isleýänimizi we näme edip biljekdigimizi aýdyňlaşdyrmaly”.

Mamadşoýewe görä Täjigistanyň edip bilejek hakyky zady, ykdysady özgerişleri geçirmek, eksporty dürlileşdirmegiň ugurlaryny gözlemek, çeşmeleriň we işgärleriň bar ýerinde ýerli önümçiligi ýola goýmakdyr. Syýasat we jemgyýete gezek gelende bolsa, hakyky halk häkimiýeti we demokratiýa zerurdyr.

Hünärmen, “Mediýa, raýtat jemgyýetine garşy göreşmegi bes etmeli” – diýdi. “Hökümet we halk biri-birinde duşman gözlemän, birlikde hereket etmelidirler. Diňe şu ýagdaýda üstünlige we öňe gidişlige umyt baglap bileris”.

Türkmenistan

Türkmenistan barada aýdanda Aşgabatdaky garaşsyz barlag geçiriji Rustam Muhamedowa görä, bu ýerde 90-njy ýyllarda prezident Saparmyrat Niýazowyň zamanynda gurulan we hut şol syýasatyň dowam edýändigini görýäris. Ýagny, berk häkimiýeti dolandyrmagyň awtoritar formasy we dekolonizasiýa bilen birlikde birnäçe mowzuklaryň tabulanmagy dowam edýär.

“Şol bir wagtda hökümet Russiýa bilen diplomatik aragatnaşyklaryna ziýan edäýjek käbir gapma-garşylyklary gowşatmak üçin işleri alyp barýar. Aragatnaşyklary soňky ýyllarda öňküsinden has çuňlaşdy” – diýip Muhamedow aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy birnäçe ugurda güýçlendi. Taraplar biri-birini wajyp strategik hyzmatdaşlar hökmünde yglan etdi, köp sanly ýygnaklaryň geçirilmegi we birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk resminamalarynyň gol çekilmegi muňa şaýatlyk edýär.

Üstesinede syýasy nyşan derejesinde Russiýa üçin üns çekýän “sypaýyçylyklary” bar. Meselem Türkmenistan Ýeňiş Güni mynasybetli hiç haçan ýörüş geçirilmedi we 2020-nji ýylda Aşgabatda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanynda ýeňişiň 75-nji ýylyna bagşylanan Beýik Watançylyk Urşunda ulanylan tehnikalary sergileýän harby dabaraly ýörüş gurnandy. Muhamedowyň aýtmagyna görä, prezidentiň atasy Berdimuhammet Annaýewyň gulluk eden 2-nji Ukraina frontunyň 748-nji atyjylyk polkynyň söweş tugy ýerli halkyň ünsüni çekmek üçin berildi. Şeýle hem, 2022-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanda Rus-Türkmen Uniwersitetiniň açyljakdygy barada habar berildi.

Derňewçi, “Başgaça aýdaňda, dürli tejribeleriň garyndysyny görýäs şol sebäpli ‘ýurtda haýsy anyk dekolonizasiýa prosesi bolup geçýärmi’ soragyna jogap ýok” – diýdi. “Döwlet dekolonizasiýa pikirini öňe sürýär we bütinleý hökümediň mäkämligini saklamaga amatly bolanyny saýlaýar. Resmi düşündirişiň çäginden daşary ähli zat çäklendirilýär ýada basylýar”.

Şeýlede Muhamedowyň aýtmagyna görä berk awtoritar şertleri göz öňüne tutup, Türkmenistanyň jemgyýeti syýasat babatynda sessiz galmaga çalyşýarlar. Şol sebäpli halk köpçliginiň garaýyşlaryny takmyn etmek kyn. Ol pikir köpdürliligine esaslanýan jemgyýetçilik çekişme praktikasynyň ýurtda ýaýbaňlaşmadygyny, garaşsyz derňeme ýada köpçüligiň pikirini sorama işleriniň geçirilmeýändigini aýtdy.

Derňewçi, “Bize hakyky ýagdaýy görkezýän aýdyň maglumatlar elýeterli bolsady örän oňat bolardy” – diýdi. Emma gynansakda bu maglumatlar ýok. Elimizde bar bolan maglumatlar hem ujypsyzdyr we hakyky ýagdaýy görkezmeýär”.

Özbegistan

Dublin Şäher uniwersitetiniň doktorant-derňewçisi we CABAR.asia Analitika mekdebiniň uçurymy Binazir Ýusupowa, Özbegistanyň sebitde Sowet kolonial häkimiýetiniň astyndan bile-göre düşünjeli çykan ilkinji ýurtdygyny belledi. Ýusupowa görä Yslam Kerimowyň prezident bolan döwründe dekolonizasiýa sowetsizleşmä we komunizmsizleşmä öwrüldi.

Ýusupowa, “Milli ideologiýa we asyl köklere dolanmaga ymtylyş bar” – diýdi. “Sowet hökümeti tarapyndan taryhynyň öwrenilmegi gadagan edilen käbir milli gahrymanlaryň şahslary dikledildi”.

Şeýle hem şäherlerdäki köçeleriň atlary üýtgedildi, käbir ýadygärlikler aýryldy. Stalin jezalarynyň (repressiýa) pidasy bolan birnäçe kişiniň atlary hem dikeldildi. Emma Ýusupowanyň aýtmagyna görä bularyň ählisi Kerimowyň häkimýetini gurbatlandyrmak üçin edildi.

“Ýagny, dekolonizasiýa adamlaryň, raýatlaryň hemme zady özleriň düşünmegi, täzeden geçmişiň manysyny aňmaga çalyşmagy, öňki käbir ýalňyşlaryny kabul etmegidir. Biziň ýurdumyzda bu proses isleýşimiz ýaly giň gerimli bolmady” – diýip derňewçi aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä Özbegistanlylaryň köpüsi Russiýany entegem “agasy” hökmünde görýär we bu garaýyş hiç bir zada garamazdan mäkäm galýar. Üstesinede Russiýa köp migrantlaryň gazanç üçin gidýän merkezidir.

Ýusupowa, “Ukrainada dowam edýän söweş Özbegistandaky dekolonizasiýa prosesini tizleşdirip biler” – diýdi. “Ýöne raýat jemgyýetlerini we aktiwistleri bu düşünjäni aktiw goldamalary üçin çäk goýulmazlygy möhümdir”.

Ondan başga-da, onuň pikiriçe taryhy wakalary obýektiw görnüşde görkezmek we käbir zatlary diňe käbir kişileriň döwründe öwrenme tejribesini bes etmeli. Munuň üçin alymlara, derňewçilere doly manyda azatlyk berilmeli, çekişmek we pikir alyşmak üçin platformalar döredilmelidir.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: