Progres.Online

Palaw Indeksi Ýanwar / 2024

Ýanwar 2024: palawyň bahasy 21% arzanlady.

Soganyň bahasy uly derejede peseldi.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 62.0 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň ýanwar aýyndaky palaw bahasyndan (78.2 manat) ýyldan-ýyla 20.8% arzan. Geçen aýdaky bahalar (60.0 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 3.3% gymmatlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň başga ýurtlarynda hem syn edip bolýar. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä, halkara azyk önümleriniň nyrhy 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýyldan-ýyla 10.4% arzanlady.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň ýanwarynda palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde soganyň nyrhy 69.7% peseldi. Beýleki önümlerden, günebakar ýagynyň bahasy (-43.8%), käşir (-33.3%), bugdaý uny (-22.4%), tüwi (-16.1%) we sygyr eti (-6.3%) arzanlady (Netije 1 seret).

Soganyň bahasy örän uly derejede peseldi

2024-nji ýylyň ýanwarynda soganyň 1 kilogramynyň bahasy 3.8 manat boldy we geçen ýylyň degişli döwründäki bahasy (12.4 manat) bilen deňeşdirilende 69.7% arzan. Soganyň bahasynyň beýle uly derejede peselmesiniň sebäbi 2023-nji ýylyň gyş aýlarynda howa örän sowuk bolup, sogan ekinlerine örän uly zyýan ýetirdi.

Bularyň daşynda, içerki sogan ýetmezçiligi gorkusy sebäpli, Merkezi Aziýa döwletleriniň hemme dördüsi hem 2023-nji ýylyň ýanwarynyň soňlaryna sogan eksportlaryny gadagan edipdiler. Bu bolsa soganyň bahasynyň artmagy bilen netijelendi. Muňa garamazdan, 2023-nji ýylyň aprelinde soganyň täze hasyly üstünlikli ýygnalyp, onuň bahasynyň peselmegine getirdi. Şondan soňra 2023-nji ýyl boýunça soganyň ortaça bahasy 4.3 manat töweregi boldy.

Türkmenistanda satylýan soganlaryň aglaba bölegi ýerli önümçilige degişli we ýurtda soganyň umuman 3 sany görnüşi ekilýär. Gyzyl sogan esasan Ahal welaýatynda (Mäne-Çäçe) we Mary welaýatynda (Hanhowuz), ak sogan Daşoguz welaýatynda we sary sogan Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý we Bäherden etraplarynda ekilýär. Türkmenistanda ýazlyk soganlar esasan Fewral-Mart aýlary ekilip, aprel aýyndan başlap hasyly ýygnalyp başlanýar.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Soňky ýyllarda (2020-2022) Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgemegi manat/dollar kursunuň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýardy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: