Progres.Online

Palaw Indeksi Iýul / 2022

Iýul 2022: Palawyň bahasy ikinji aýda hem arzanlamagyny dowam edýär.

Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 2022-nji ýylyň iýul aýynda 86.6 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky, iýun 2022-däki palaw bahasyndan (85.7 manat) aýdan-aýa 1.1% gymmat we geçen ýylyň (2021) iýulyndaky palaw bahasyndan (95.3 manat) bolsa ýyldan-ýyla 9.1% arzandyr. Palawyň ýyllyk deflýasiýasy şu ýylyň içinde iki aýlap yzygider ýüze çykdy we geçen aýda (iýun 2022) 13.4% arzanlapdy. Palaw bahasynyň ilkinji ýyllyk deflýasiýasy 2022-nji ýylyň aprel aýynda 14.2% peseliş bilen ýüze çykypdy. 2022-nji ýylyň beýleki aýlarynda (ýanwar, fewral, mart, we maý) bolsa palawyň bahalary ýyldan-ýyla deňeşdirilende artypdy.

Geçen aýdaky hasabatda ýüze çykan baha üýtgeşmelerine meňzeş şekilde, 2022 iýulda hem tüwiden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy ýyldan-ýyla arzanlady. Käşiriň bahasy (-59%), günebakar ýagy (-33%), sogan (-20%), sygyr eti (-9%) we bugdaý uny (-6%) arzanlan bolsa, şo bir wagtyň içinde tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla 38% gymmatlady (Netije 1 seret).

Käşiriň bahasy näme üçin şeýle uly derejede peseldi?

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, käşiriň bahasy iýul 2022-de ýyldan-ýyla 59% arzanlady. Käşir bahalary şeýle hem, iýun 2022-de 63%, aprel 2022-de 40%, mart 2022-de 30%, we fewral 2022-de 51% düşdi. Görşümiz ýaly, 2021-nji ýyldaky aýlar bilen deňeşdirilende, käşiriň bahalary 2022-nji ýylda uly derejede peseldi. Biz 2020-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, şu güne çenli käşir bahalaryny çöpledik we bahalaryny deňeşdirdik. Biziň gözleglerimize görä, 2021-nji ýylda käşiriň bahalary 2020 we 2022-nji ýyllar bilen deňeşdirilende örän gymmat. Aşakda ýerleşdirilen 2-nji Netijede käşiriň bahalarynyň ýanwar 2020 we iýul 2022 arasyndaky üýtgetmelerini görüp bilersiňiz.

Ýokardaky 2-nji Netijede belli bolşy ýaly, 2021-nji ýylda käşiriň bahalary örän gymmatlapdyr, hususan hem 2021-nji ýylyň maý we sentýabr arasynda. Esasy sorag 2022-nji ýylda käşiriň bahasynyň näme üçin arzanlandygy däl-de, näme sebäpden onuň bahasynyň 2021-nji ýylda ýokary bolanlygydyr. 2020 we 2022-nji ýyllarda käşir bahalary birneme meňzeş bolupdyr we 2021-nji ýyldaky bahalar bulardan tapawutlanýar. Bu sebäpden, biz 2021-nji ýyldaky käşir bahalarynyň artmagynyň arkasyndaky sebäpleri gözlemäge synanşarys.

Biz munuň üçin 3 sany düşündirişi öňe sürýäris:

  1.  Garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli 2021-nji ýylda käşir önümçiligi pes boldy (meselem, gurakçylyk, suw ýetmezçiligi we ş.m.)

Käşir adatça irki tomus aýlarynda ekilýär we hasyly güýz aýlarynyň soňlarynda ýygnalýar. Käşirler şeýle hem gyş pasly boýunça parniklerde ýetişdirilýär we hasyl ýaz paslynda ýygnalýar. FAO-nyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky käşiriň önümçiligine degişli maglumatlar diňe 2020-nji ýyla çenli elýeterli we 2021 we 2022-nji ýyllar üçin sanlar açyk belli edilmeýär. 2020-nji ýyldaky käşir önümçiligi ýyllyk 71,650 tonna bolupdyr we soňky 10 ýylyň içinde 70,000 tonna ýakyn mukdarda durnukly şekilde saklanyp gelýär. Türkmenistan hökümeti ýyllyk käşir önümçiligi baradaky maglumatlary aýan etmeýär.

Mümkin bolup biljek düşündiriş hökmünde, klimatyň üýtgemegi arkaly ýygylygy çaltlaşan gurakçylyk, topragyň şorlanmagy we howanyň pes temperaturalary netijesinde käşiriň ösmegini çäklendirýän esasy faktorlar bolmagy mümkindir. 2021-nji ýylyň maý, iýun we iýul aýlarynda ýurtda rekord derejede ýokary temperaturaly howa ýüze çykdy. Metejournal neşiriniň habar bermegine görä, 2021-nji ýylyň 30-njy maýynda Aşgabatdaky howa temperaturasy 44.8 gradusa ýetdi we bu hadysa soňky 130 ýylyň içindäki iň ýokary temperaturadyr. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenabat şäherinde howa 45.1 gradus yssy boldy we 1894-nji ýyldan bäri bu şäherdäki iň ýokary temperaturadyr. Şeýle hem, şo ýylyň 5-nji iýulynda Sarahsdaky syn edilen howa 48.2 gradusa barabar boldy. Ýokary temperaturalaryň netijesinde ýüze çykan gurakçylyk sebäpli käşiriň önümçiligi peselip, onuň bahasy artan bolmagy ähtimal. Ýeri gelende aýtsak, ýokarda agzalyp geçilen howanyň temperaturalary bütin maý, iýun, we iýul aýynyň herbir gününde ýüze çykman, aýratyn günlerde syn edilen şertlerdir. Emma muňa garamazdan, bu aýlardaky ortaça howanyň temperaturalary hem beýleki ýyllar bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda has ýokary boldy.

  1. Eýrandan gelýän käşir importlarynyň azalmagy

Türkmenistan 2021-nji ýylda Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesi ýurtlaryndan (Russiýa, Gazagstan, Gyrgyzstan, Ermenistan, Belarus) käşir import etmedi. Dürli neşirlerdäki habarlara görä, Türkmenistan gök-önüm we miwe önümlerini esasan goňşy Eýrandan import edýär.

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň martyndan bäri COVID pandemiýasy sebäpli ýer we howa menziller ýapyk saklandy. Ýük ulaglary we demir ýollary hem serhet geçelgelerindäki gümrük barlag nokatlarynyň ýapylmagyndan täsirlendiler. Meselem, Eýrandan gelýän ýükler üçin Sarahs geçelgesi mart 2020-de ýapylyp, diňe 2022-nji ýylyň iýun aýynda dolulygyna açyldy. Şol seneden öň, 2021-nji ýylyň dowamynda az mukdarda tranzit üçin serhetler bölekleýin açyk bolup şol serhetden geçýän demir ýollar diňe 30% kuwwatlykda işleýärdi. Özbegistan bilen hem serhetler mart 2020 we noýabr 2021 arasy ýapykdy. Gysgaça aýtsak, 2021-nji ýylyň dowamynda serhet terminallarynyň köpüsi ýa dolulygyna ýapykdy ýa-da birnäçe çäklendirmeler bilen azaldylan ýagdaýda işleýärdi. Bu bolsa Türkmenistanyň Eýrandan import edýän käşiriniň mukdaryny peseldip, onuň ýurtdaky bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.

23 awgust 2021 we 21 maý 2022 arasynda Eýranyň Türkmenistana nebit-däl eksportlarynyň möçberi 276.6 million ABŞ dollaryna deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 89% köpdür. Bu döwürde Eýrandan esasy eksport edilen harytlaryň hatarynda gök-önüm we miwe önümleri hem ýer alýar. Bularyň içinden käşir eksportynyň anyk mukdary aýan edilmeýän hem bolsa, umumy eksportlaryň 89% artmagy käşir üçin hem täsir edendir diýip çaklap bileris. Eýranyň Türkmenistana iýmit eksportlarynyň mukdary 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda düýpgöter az bolanlygy sebäpli, 2021-nji ýylda Türkmenistanda satylan käşiriň ýokary bahalarynyň sebäpkäri bolup biler.

  1. Dollaryň gara bazar kursunyň peselmegi sebäpli

Türkmenistandaky gara bazar dollar kursy geçen ýylyň (2021) iýul aýynda ortaça 32.9 manat bolan bolsa, şu ýylyň iýul aýynda (2022) 19.3 manada çenli düşdi. Bu bolsa bir ýylda 41.3% peselişdir. 2021-nji ýyldaky has ýokary walýuta kursy käşir importlarynyň bahasyny artdyrar, şeýle hem önümçilik üçin zerur bolan çyg-mallaryň we enjamlaryň bahalaryna hem täsirini ýetirer. Bu sebäpden, 2021-nji ýylda Türkmenistanda satylýan käşiriň bahalary hem 2022-nji ýylyň degişli döwründen has gymmat bolmagy mümkin.

Palawyň bahasynyň aýma aý üýtgemegi

Palaw ingredientleriniň aýlyk bahalary 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 116,4 manatdan, 2022-nji ýylyň iýul aýynda 86,6 manada çenli yzygiderli peselip gelýär we bu 25.6% peselişdir. Dollaryň gara bazar kursuna syn edenimizde bolsa, ol 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 27.3 manatdan, 2022-nji ýylyň iýul aýynda 19.3 manada çenli peseldi we bu bolsa 29.5% azanlyşdyr (Netije 3 seret).

Metodologiýa 

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters:

Your Header Sidebar area is currently empty. Hurry up and add some widgets.