Progres.Online

Palaw Indeksi Dekabr / 2025

Dekabr 2025: Palaw Bahalary 36% Gymmatlady.

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 83.9 manat boldy. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň dekabryndaky 61.7 manat bilen deňeşdirilende 36% ýokarydyr. Bu ösüş esasan sygyr etiniň gymmatlamagy bilen netijelendi. Bütin 2025-nji ýyl boýunça Palaw Indeksindäki ortaça ýyldan-ýyla artyşy 16.3% boldy. Halkara derejesinde FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi bütin 2025-nji ýyl boýunça 4.3% ýokarlandy.

Aşgabatda esasy önümleriň ýyllyk bahasyndaky üýtgeşmeler

Bütin 2025-nji ýyl boýunça palaw taýýarlamak üçin gerekli käbir önümleriň bahasy pese gaçsa-da, beýlekileriňki ep-esli ýokarlandy.

  • Peseliş: bütin 2025-nji ýyl boýunça tüwiniň bahasy 19.3% düşdi, käşir 8.6% we günebakar ýagy 1.9% arzanlady.
  • Artyş: soganyň bahasy iň ýokary derejede 79.3% artdy. Şeýle hem sygyr eti 35.7% we bugdaý uny 15.1% gymmatlady.

Sygyr etiniň bahasy artmagyna dowam edýär

Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri üznüksiz artmagyna dowam edýär. Hronika Türkmenistan metbugatynyň aýtmagyna görä, ýurtda, esasan hem Ahal welaýatyna iri şahly mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy bilen düşündirilýär. Haýwanlar gurakçylyk, iým ýetmezçiligi we keselçilik sebäpli gyrylyp, etiň bahasynyň artmagyna getirýär diýip billenilýär. Etiň bahasy şu aý (dekabr 2025) 95 manada ýetdi we geçen ýylyň degişli döwründe onuň nyrhy 60.8 manatdy.

Aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?

Türkmenistanda her ýylda bolşy ýaly 2025-nji ýylda hem aýlyk zähmet haklary 10% artdyryldy we iň pes aýlygyň möçberi 1410 manat boldy. 2025-nji ýylda iň pes pensiýalaryň möçberi aýda 550 manat. Palaw Indeksindäki bahalar 2025-nji ýylyň ýanwar we dekabr aýlary arasynda ortaça 16.3% ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary depginde artýandygyny görkezýär.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.