Ýyllyk hasabat: Palaw Indeksi 2022-nji ýylda ortaça 7.1% peseldi.
Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 2022-nji ýylyň dekabrynda 77.1 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky palaw bahasyndan (80.6 manat) aýdan-aýa 4.4% arzan we geçen ýylyň dekabryndaky palaw bahasyndan (89.4 manat) bolsa ýyldan-ýyla 13.8% pesdir.
Palaw Indeksi, 2022-nji ýyldaky 12 aýyň dowamynda ortaça ýyldan-ýyla 7.1% peseldi. Ýatlatsak, Palaw Indeksi 2021-nji ýyl boýunça ýyldan-ýyla ortaça 55.6% ýokarlanypdy. 2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlary aralygyndaky her aý üçin ýyldan-ýyla inflýasiýa derejesi barada has giňişleýin maglumat üçin 1-nji Netijä serediň
Ýokardaky sanlara görä, 2022-nji ýylyň başynda palaw bahalarynyň ep-esli ýokarlanandygyny, emma aprel aýyndan soňra bolsa bahalaryň uly derejede peselendigini görüp bilýäris. Bahalardaky peseliş üznüksiz bolup, 2022-nji ýylyň aprel-dekabr aýlary aralygynda 9 aýlap yzygiderli düşdi. 2022-nji ýylyň awgust aýynda meselem 28.8% çenli bahalar düşüpdi. Soňky aýlardaky hasabatlarymyza syn salsak, palaw bahalarynyň yzygiderli peselmegine sebäp bolup biljek hadysalaryň biri walýuta alyş-çalşygyndaky gara bazar hümmetiniň düşmegidir. Dollaryň gara bazardaky ortaça ýyllyk hümmeti 2021-nji ýylda 28.9 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylda 19.3 manata çenli azaldy we bu 33.2% peselişdir.
Harytlar onda näme üçin diňe 7.1% arzanlady?
Gara bazar kursundaky üýtgeşmeler hemme harytlara deň derejede täsir etmeýär we harytdan-haryda görä üýtgeýär. Şeýle hem, harydyň öndürilen ýerine görä hem üýtgäp bilýär. Import edilýän harytlar daşary ýurtlardan diňe daşary ýurt walýutalarda satyn alynýanlygy sebäpli, dollaryň gara bazar kursy import edilýän harytlaryň bahalaryna gönümel täsirini ýetirýär. Palaw Indeksindäki harytlaryň arasynda günebakar ýagy we bugdaý uny esasan Russiýadan we Gazagystandan import edilýär. Palaw Indeksinde, günebakar ýagynyň bahasy 2022-nji ýylda ýyldan-ýyla ortaça 21.6% peseldi we bugdaý uny 7.6% peseldi. Gara bazar kursunyň 2022-nji ýylda ortaça 33.2% düşmegine garamazdan, günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalary meňzeş derejede peselmedi. Munuň sebäbi, uny we ýagy Türkmenistana eksport edýän Russiýanyň we Gazagystanyň telekeçileri hem satýan bahalaryny ýokarlandyrdylar. Meselem, Gazagystandan Türkmenistana eksport edilýän bugdaý ununyň bahasy 2022-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda 17.3% gymmatlady.
FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksine görä, halkara azyk önümleriniň bahalary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda ortaça 14.3% ýokarlandy.
Palaw Index-iň düzüminde tüwi we sygyr eti esasan ýurduň içinde öndürilýär, emma käşir we sogan bolsa hem içerde, hem-de daşary ýurtlardan import edilýär. Ýerli önümler hem gara bazar kursundaky üýtşeşmelerden bölekleýin ýa-da gytaklaýyn täsirlenip bilýärler. Önümçilikde ulanylýan enjamlar we çig-mallar meselem daşary ýurtlardan import edilýär. Bu sebäpden, haryt içerde öndürilen hem bolsa, gara bazar kursy onuň bahasyna bölekleýin täsir edip bilýär.
COVID-19 çäklendirmeleriniň täsirleri
Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasyna degişli girizilen çäklendirmeleriň azalmagy netijesinde, daşary ýurtlardan import edilýän käbir önümleriň bahasynyň üýtgemegine sebäp boldy. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň başynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli Türkmenistan daşary ýurtlar bilen gury ýer we howa serhetlerini bütinleýin ýapdy we onuň netijesinde daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň bahalaryna ýaramaz täsir etdi. Esasan hem, goňşy ýurt Eýrandan Türkmenistana haryt daşaýan ýük awtoulaglary üçin birnäçe çäklendirmeler girizildi. Türkmenistanyň daşary ýurtdan import edýän gök we miwe önümleriniň köp bölegi Eýrandan gelýär.
Serhetler 20 aýlap ýapyk saklanansoň, Türkmenistan 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Eýranyň ýük awtoulaglary üçin serhet geçelgelerini açdy, emma serhede gelen harytlary diňe Türkmenistanly ýük ulag sürüjileri tarapyndan ýurduň içine salynmagyna rugsat berildi. Beýle artykmaç çäklendirmeler telekeçileriň ýük üçin çykdajylaryny artdyrýar we import edilen harydyň bahasynyň galmagyna sezewar bolýar. Daşary ýurtdan gelýän ýük ulag çäklendirmeleri 2022-nji ýylyň noýabr aýynda dolulygyna ýatyryldy. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylda çäklendirmeleriň ýatyrylmagy netijesinde Türkmenistana import edilýän harytlaryň bahalarynyň arzanlamagyna sebäp bolup biler. Muňa düşündiriş hökmünde, Eýranyň Türkmenistana eden eksportlarynyň geçen ýylyň degişli döwür bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylyň mart-noýabr aýlarynda 35.6% artmagy görkezilip bilner (Business Turkmenistan).
Palaw ingedientleriniň bahalary
2022-nji ýyl boýunça palaw ingredientleriniň bahalarynyň ýyldan-ýyla görä ortaça üýtgeşmelerini hasapladyk. 2022-nji ýylda käşiriň bahasy ortaça (-43.5%), günebakar ýagy (-21.6%), sogan (-17.1%), bugdaý uny (-7.6%) we sygyr eti (-2.0%) arzanlady. Tüwiniň bahasy 2022-nji ýylda ortaça 15.7% artdy. Has giňişleýin maglumat üçin 2-nji Netijä serediň.
Palaw Indeksinde 2022-nji ýylda baha artyşyny gören ýeke-täk haryt tüwidir. Indeksdäki beýleki harytlar 2022-nji ýylyň aprel aýyndan başlap her aý yzygiderli arzanlan bolsa, tüwiniň bahasy tersine artyş gördi. Bütin 2022-nji ýyl boýunça, tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla diňe aprel aýynda -12.2% bilen peselipdi. 2022-nji ýylyň beýleki aýlarynda bolsa onuň bahasy 3%-den 41% aralygynda ýokarlandy (3-nji Netijä serediň).
Palaw ingredientleriniň arasynda, öndürilmesi üçin iň köp mukdarda suw talap edýän ekin şalydyr we 1 kg tüwi öndürmek üçin takmynan 2500 litr suw gerek bolýar (Water Footprint Network). Türkmenistan soňky aýlarda ýiti suw ýetmezçiliginden ejir çekýär, bu bolsa oba hojalygynyň önümçiligine ýaramaz täsir edýär. Resmi taýdan habar berlen tüwi önümçiligi 2022-nji ýylda 82,400 tonna bolup, 2020-nji we 2021-nji ýyllardaky ýygnalan tüwi hasyllaryndan üýtgewsiz galýar. Şeýle-de bolsa, ýurtda statistiki maglumatlaryň aýdyňlygynyň ýoklugyny göz öňünde tutsak, suw ýetmezçiligi sebäpli 2022-nji ýyldaky tüwi hasylynyň hakyky möçberi azyrak bolup biler. Tüwi önümçiliginiň peselmegi bolsa bazardaky tüwi üpjünçiliginiň azalyp, onuň bahasynyň artmagyna sebäp bolup bilýär.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.