Awgust 2023: palawyň bahasy 22% arzanlady.
Käşiriň bahasynda görnetin 52% artyş
2023-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 68.2 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň awgust aýyndaky palaw bahasyndan (87.0 manat) ýyldan-ýyla 21.7% arzan. Geçen aýdaky bahalar (68.8 manat) bilen deňeşdirilende hem, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 0.9% düşdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň awgustynda sogan we käşirden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde, soganyň bahasy 16.7% we käşiriniň nyrhy 51.5% artdy. Şol bir wagtyň içinde, bugdaý ununyň bahasy 50% peseldi. Beýleki harytlardan, günebakar ýagy (-47%), tüwi (-27.7%) we sygyr eti 14.5% arzanlady (Netije 1 seret).
Käşiriň bahasy 2021-nji ýylyň Sentýabryndan bäri iň ýokary bahasyna ýetdi
2023-nji ýylyň awgustynda käşiriň bahasy geçen ýylyň degişli döwri (awgust 2022) bilen deňeşdirilende 51.5% artdy. Käşiriň 1 kilogram bahasy degişli döwürde 3.4 manatdan 5.2 manada ýokarlady. Aýdan-aýa deňeşdirenimizde bolsa, käşiriň bahasy 2023-nj ýylyň iýulynda 3.4 manatdan 2023-nji ýylyň awgustynda 5.2 manada ýokarlandy we bu 52.2% artyş.
2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň käşir importynyň mukdary ýyllyk 2000 ABŞ dollaryndan geçmeýär (OEC). 2018-nji ýyldan öň Türkmenistan uly mukdarda Eýrandan käşir import edýärdi. Mundan tapawutlylykda, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň umumy käşir we turp eksportlarynyň möçberi 325,000 dollara deň boldy we mundan öňki ýyllara görä has ýokary derejedir.
Türkmenistan her ýylky käşir önümçiligini açyk şekilde paýlaşmaýar. FAO-nyň web sahypasynda Türkmenistandaky ýyllyk käşir önümçiligine degişli sanlar 2021-nji ýyla çenli paýlaşylan we 2022, 2023-nji ýyllar üçin heniz maglumat elýeterli däl. 2021-nji ýylda käşir önümçiligi ýurtda 72,385 tonna barabar boldy we soňky 5 ýyldaky ortaça käşir önümçiligi ýyllyk 71,000 tonna töwereginde boldy. Türkmenistanda käşir adatça irki tomus aýlarynda ekilýär (bugdaý ýygymyndan soňra) we güýz aýlarynda bolsa käşir hasyly ýygnalýar. Käşir şeýle hem gyş aýlarynda ýyladyşhanalarda ekilip, ýaz aýlarynda hasyly ýygnalyp bilinýär.
Türkmenistanly käbir daýhanlaryň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylda käşir ekýän daýhanlaryň sany azalypdyr. Munuň sebäbi käşiriň bahasy arzan bolany üçin onuň girdejisi az bolýan eken. Netijede, käşir önümçiliginiň azalyp, onuň bahasynyň ýokarlanmagyna getiripdir. Emma bu maglumatlary biz garaşsyz şekilde subut edip bilmeýäris, sebäbi Türkmenistan käşir önümçiligi baradaky maglumaty açyk şekilde paýlaşmaýar.
Halkara azyk bahalary
Azyk önümleriniň bahalary diňe Türkmenistanda däl, eýsem dünýä derejesinde hem peselýär. FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä, halkara azyk önümleriniň bahasy 2023-nji ýylyň awgustynda ýyldan-ýyla 11.8% düşdi. Ösümlik ýagyndaky baha peselişi has hem ýokary boldy we ýyldan-ýyla 23% peseldi. Munuň sebäbi ösümlik ýagynyň importlaryna bolan islegiň azalmagy we eksport edýän ýurtlaryň ýag önümçiliginiň has ýokary bolmagydyr. Halkara et bahalary hem ýyldan-ýyla 5.4% peseldi, sebäbi eksport edýän ýurtlarda, hususan hem Awstraliýada et üpjünçiligi artdy we Hytaý tarapyndan et importlary azaldy. Bugdaýyň bahasyny öz içine alýan halkara galla bahalary hem 2023-nji ýylyň awgust aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14.1% peseldi.
Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy
Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär we bu peseliş soňky wagtlardaky dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýardy. Emma soňky aýlarda bu baglanşygyň gowşaýandygyny görmek bolýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy (3-nji Netijä serediň).
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.
Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.