Progres.Online

Palaw Indeksi Aprel / 2022

Aprel 2022: Palawyň bahasy 7 aýyň içinde ilkinji gezek arzanlady.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde bir maşgala üçin palaw bişirmegiň ortaça çykdajysy 2022-nji ýylyň aprel aýynda 78.7 manat boldy. Bu bolsa geçen aýdaky, 2022-nji ýylyň mart aýyndaky (79 manat) bahadan 0.3% arzan we geçen ýylyň (2021) aprel aýyndaky (91.8 manat) palaw bahasyndan bolsa 14.2% arzandyr. Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylyň oktýabyr aýyndan bäri çap edýän aýlyk Palaw Indeksimizde ilkinji geçek ýyllyk deflasiýasy (bahalaryň arzanlamagy) syn edildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy arzanlady. Bulardan käşiriň bahasy 40%, sogan 39%, günebakar ýagy 26%, bugdaý uny 18%, tüwi 12%, we sygyr eti 5% arzanlady(Netije 1 seret).

Dollaryň gara bazar nyrhynyň täsiri nähili?

1 ABŞ dollarynyň gara bazar kursy geçen ýylyň (2021) aprel aýynda ortaça 37.8 manat bolan bolsa, onuň ortaça kursy bu ýylyň (2022) aprel aýynda 19.4 manat boldy, ýagny 50% ýakyn derejede peseldi. Onda näme üçin dollaryň gara bazar kursunyň 50% peselendigine garamazdan, 2022-nji ýylyň aprelinde Palaw Indeksiniň ýyllyk inflýasiýa derejesi diňe 14.2% azaldyka?

Birinji bilen, ABŞ dollarynyň gara bazar kursy Palaw Indeksindäki ingredientleriň hemmesine gönüden göni täsir etmeýär. Bugdaý ununyň, tüwiniň, käşiriň, sygyr etiniň we sogan önümçiliginiň aglaba bölegi Türkmenistanda bolmagyna garamazdan, dollaryň kursy bu harytlaryň bahasynyň üýtgemegine gytaklaýyn täsir edip biler. Meselem, oba hojalygy üçin zerur bolan tehnikalar, tohumlar we önümçilik üçin zerur bolan beýleki goşundylar daşary ýurtlardan dollarda satyn alynýar. Günebakar ýagynyň aglaba bölegi bolsa daşary ýurtdan, esasan hem Russiýadan import edilýär. Netijede, dollaryň gara bazar kursunuň islendik derejede üýtgemegi Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň bahasyna gönüden-göni täsir edýär.

Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen (aprel 2021) deňeşdirilende 26% arzanlady, emma dollaryň kursy bolsa şo bir wagtyň içinde 50% peseldi. Russiýadaky günebakar ýag öndürijileri öz harytlaryny 2021-nji ýylda 22.9% ýokarlandyrdy we şo ýylda Türkmenistanyň Russiýadan satyn alan günebakar ýagynyň bir litriniň bahasy 1.52 ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýlelik bilen, Russiýadan eksport edilýän günebakar ýagynyň bahasynyň artmagyny göz öňünde tutsak, 2022-nji ýylyň aprelindäki dollaryň kursy bilen günebakar ýagynyň ýyllyk inflýasiýanyň arasyndaky tapawudy düşündirip bolar.

Ýatlatsak, Russiýa hökümeti günebakar ýagynyň eksportyna 2022-nji ýylyň 15-nji aprel- 31-nji awgust aralygynda 1,5 million tonna eksport kwotalaryny girizipdi. Onuň netijesinde, Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň bahasy 2022-nji ýylyň mart aýynda 32.4 manatdan aprel aýynda 35.2 manada çenli 8.6% ýokarlanmagyndaky sebäp hökmünde görkezip bolar. FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksine görä, 2022-nji ýylyň aprelinde halkara azyk önümleriniň bahasy hem 29,8% artdy. Azyk Bahalary Indeksine görä, ösümlik ýagynyň halkara bazarlarynda bahalary hem 2022-nji ýylyň aprelinde geçen ýylyň degişli döwri bilen (aprel 2021) deňeşdirilende 46,4% ýokarlandy.

Ikinjiden, gara bazarda dollaryň kursy pese gaçsa-da, satyjylar önümleriň bahasyny derrew arzanlatmak islemeýärler, sebäbi has gymmat kurs döwründe satyn alan harytlary ellerinde galan bolmagy ähtimal. Mundan başga-da, dollar kursunuň durnuksyzlygy sebäpli dollar ýene galyp biler gorkusy bilen satyjylar harytlaryň bahasyny birbada arzanlatmaýarlar. Adatça satyjylar dollaryň kursy ýokarlananda çalt reaksiýa berýän bolsa, dollaryň kursy peselen halatynda bolsa haýal reaksiýa görkezýärler. Şonuň üçin satyjylar ilki bilen harytlaryň bahalaryny walýutanyň kursuna görä sazlamazdan ozal onuň durnuklylygyna ynanmagy isleýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanda öndürijileriň sany birnäçe bolup, olar müşderileri özüne çekmek üçin, bäsdeşmegine mümkünçilik döredýän bäsdeşikli bazar ykdysadyýeti ýok. Şonuň üçin bazar prinsiplerine esaslanýan düşündirişleri bu ýerde doly ulanyp bolmaýar.

Palawyň aýma-aý baha tapawudy nähili?

Palaw ingredientleriň bahalary aýma-aý deňeşdirilende, olaryň bahasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda 116.4 manatdan 2022-nji ýylyň mart we aprel aýlarynda 78-79 manada çenli ep-esli arzanlady. Umuman aýdanyňda, 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2022-nji ýylyň aprel aýyna çenli palawyň bahasy 32,4% arzanlady. ABŞ dollarynyň gara bazardaky kursy bolsa, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda 27. 3 manatdan 2022-nji ýylyň aprelinde 19,4 manada çenli azaldy, bu bolsa 29.1% peselişdir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: