Progres.Online

Merkezi Aziýada ýer titremeleriniň täze katalogy

Merkezi Aziýada bolup geçen taryhy ýer yranmalaryň täze katalogy Italiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň gözlegçileri tarapyndan düzülip ylmy zurnalynda (Natural Hazards and Earth System Sciences) çap edildi. Katalogda ýer titremesiniň ululygyny habar berýän, ölçemek üçin dürli usullaryny ulanýan birnäçe maglumatlar bazasyndan maglumatlar ýygnalypdyr – 77,000 gowyrak ýer yranmalary girýär.

Katalog alymlara, ilata we hökümetlere has gowy strategiýalary işläp düzmäge kömek etmek üçin niýetlenýär.

Merkezi Aziýa sebitinde kän ýer titremesi bolýar. Şol sanda dört aktiw seýsmiki sebiti bolan Türkmenistanda-da köp sanly ýer titremesi boldy: Türkmen-Horasan, Balkan-Hazar, Elburskiý we Garuda-Kugitang. Bu sebitlerdäki iň güýçli ýer titremeleriň arasynda 1895-nji ýylda Krasnowodsk, 1929-njy ýylda German, 1946-njy ýylda Gazanjik, 1948-nji ýylda Aşgabat we 2000-nji ýylda Balkan welaýaty ýaly ýerler bellenilýär.