Progres.Online

Türkmen kinosy: Mankurt

Ýaş türkmenistanlylaryň hökman görmeli filmleriniň biri. Film “mankurtlaşmakdan”, “beýni ýuwmakdan” we aň gulçulygyndan söz açýar.

Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aitmatowyň “Asyrdan-da uzaga çeker gün” (“И дольше века длиться день”) meşhur romanyndaky mankurt baradaky rowaýaty Sowet döwründe Merkezi Aziýalylaryň öz medeni geçmişini, däp-dessurlaryny we dillerini saklamak üçin göreşmelidigini ýada salan bolsa, şu wagt bu film bizi Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen jemgyýetimizde başlan uýtgeşmeleri, actual meseleleri barada oýlanmaga çagyrýar.

Mankurt

SSSR / Türkiýe / Liwiýa

“Turkmenfilm” studiýasy, 1990 ýyl

Reňkli, 86 minut

Rezissýor: Hojaguly Narlyýew

Senariýasy: Mariýa Urmatowa

Surata düşüren: Nurtaý Borbiýew

Kompozitor: Redjep Redjepow

Aktýorlar we aktrisalar: Tarik Tarjan, Maýa Aýmedowa, Ýilmaz Duru, Hojaguly Narlyýew, Maýsa Almazowa.

Film bir türk taýpasynyň ýeňilmegi bilen başlaýar. Ýesirlige düşenler ölüme ýa-da doly ýadyny, huşuny ýitirmäne sezewar bolýarlar. Film öz watanyny goramana çykan, duşmanyň eline düşen söweşiji Ýolaman barada. Ýolaman watanyny basyp alanlara hyzmat etmek üçin tussag edilýär, gynalýar we beýnisi ýuwulýar. Ol şeýle bir uýtgeýär welin, ol ony ýesirlikden halas etjek bolýan ejesini öldürýär. Film Ýolamanyň ejesi barada ýatlamalaryny saklamaga synanyşýan, psihologiki göreşini yzarlaýar. “Mankurt” öz adyny, gelip çykyşyny, öz kowmuny, hatda kakasyny we ejesini ýatdan çykarýar.

“Mankurt” rowaýaty adamyň ýatlamalaryna, huşuna kast edip, ideal gullaryň nädip döredilýändigini suratlandyrýar. Şiri diýlip atlandyrylýan düýäniň çig derisi tussag edileniň syrylan kellesine geýdirilýär. Soňra tussaglar açyk sährada, ýanyp duran günüň aşagynda iýmitsiz, suwsyz galdyrylýarlar. Suwsuzlykdan ýa-da açlykdan ölmän galsalar, ýesirlerde düýäniň derisiniň guramagy çydap bolmajak agyrylary döredýär. Bu synagdan soň aman galan az sanly adamlar öýlerine dolanmak ýa-da hojaýynyna garşy gozgalaň etmek islemeýän gula öwrülýärler.

“Mankurt” Siriýada we Türkiýede bölekleýin surata düşürildi. Bu köpmilletli film türkmen kino pudagy üçin hakyky bir uýtgeşik pursaty döretdi. Gynansagam, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda bu gazanylan üstünlikler filme bolan syýasy şübheler we maliýe ýetmezçiligi sebäpli ýatdan çykaryldy.

Mankurt, University of Pittsburgh

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: