Jorj Waşington uniwersitetiniň Merkezi Aziýa maksatnamasynyň goldawy bilen “Yslamyň rus perspektiwalary” taslamasy tarapyndan ýerleşdirilen “Sowet döwrüniň Merkezi Aziýa memuarlary” ýygyndysy indi internetde köpçülige hödürlenýär.
Häzirki wagtda takmynan 70 sany sanly görnüşe geçirilen we OCR* formatly memuarlary we ego-dokumentleri özünde jemleýän bu ýygyndy 20-nji asyryň dowamynda çap edilen Merkezi aziýaly (ilkibaşda täjigistanly) ýazyjylaryň memuarlaryny elýeterli etmegi maksat edinýär. Döwrebap we Sowet döwründen öňki memuarlar we tekstler soňky döwürde özüne uly ünsi çekýänligine garamazdan, Merkezi Aziýada 20-nji asyry öz içine alýan şuňa meňzeş materiallar ýygy-ýygydan ünsden düşürilýär ýa-da kitaphanalarda ýa-da onlaýn görnüşde elýeterli bolar öýdülýär. Gynansagam, 20-nji asyryň materiallarynyň köpüsi özbaşdak neşir edilen ýa-da az tiražda çap edilen we olary tapmak aňsat däl.
Ady näbelli suratkeş
Rus we türkmen teksti (arap ýazuwy) Moskwa. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýan neşirler. Türkmen SSR-nyň Saglygy goraýyş boýunça halk komissariaty. 1920-nji ýyllar
Häzirki wagtda “Sowet döwrüniň Merkezi Aziýa memuarlary” ýygyndysy 20-nji asyrda Merkezi Aziýanyň ýazyjylary tarapyndan çykarylan memuarlaryň we degişli resminamalaryň iň uly onlaýn “ammarydyr”. Wagtyň geçmegi bilen bu ýygyndyda jemlenýän materiallar Merkezi Aziýanyň beýleki sebitlerinden has köp göwrümi öz içine alar diýip umyt edilýär. Bu materiallar häzirki wagtda ýerleşdirilenler ýaly Täjigistanda we Merkezi Aziýada işleýän alymlar üçin möhüm çeşme bolup hyzmat eder. Şeýle hem, sebitiň talyplary üçin gymmatly goldaw bolar. Mundan başga-da, bu materiallar sebit we SSSR bilen bagly uniwersitetleriň sapaklarynda öz orunlaryny tapar diýip umyt edilýär.
* OCR (Optical character recognition) usuly kompýutere skanirlenen teksty, şekili okamaga we ony hakyky harplara öwürmäge mümkinçilik berýär.