Progres.Online

Sowet Türkmenistanyň arhitekturasy taryhy çeşmede

1987-nji ýylda Ýu.I.Kasnelson, A.K.Azizow, E.M.Wysoskiý “Sowet Türkmenistanyň arhitekturasy” atly kitaby çap etdiler. Kitapda çuň taryhy kökleri bolan Türkmenistanyň arhitekturasynyň döremegi, asyl halk binagärliginiň gözbaşy we onuň ösüşi barada giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem, awtorlar türkmenistanly gurluşykçylarynyň agyr çöl şertlerinde durmuş üçin amatly täze şäherleri we etraplary, arhitektura taýdan sazlaşykly ýadygärlikler toplumyny, senagat kärhanalary, täze ýaşaýyş jaýlary gurandyklary barada belleýärler.

Kitapdaky maglumatlara görä, Türkmenistanyň çäginde köp sanly binagärlik ýadygärlikleriň saklanyp galmagy ýokary gurluşyk medeniýetiniň subutnamasydyr. Türkmenistanyň territoriýasynda binagärlik-gurluşuk sungaty b.e.ö III asyrda Altyndepe, Parfiýa medeniýeti döwründen başlap ösüp başlaýar. Şol döwürlerde çöl şertlerinde binalaryň berkligini saklamagy üçin jaýlar palçykdan we saman garylan palçykdan gurulyp, haýwanlar we geometrik şekiller bilen bezelipdir. Orta asyrlardaky Horosan we Horezm şalar döwründe hem arap binagärlik usullary bilen bir hatarda, özboluşly milli binagärlik tärlerinde binalar gurulypdyr. Sowet Türkmenistanyň arhitekturasy bolsa täze gurluşyk materiallaryny we innowasion senagat gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak bilen häsiýetlendirilýär.

Türkmenistan SSR-iň (TSSR) umumy territoriýasynyň (488.1 müň km²) 80%-den gowragyny gurak çöller, 7%-ini daglar tutýar. Respublikanyň çäginiň 96%-i gurak ýerlerdir. Ýurduň tutuş meýdanynyň takmynan üçden bir bölegi 7-9 ball ululykda seýsmiki ýer yranmalar sebitine degişli. “Bularyň hemmesi türkmen arhitektorlaryny diňe häzirki zaman şäherleriň we etraplaryň çeperçilik taýdan kämil we ideologiki taýdan baý gurşawyny döretmäge däl-de, eýsem tebigy gurşawy gowulandyrmagyň we ilatyň işlemegi, ýaşamagy we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge borçlandyrýar” – diýip awtorlar nygtaýar.

Ýertitremä degişli bellikler

 Kitapda Beýik Watançylyk uruşyndan soň, 1948-nji ýylda SSSR-iň Lengiprogor şähergurluşyk edarasyna Aşgabadyň täze umumy dizaýn taslamasyny taýýarlamak tabşyrylandygy bellenilýär. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi güýçli weýrançylykly ýertitreme respublikanyň paýtagty Aşgabat şäherini we oňa ýakyn Änew, Pöwrize, Büzmeýin, Gökdepe şäherçelerini ýumurdy. Ýertitremesi çig kerpiçden gurlan binalaryň ählisini we bişirilen kerpiçden gurulan binalaryň aglabasyny, şol sanda 8 bal ululykdaky seýsmiki yranmalara çydamly edilip gurulan binalary ýykdy.

Çeşme: “Sowet Türkmenistanyň arhitekturasy” kitaby, 1987.
 Awtorlar: Ýu. I. Kasnelson, A. K. Azizow, E. M.
Wysoskiý

Awtorlaryň nygtamagyna görä, ýokary hilli bişirilen kerpiçden örülen jemgyýetçilik binalary we bir gatly ýaşaýyş jaýlary abat galdy. Şeýle-de, ýertitremesine garşy agaç ekilen ýerler hem çydamlylyk görkezdi.

Şäheri bütinleý täzeden gurmak gerekdi. Şäheriň dikeldiş taslamasyny düzüji arhitektorlar Baranowa, Kawalli, Benewiça, Rotenberga gysga wagtda şäheri gurmagyň täze taslamasyny işläp düzdiler. Täze taslama şäher merkezine parklary gurmak, agaç oturtmak we esasy köçeleri giňeltmek ýaly şäheri dikeldişi we şähergurluşygyny gowylandyrmagy öz içine alýardy.

Ýertitremeden soň, käbir jaýlar ýyladyjy peçli guruldy. Käbirleri bolsa umumy ýyladyjy peçsiz, zibil ulgamsyz we howlusyz wagtlaýyn jaýlar hökmünde guruldy. Şäherdäki ýaşaýyş jaý gorunyň çalt dikeldilmegi üçin SSSR-iň beýleki ýerlerinden getirilen köp sanly agaç çarçuwalar, paneller we dörtburç daşlar arkaly bir we iki gatly jaýlar guruldy. Bularyň hemmesi belli bir derejede şäheriň gurluşyklarynyň hilini peseltdi.

Çeşme: “Sowet Türkmenistanyň arhitekturasy” kitaby, 1987.
Awtorlar: Ýu. I. Kasnelson, A. K. Azizow, E. M.
Wysoskiý

Kitapda bellenilişine görä, 1955-1956-njy ýyllarda TSSR-de 2-3 gatly jaýlar gurlup başlady. 1970-nji ýyllarda Aşgabatda gurulan K.Marks adyndaky kitaphana (1050-den gowrak okyja niyetlenen) özüniň dizaýny we arhitekturasy üçin 1976-njy ýylda SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp boldy.

Çeşme: “Sowet Türkmenistanyň arhitekturasy” kitaby, 1987.
Awtorlar: Ýu. I. Kasnelson, A. K. Azizow, E. M.
Wysoskiý

Umuman, SSSR döwründe Sowet Türkmenistanda şäherlerde we welaýatlarda ýaşaýyş we şähergurluşuk maksatly ençeme binalar guruldy. Binagärleriň öňündäki wezipe bolsa ýaşaýyş jaýlaryň birmeňzeşliginiň öňüni alyp, gurluşyk materiallarynyň hilini ýokarlandyrmakdy we ýerli klimat şertlerine uýgun şekilde binalary gurmakdy.

Gadymy döwürden tä SSSR-iň tas soňky ýyllaryna çenli Türkmenistanyň binagärligi barada giňişleýin maglumaty “Sowet Türkmenistanyň arhitekturasy” kitabyndan okap bilersiňiz.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: