Bir döwürler pyşyrdamaga hem gaýratymyz çatmazdy. Indi welin Samizdat (hökümetiň gadagan eden ýazgylaryny gizlinlikde çap etmek we ýaýratmak) ýazýarys we okaýarys. Käwagt Ylmy-barlag institutynyň çilim çekilýän otagyna üýşenimizde, çyn ýürekden zeýrenýäris: etmeýän ýakymsyzlyklary ýok, bizi süýremeýän ýerleri ýok! Öýde weýrançylyk bilen garyplyk dowam edýärkä, kosmos barada dereksiz öwünýärler; uzakdaky wagşy režimler güýçlenýär; raýatlyk uruşlary möwjeýär; akylsyzlyk bilen Mao Tse-duny ýetişdirdik (öz hasabymyza) – onuň üstüne urşa sürüljek hem biz bolarys, gitmesek hem bolmaz, gaçyp gutuljak ýerimiz nire? Islän kişilerini sud edýärler, sag adamlary dälihana dykýarlar – ählisi “olar”, biz bolsa – güýçsüz.
Eýýäm düýbe çökdük, eýýäm ählimize ruhy ölüm aralaşdy, fiziki ölüm hem basym tutaşyp, hem özümizi hem çagalarymyzy ýakar. Biz bolsa, edil öňkümiz ýaly, gorky bilen ýylgyrýarys we bazzy-buzzy edýäris. Biziň elimizden näme gelýär? Güýjümiz ýok.
Biz ynsanlygymyzy şeýlebir umytsyz halda ýitirdik welin, şu günüň ujypsyz eklenji üçin, ähli prinsiplerimizden, ruhumyzdan, ata-babalarymyzyň ähli tagallalaryndan, nesillerimiz üçin ähli mümkinçiliklerden el çekeris – diňe şu gözgyny ýaşaýşymyzy bozmazlyk üçin. Bizde ne güýç galdy, ne namys, ne-de ýyly ýürek. Biz hatda ählumumy atom ölüminden hem gorkmaýarys, üçünji jahan urşundan hem gorkmaýarys (mümkin, deşijekde gizleneris), – biz diňe raýatlyk gaýratynyň ädimlerinden gorkýarys! Biz sürüden aýrylmasak bolýar, ýekelikde ädim ätmesek bolýar – birden ak çöreksiz, gaz kolonkasyz, Moskwa propiskasyz galmasak bolýar.
Syýasy sapaklarda gulagymyza guýlan zatlar ganymyza siňipdir: Rahat ýaşasaň, ähli zat hemişe gowy bolar. Gurşawyňdan we sosial şertleriňden gaçyp gidip bolmaýar. Durmuş aňy kesgitleýär. Munda biziň näme dahylymyz bar? Biziň elimizden gelýän zat ýok.
Biz ähli zady başarýarys, ýöne özümizi rahatlandyrmak üçin öz-özümizi aldaýarys. Günä “olarda” däl – günä biziň özümizde! Garşy çykyp bolýar, emma çyndanam kelläňe hiç hili pikir gelmeýär. Agzymyzy ýumdurdylar, bizi diňlemeýärler, hiç zat soramaýarlar. Olara nädip özümizi diňletmeli? Olara gep düşündirjek gümanyň ýok. Olary wezipelerinden aýryp, täze adamlary saýlamak gowy pikir, emma biziň ýurdumyzda saýlawlar geçirilmeýär. Günbatarda adamlar iş taşlaýyş, protest demonstrasiýasyny geçirýärler, emma biz aşa saňsarlan, bu biz üçin örän gorkunç. Nädip birden işiňden ýüz öwürjek? Nädip birden köçä çykjak? Geçen asyrda ajy rus taryhymyzyň synap gören beýleki ýowuz ýollary hem asla biziň üçin däl, dogrusy olar gerek däl.
Indi ähli paltalary çapyp bolansoň, ähli ekilenler gögerensoň, ýurdy terror, ganly gozgalaňlar we raýatlyk uruşlar bilen adalatly we bagtly etmegiň pikirini eden ol özüne göwni ýetýän ýaşlaryň nähili ýollaryny ýitirendigi aýdyň görünýär. Ýok, magaryf atalary, sag boluň! Gabahat usullaryň gabahat netijeleri berýändigini indi bilýäris. Hawa, biziň ellerimiz arassa bolar!
Petige diredikmi? Çyndanam çykalga ýokmy? Bize hiç zat etmän garaşmak galdymy? Birden bir zatlar öz-özünden bolaýsa? Eger biz ony uzakly gün goldap, abraýlap, kuwwatlandyryp otursak, eger iň bolmanda onuň iň duýgur nokatlaryndan – ýalanlaryndan – daşlaşmasak, onuň bizden hiç wagt öz-özi aýrylmaz.
Haçanda zulum adamyň parahat durmuşyna gatyşanda, onuň ýüzi özynamlylykdan lowlaýar, baýdakda göterilýän ýaly “Men zulum! Dargaň, ýol beriň – mynjyradaryn!” diýip gygyrýar. Emma, zulum çalt garraýar. Birnäçe ýyldan ol özüne bolan ynamyny ýitirýär we abraýdan düşmezlik üçin, ýalany özüne ýaran edinýär. Çünki zulum ýalandan başga hiç zatda gizlenip bilmeýär, ýalan bolsa diňe zulum bilen saklanýar. Zulum her gün her egne penje urmaýar: ol bizden diňe ýalanlara boýun bolmagymyzy we her gün ýalançylyga gatnaşmagymyzy talap edýär – wepalylyk hem şunuň bilen ölçenýär.
Bizi azat etjek iň ýönekeý we iň elýeter açar: şahsy islegiň bilen ýalançylyga gatnaşmazlykdyr. Goý ýalan ähli zady örtsün, goý ýalan ähli zady eýelesin, ýöne, iň azyndan muňa men goşant goşmaýyn. Hyýaly hereketsizlik halkamyzda bu diligi dilmek biz üçin örän aňsat we ýalanlar üçin iň ýumrujy hereketdir. Çünki haçanda adamlar ýalandan daşlaşanlarynda, ol ýaşamagyny bes edýär. Edil ýokanç kesel ýaly, ol diňe adamlarda ýaşap bilýär.
Boýun alalyň: biz meýdançalara çykyp, hakykaty zowlatmaga, pikirlerimizi açyk aýtmaga taýýar däl – beýle gorkuly hereket geregem däl. Emma, azyndan pikir etmeýän zadymyzy aýtmakdan ýüz öwreliň! Içimizde kök uran gorkyny göterýän halymyza, iň ýeňil we elýeter ýolumyz şudur. Hemem, bu usul Gandiniň öňe süren raýat boýun egmezliginden has aňsatdyr (aýtmak hem gorkuly).
Biziň ýolumyz: ýalanlary bilgeşleýin goldamazlyk däldir! Biziň ýolumyz: ýalanyň serhedini tapyp (ol her adama üýtgeşik görnüp biler), bu azdyryjy serhetden yza çekilmekdir! Ideologiýanyň öli süňklerini we teňňelerini ýelmeşdirmesek, ýyrtyk esgileri seplemesek, biz ýalanlaryň nähili tiz we çykgynsyz ýykylýandygyna haýran galarys. Şonda näme aýan bolmaly bolsa, şol hem dünýä aýan bolar.
Şeýlelikde, şu çekinjeňligimiz bilen, goý her kim öz ýoluny saýlasyn:
- Ýa-ha bilkastlaýyn ýalanlaryň hyzmatkäri bolup galmaly (maşgalaňy hem ýalançylyk ruhy bilen eklemeli, çagalaryňy hem şol ruhda terbiýelemeli);
- ýa-da ýalanlardan daşlaşyp, adalatly adam bolmaly we çagalaryň hem-de döwürdeşleriň sylagyna mynasyp bolmaly.
Adalatly bolmagy saýlan adam, şol günden başlap:
- Özüniň pikiriçe hakykaty ýoýýan ýeke jümlä hem gol çekmez, ýazmaz, we çap etmez.
- Şahsy gürrüňdeşliklerinde ýa-da köpçülikde, öz adyndan ýa-da başga biriniň görkezmesi bilen, ne ündewçi wezipesinde, ne mugallym, terbiýeçi ne-de aktýor hökmünde ýalan jümle gürlemez.
- Bilkastlaýyn hiç bir ýalan pikiri we ýoýlan hakykaty surat, heýkel, tehniki ýa saz görnüşinde şekillendirmez, alyp barmaz, ýaýratmaz.
- Göwünden turmak, ätiýaçlyk gazanmak ýa-da işini bitirmek üçin, hiç bir “hojaýyna” dilden ýa-da ýazgy arkaly ýaranjaňlyk sözlerini aýtmaz – eger şol sözler bilen başgalar hem ylalaşýan bolmasa ýa-da olar hakykata gabat gelmese.
- Öz islegine we erkine garşy gelýän hiç bir demonstrasiýa ýa-da ýygnaga gatnaşmaz. Dolulygyna ylalaşmaýan transparantyny we şygaryny eline almaz we ýokary galdyrmaz.
- Tüýs ýürekden aýdylmadyk teklibi goldamaz; mynasyp däl ýa-da şübheli görünýän adama aç-açan ýa-da gizlinlikde ses bermez.
- Meseleleriň ýoýlan we mejbury halda maslahatlaşylýan ýygnaklaryna goşulmaz.
- Eger ýygnakda, üýşmeleňde, leksiýada, oýunda we kinofilmde gürleýjiden ýalan söz, ideologik bidereklik ýa-da utançsyz propaganda eşitse, ol ýerden şol bada çykyp gaýdar.
- Maglumatlary ýoýýan ýa-da möhüm faktlary gizleýän gazetleri we žurnallary satyn almaz we olara abuna ýazylmaz.
Biz, elbetde, ýalanlardan daş durmagyň ähli mümkin we möhüm bolan ýollaryny sanap geçmedik. Emma, ýalanlardan bir arassalansaň – arassa göz bilen seretseň, beýleki ýagdaýlary hem saýgarmak aňsatlaşýar. Hawa, bu başda her kime deň täsir etmez. Käbirleri wagtlaýynça işini ýitirer. Bu ilki başda dogruçyllykda ýaşamak isleýän ýaş adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrar. Emma, jogaply sapaklar hem ýalanlardan doly, şonuň üçin saýlamak gerek.
Adalatly bolmak isleýän hiç bir adam üçin aňsat çykalga ýok. Islendik günde, biziň islendigimiz, hatda iň howpsuz tehniki ylymlarda işleýänler hem, iki ýoluň birini saýlamaly bolar – ýa dogruçyllyk ýoly ýa-da ýalançylyk ýoly: ruhy garaşsyzlyga tarap ýa-da ruhy hyzmatkärlige tarap. Öz ruhuny goramaga gaýraty çatmaýan adam bolsa, goý ösen garaýyşlaryna guwanmasyn, özüniň akademikdigi, halk artistidigi, at gazanan işgärdigi ýa-da generaldygy üçin öwünmesin. Goý ol özüne diýsin: “Men gorkak mal. Dok bolsam we üşemesem bolýar.”
Hatda garşylyk görkezmegiň iň aram ýoly bolan bu ýol hem, biziň ýerlerimize gowy ornaşanlarymyz üçin aňsat düşmez. Emma, bu özüňi otlamakdan ýa-da açlyk çekmekden has ýeňildir. Bu ýolda bedeniňe ot degmez, gözleriň gyzgyndan ýarylmaz we maşgalaň üçin hemişe gara çörek bilen arassa suw tapylar.
Bizden aldanan we biwepalyk edilen, beýik Ýewropa döwleti Çehoslowakiýa bize hatda ýaragsyz döşüň hem, eger onda mynasyp ýürek bar bolsa, tanklara garşy durup bilýändigini görkezmedimi?
Bu ýol ýeňil bolmaz, emma mümkin bolan ähli ýollardan iň ýeňili şudur. Bu beden üçin aňsat saýlaw däl, emma ruh üçin ýeketäk çykalgadyr. Ýol agyr, emma bizde eýýäm ýyllarboýy bu punktlara çydap gelýän we dogruçyllykda ýaşaýan onlarça adam bar.
Şeýlelikde: Bu ýola hiç kim ýeke aýak basmaly bolmaz – mundan hemmeler bile ýörär. Bu ýol bize näçe ýeňil we gysga görünse, biz oňa şonça agzybirlike we köplükde çykarys. Biziň sanymyz müňlerçä ýeter we bize hiç kim hiç zat edip bilmez. Biziň sanymyz onmüňlerçe bolar we ýurdumyz tanalmaz derejä geler!
Eger gorkýan bolsak, onda kimdir-biriniň arkaýyn dem aldyrmaýandygy üçin zeýrenmegimizi bes edeliň – dem alyp bilmeýändigimize özümiz günäkär. Başymyzy ýene has aşak egsek we has uzak garaşsak, biolog doganlarymyz pikirlerimiziň okaljak we genlerimiziň üýtgediljek gününi has hem ýakynlaşdyrarlar. Eger gorkýan bolsak, onda örän ejizdiris we umytsyzdyrys. Bu hem Puşkiniň bize nalyşy:
Sürä erkinlik nämä gerek?
…………………………………………..
Olaň nesline goýýan bar mirasy
Jaňly ýüp bilen gamçy
Aleksandr Solženisyn
12-nji fewral, 1974 ý.
ALEKSANDR SOLŽENISYN
1970-nji ýylda edebiýatdan Nobel baýragyny alan Aleksandr Solženisyn 1918-nji ýylda Russiýanyň Kislowodsk şäherinde dünýä inýär. Ol Rostow Uniwersitetinde matematika okaýar we şol bir wagtda Moskwanyň filosofiýa, edebiýat we taryh institutynda uzak aralykdan okalýan sapaklary alýar.
Ol 2-nji Jahan Urşunda Sowet goşunynda ses razwedka komandiri bolup gulluk edýär, frontda uly urşa gatnaşýar, we şahsy gahrymançylygy üçin 3 gezek medal gazanýar. Ol 1945-nji ýylda Stalini tankyt edeni üçin tussag edilýär we sekiz ýyllyk zähmet lagerine ugradylýar. Soňra hemişelik sürgüne ugradylýar. Solženisynyň lagerdäki başdan geçirmeleri onuň “Один день Ивана Денисовича” atly meşhur eseri üçin maglumat ýygyndysy bolýar. Bu eseriň çap edilmegine 1962-nji ýylda rugsat berilýär we bu 1990-njy ýyla çenli Solženisynyň öz ýurdunda bar bolan ýeketäk görnükli işi bolup galýar.
1956-njy ýylda, Kruşowyň reformalary Solženisynyň Gazagystandaky sürgünçiliginiň togtadylmagyna we onuň Moskwa gelmegine mümkinçilik berýär. Ol Moskwada orta mekdepde ýokary klaslaryň matematika, astronomiýa we fizika mugallymy bolup işleýär we ýazmagyny dowam edýär. 1960-njy ýylda oňa “Один день Ивана Денисовича” eserinden başga ýene 4 hekaýany çap etmäge rugsat berilýär. Emma, ol 1969-njy ýylda SSSR-iň Ýazyjylar Soýuzyndan çykarylýar. Onuň “Август Четырнадцатого” we “Архипелага ГУЛАГа” eserleriniň Günbatarda çap edilmegi Sowet hökümetiniň närazylygyna sebäp bolup, onuň 1974-nji ýylda tussag edilmegine, Sowet raýatlygynyň elinden alynmagyna we öz islegine garşy Germaniýanyň Frankfurt şäherine ugradylmagyna sebäp bolýar.
Zürihde biraz wagt ýaşanyndan soňra, 1976-njy ýylda Solženisyn aýaly we ogullary bilen Amerikanyň Wermont ştatyna göçýär. Ol ömrüniň indiki 18 ýylyny oba ýerlerinde ýekelikde geçirýär we “Красное колесо” atly görnükli epopeýasyny hem-de birnäçe kiçiräk işleri ýazýar. Ol azat dünýäde ýazan esselerinde we çykyşlarynda günbatar hökümetleriniň kommunistlige garşy ýeterlik hereket etmeýändigine närazylygyny bildirýär. Şeýle-de ol, Gündogaryň we Günbataryň ikisinde hem gabarylyp barýan açgöz materializmiň döretjek howplary barada duýdurýar.
1994-nji ýylyň maýynda Aleksandr Solženisyn öz ata-watany Russiýa gaýdyp gelýär we ýurda düýpli syýahat edip, müňlerçe adam bilen duşuşýar. Ol ajaýyp depginde ýazmagyny dowam edýär we özüniň Günbatardaky ýyllarynyň memuary bolan “Угодило зёрнышко промеж двух жерновов” eserini; “Россия в обвале” eserini; we “Письмо вождям Советского Союза,” “Как нам обустроить Россию?,” we “Русский вопрос” ýaly taryhy esselerini ýazýar. Ondan başga-da, sekiz sany iki bölekli hekaýalary, 20-nji asyr ýazyjylaryny tankytlaýan 12 esseni, 2001-2003 ýyllarda bolsa, rus we ýewreý halklarynyň Russiýadaky taryhy barada “Двести лет вместе: 1795-1995” eserini ýazýar.
1997-nji ýylda, Solženisyny Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy bolýar we 2007-nji ýylda rus döwlet baýragy bilen sylaglanýar. 2006-njy ýylda onuň 30 tomluk täze uly eseri çap edilip başlanýar. Aleksandr Solženisyn 2008-nji ýylda 89 ýaşynda Moskwada aradan çykýar.
Çeşme we surat: The Aleksandr Solzhenitsyn center