Wiktoriýa Klement Merkezi Aziýa giňden syýahat eden we Rossiýada hem-de Türkmenistanda birnäçe ýyl ýaşan (2001-2003) alym, taryhçy, we ýazyjydyr. Onuň Türkmen Bolmagy Öwrenmek: Sowatlylyk, Dil, we Güýç, 1914-2014 (“Learning to Become Turkmen: Literacy, Language, and Power, 1914-2014”) atly kitaby Pittsburgh Uniwersitetiniň Neşirýaty tarapyndan 2018-nji ýylda çap edildi. Hanym Klement ep-esli ýyl Kaliforniýanyň Montereý şäherindäki Naval Postgraduate School ýokary okuw jaýynda professor bolup işleýär. Ol paýtagt Waşingtondaky Woodrow Wilson adyndaky Halkara Alymlar Merkeziniň hem agzasydyr (2016-2017). Ol häzirki wagtda Wirjiniýa ştatyndaky Marine Corps Uniwersitetiniň Öňdebaryjy Operatiw Medeniýet Öwreniş Merkezinde Ýewraziýa boýunça sebitleýin analizçi bolup işleýär.
Biz professor Klement bilen onuň ýazan kitaby barada söhbetdeş bolduk.
Kitapda nämelerden söz açýarsyňyz?
Meniň Türkmen Bolmagy Öwrenmek kitabym türkmeniň bir asyryň dowamyndaky milli şahsyýet gurluşynyň taryhyny öwrenýär. Türkmenlerde şahsyýet baradaky soraglar 1914-nji ýylda ýüze çykmaýar, emma şol ýyl ilkinji türkmen-pars dilindäki Ruznama-i Mawera-i Bahr-i Hazar gazetiniň çap edilmegi bilen, üýtgeşmeler görnüp başlaýar. Bu gazetde şahsyýet, türkmençilik, däp-dessurlar, bilim, galyň we nika ýaly gender bilen baglanyşykly meseleler hakyndaky makalalary görmek bolýar. Bu meseleleriň köpüsi Sowet döwründe-de, garaşsyzlykdan (1991) soň hem gaýtadan gozgalýar. Türkmen halky uzak wagtlap öz aýratynlyklary, şahsyýeti, we dünýädäki orny bilen gyzyklanyp gelipdir.
Türkmenler şahsyýetini alamatlandyrmagyň bir ýoly hökmünde elipbiý reformasyny geçirýärler. Olar özleriniň musulman ymmatyndandygyny alamatlandyrmak üçin asyrlarboýy arap elipbiýini ulanýarlar. Soňra Sowet ýyllarynyň başlarynda, döwrepablygyň alamaty hökmünde latyn elipbiýini ulanyp başlaýarlar. 1940-njy ýylda bolsa, beýleki Sowet döwletleri bilen birlikde kiril elipbiýine geçýärler. Ahyrsoňy, garaşsyzlygyň alynmagy bilen, türkmen intelligentleri latyn elipbiýine esaslanýan täze elipbiý düzýärler we taryhy şonuň bilen ýazyp başlaýarlar.
Meniň kitaby taryhy nukdaýnazardan ýazmagymyň üç sebäbi bar:
- Türkmenleriň has uly dünýä bilen baglanyşygyny görkezmek üçin,
- Adamlaryň durmuşynyň we ýerli medeniýetleriň syýasy režimleriň serhedini hem kesip geçýändigine üns çekmek üçin,
- Taryhyň bize görelde bolup bilýändigini we käbir döwürleriň özbaşdak aýratynlyga eýedigini ýatlatmak üçin.
Umuman aýtsam, bu kitap adaty türkmenleriň döwrebaplyga tarap çeken ýodalaryny düşündirmäge çalyşýar. Kitabyň esasy temasy syýasy liderlik bolmasa-da, ol medeniýet we syýasy güýjüň arasyndaky üzülmeýän baglanyşygy açyp görkezýär.
Merkezi Aziýany öwrenýän alymlaryň örän az sanlysy Türkmenistana üns berýärler. Siz näme üçin Türkmenistany saýladyňyz? Türkmenistan we türkmenler barada ylmy-iş ýazmagyň siziň üçin nähili ähmiýeti bar?
Men ilki başda türkmen taryhynyň üstünde işlemek isledim. Çünki Türkmenistan we onuň adamlary barada iňlisçe meterial örän azdy. Men bu mümkinçilige döredijilik synagy hökmünde çemeleşdim. Indiana Uniwersitetinde türkmen dilini okanymdan we Türkmenistana syýahat edenimden soňra, türkmen medeniýetine we gymmatlyklaryna goýýan sarpam has-da çuňlaşdy. Türkmençilik düşünjesi häzirki güne çenli meni haýrana goýýar.
Ilki pars, soňra rus dilleriniň täsiri astynda galan türkmen dili syýasy sahna diňe ýaňy-ýakynda çykdy. Özleri türkmen bolsa-da, Sowet döwrüniň görnükli wekilleriniň köpüsi rus dilini ilkinji dilleri hökmünde ulandylar. Şolara türkmen diliniň garaşsyzlykdan soňky roly nähili täsir etdi?
Edebi türkmen dili heniz ýaş bolsa-da, ulanyjylaryň hormat-sylagyna mynasyp boldy. Edebi dile goýulýan hormat esasan hem soňky ýyllarda has ulaldy. 1920-nji ýyllaryň dil dikeltmesinden öň, türkmenler dürli şiwelerden düzülen gepleşik dilini ulanypdyrlar. Hekaýalardyr dessanlar gepleşik diliniň üsti bilen nesilden nesle geçirilipdir. Türkmen jemgyýetiniň sowatlylygy indi-indi ýokarlandy we taryhy ýazuwa geçirilip başlandy. Kitap dil we sowatlylyk ösüşiniň hem-de bilim reformasynyň inçe taraplarynyň üsti bilen, şahsyýetiň we milletligiň taryhyny gürrüň berýär.
Garaşsyzlyk alnandan soňra, dil adamlary bir millet hökmünde birleşdirmek üçin ulanylýar. Türkmenleriň birgiden umumy däpleri we gymmatlyklary bolsa-da, ýurduň her bölegindäki adamlaryň aýratynlyklaryny gürleýän dillerinde (ýa-da şiwelerinde) görmek bolýar. Her bölegiň dil aýratynlyklaryna garamazdan, liderler döwrebap edebi dili türkmenleri jebisleşdirmek üçin ulanýarlar. Bu günki günde, dil türkmen milletiniň esasy simwollarynyň biri bolup durýar.
Türkmen şahsyýeti we medeniýeti baradaky giň göwrümli ylmy işiňizde sizi aýratyn haýrana galdyran açyşlar boldumy?
Men ylmy işimiň dowamynda şeýle köp dost tutunaryn öýtmändim. Meniň Türkmenistanda 20-30 ýyldan bäri tanaýan dost-joralarym bar. Ýurda ýakyndaky (2019) syýahatymda hem, ýene birnäçe adam bilen dostlaşdym. Men olar bilen habarlaşyp durýaryn we dosluga uly ähmiýet berýärin.
Meni iň haýran galdyran zat bolsa, türkmençilik düşünjesiniň çylşyrymlylygy boldy. Muny iňlisçä terjime etmek hem kyn. Iň ýakyn gelen söz “turkmen-ness.” Türkmençilik – gadymy däp-dessurlaryň, yslam gymmatlyklarynyň we ýerli däpleriň ählisini özünde jemleýär.
Siz näme üçin türkmençe gürleýän, adaty okyjynyň kitabyňyzy okamagyny isleýärsiňiz? Kitabyňyz türkmen diline terjime edildimi? Munuň size ähmiýeti nähili?
Men adaty türkmen okyjysy bu kitapda özüniň bir bölegini tapar diýip umyt edýärin. Onuň kitapda ata-babalaryny tapjagy bolsa gümansyzdyr. Türkmen jemgyýetiniň taryhy birnäçe çylşyrymly gatlakdan düzülen. Bu kitap okyjyny şol gatlaklara ýakyndan ser salmaga çagyrýar.
Kitap mundan öň türkmen diline terjime edilmedi. Bu meniň üçin uly mesele bolup durýar, sebäbi men bu kitaby türkmenler üçin ýazdym. Maňa diňe onlarça ussat türkmen raýatlarynyň kömeginiň saýasynda türkmen dilini öwrenmek we ylmy-iş geçirmek başartdy. Men olaryň ýurduna myhman boldum we olar meni uly gadyr bilen myhman aldylar.
“Türkmen bolmagy öwrenmek” kitabynyň 1-nji baby ýörite www.progres.online saýty üçin terjime edildi. Terjimäniň ýaýradylmagyna rugsat berilýär. Gazanç üçin ulanylmagyna rugsat berilmeýär.Terjimeçiniň belligi: Käbir sitatalar kitabyň iňlisçe nusgasyndan terjime edilen. Käbir sitatalar asyl nusgasynda berlen, ýagny olar 1910-njy ýyllardaky türkmen gazetlerinden alnan. Asyl nusgasynda berlen sitatalar heniz türkmen diliniň ýazuw düzgüniniň ýok wagty ýazlany sebäpli grammatika we sintaksis taýdan döwrebap türkmen dilinden tapawutlanýarlar. Terjime eden: Sabyr Gurbanowa