Progres.Online

Parhsyzlygyň howplary: “Soňra meni ýygnamaga geldiler”

Ilki sosialisteri ýygnamaga geldiler, we men sesimi çykarmadym –

Sebäbi men sosialist däldim.

Soňra profsoýuzçylary ýygnamaga geldiler, we men sesimi çykarmadym –

Sebäbi men profsoýuzçy däldim.

Soňra ýewreýleri ýygnamaga geldiler, we men sesimi çykarmadym –

Sebäbi men ýewreý däldim.

Soňra meni ýygnamaga geldiler – we meniň üçin ses çykarjak adam galmandy.

Martin Niemöller

Martin Niemöller (1892-1984) Germaniýada görnükli lýuteran ruhanysy bolan. Ol köpçülikde aç-açan Adolf Gitleriň garşysyna çykyş edip, nasizm döwrüniň soňky 7 ýylyny konslagerde geçirýär. Megerem ony dünýä tanadan onuň uruşdan soňky sözleri bolsa gerek: “Ilki sosialistleri ýygnamaga geldiler, we men sesimi çykarmadym…”

Niemölleriň meşhur sözleri bu gün hem populýar medeniýetde we köpçülik dilinde belli-belli meseleleri suratlandyrmak üçin ulanylýar. Bu sitatanyň dürli görnüşleri bar. Çünki Niemöller bu sitatasyny dürli ýerlerde we dürli çykyşlarynda dürli görnüşlerde ulanypdyr. Bu sitatanyň we onuň dürli görnüşleriniň üsti bilen, Niemöller nasizm döwründe edilen tussaglyklara, ölüm jezalaryna we millionlarça adamyň öldürilmegine nemesleriň parhsyzlyk bilen göz ýumandyklaryny aňlatmaga çalyşýar. Ol aýratyn hem protestant ybadathanasynyň ýolbaşçylarynyň şeýle bolandygyny nygtaýar.

Tankydy pikirlendiriji soraglar:

  • Seniň pikiriňçe, näme üçin nasizm ýykylsa-da bu sitata ulanyşdan galmady?
  • Sen bu sitatanyň döwrebap meseleleri suratlandyrmakda ulanylýan nähili görnüşlerini bilýärsiň?

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: