Makalada gürrüňi edilýän şahsyýet barada mekdep programmalarynda orun berilmänligi sebäpli Muhammet Ataýew ýaşlara Türkmenistanyň taryhynda görnükli yz galdyran türkmen intelligensiýa wekili Tatýana Tekinskaýa barada maglumat bermekligi maksat edinýär. Şu ýerde esasy bellemeli zat, Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Artyk obasynda ýerleşýän orta mekdep Tatýana (Artykgül) Tekinskaýanyň adyny göterýär. Makala ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenip, ol mekdep mugallymlary uçin gollanma hökmünde klas sagatlarynda ulanylyp bilner. Awtor hünäri boýunça filolog, jemgyýeti öwreniji, Türkmenistanyň orta mekdebiniň mugallymy. Makaladaky maglumatlar Tatýana Tekinskaýa barada 1993-nji ýylda Zaman studiýasy tarapyndan ekranlaşdyrylan dokumental filme esaslanýar. Şeýle hem, makalada Artykgül Tekinskaýa barada ozal çap edilmedik awtoryň toplan käbir maglumatlary getirilýär.
“Meniň mähribanym, eziz dostum Muhammetguly!
Şu gün meniň 30 ýaşymyň dolýan güni. Biziň ülkämiziň eýelenmegine-de 27 ýyl bolýar. Men öz ýaşlarymyza olaryň ösüp, ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary göteriliş we azatlyk berjegine berk ynanýaryn. Elbet-de, belki sen ony görüp bilmersiň, emma seniň çagalaryň we agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar!”
Tatýana (Artykgül) Tekinskaýa, 1908 ý.





