Progres.Online

Hydyr Derýaýewiň täsin ykbaly

Türkmen edebiýatynyň ussady Hydyr Derýaýewiň biziň aramyzdan gidenine indi birnäçe ýyl bolupdyr. 1937-nji ýylda 32 ýaşly Hydyr Derýaýew üçlügiň karary bilen «halk duşmany» diýlip yglan edildi hem-de 10 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi. Ol öz mähriban şäheri Aşgabada diňe 50-nji ýyllarda gaýdyp gelipdi. Türkmen dilçi alymlarynyň arasynda oňa ilkinjileriň hatarynda dosent diýen ylmy at berlipdi. Hydyr Derýaýew 20 ýyla golaý wagtlap la- gerlerde horlanyp ýaşapdy, uzak wagtlap onuň adamçylyk mertebesi kemsidildi. Emma «Ykbal» romanynyň awtory, uly ýazyjy, alym, şonuň bilen bir wagtda hem örän sada adam. H. Derýaýew köp kynçylyklara döz gelipdi. Ölüm lagerlerinde başdan geçiren külpetleri hakynda onuň gürrüň beresi gelmezdi. Şonuň üçin bolsa gerek, ol öz ykbalynyň şol ajy pursatlary hakynda bir setir ýatlama hem galdyrman gitdi.

Hormatly okyjylar, siziň dykgatyňyza hödürleýän şu arhiw materiallarymyz hut şol wakalar hakynda gürrüň berýär. Şol döwürde ýazyja nähili günäleriň ýüklenendigini biz diňe şu gün, üstünden ençeme ýyllar geçensoň tanşyp bilýäris. Bu materiallarda Hydyr Derýaýewe garşy galp maglumatlary beren adamlaryň familiýalary doly görkezilmedi. Ol adamlaryň beren maglumatlarynda Hydyr Derýaýew buržuaz milletçi hökmünde görkezilýär. Ýöne taryh taryhlygyna galýar. Hakykat iru-giç dabaralanýar.

Materiallar bilen tanyş bolup otyrkaň, Hydyr Derýaýewiň örän täsin ykbalyna, onuň her bir zada özüniň berk garaýşynyň bolandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Ölüm ýa-da ömür ýaly aýgytlaýjy pursadyň öňünde öz garaýyşlaryndan dänmändir. Ýekeje mysal, onuň baryp-ha otuzynjy ýyllaryň başynda türkmen döwlet dili meselesine garaýşyny alyp göreliň. Ol ilkinjileriň biri bolup döwlet diline garaýşyny aýan edipdir. Şu günüň nukdaý nazaryndan seredip göreliň, onuň bu baradaky nazaryýeti edil häzirki syýasat bilen pugta baglanyşýandyr. Onuň «halk duşmany» hökmünde basylmagynyň bir sebäbi hem Derýaýewiň türkmen döwlet dili hakda aýdan sagdyn pikiridi. Şeýle pikiri üçin hem ol tä tutulýança yzarlanylýar. Onuň her bir «üýtgeşik» hereketi, aýdan sözi, makalalarydyr kitaplarynda ýazan her bir jümlesi hasaba alynýar.

Allaýar Çüriýew, Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi

Surat: Turkmenmetbugat

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: