Progres.Online

Erbetligiň Adatylygy: Ynsan zabunlygynyň adatylaşdyrylyşy we biziň oňa garşy ýeketäk dermanymyz

“Gorkuly şertleriň içinde köp adam tabyn bolar, emma käbirleri bolmaz… Bu planetanyň adam ýaşar ýaly ýer bolup galmasy üçin mundan köp zat gerek däl we mundan köp zat soralyp hem bilinmez”.

Bu çylşyrymly düşünjäniň esasynda ýatan pikir: Kiçi göwrümli erbet işler uly göwrümli betbagtçylyklara ýazyp bilýän hem bolsa, bu işleri berjaý edýän jenaýatçylar päli ýaman melgunlar däl-de, örän adaty we ýönekeý adamlardyr.

Bu rewolýusion we öz wagtynda dawa gozgan pikiri nasistik Germaniýadan gaçyp sypan ýewreý filosof Hanna Arendt (1906-1975) 1962-nji ýylda hödürleýär. Şol ýyl Arendt The New Yorker žurnaly tarapyndan holokostyň baş gurnaýjylarynyň biri bolan Adolf Aýhmanyň Ierusalimdäki kazyýet prosesi barada hasabat ýygnamaga ugradylýar. 1963-nji ýylda Arendtyň kazyýet prosesi baradaky ýazgylary “Aýhman Ierusalimde: Erbetligiň adatylygy barada hasabat” (Eichmann in Jerusalem: A Report on the Banality of Evil) ady bilen çap edilýär.

Rehimsiz, totalitar hökümdarlaryň nädip adamlara diýenlerini etdirýändikleri baradaky ýiti pikirleri bilen meşhurlyk gazananyndan 10 ýyl geçensoň, Arendt şeýle ýazýar:

“Her bir totalitar hökümetiň özeninde we, megerem, her bir býurokratiýanyň tebigatynda adamlary administratiw maşyny işledip duran çarhlar ýaly ulanyp, olaryň ynsanlyk mertebesini peseltmeklik ýatýar”.

Arendt totalitarizmiň býurokratiýany ýarag hökmünde ulanýandygyna ynanýar we muny “hiç kimiň baştutanlygy” diýip atlandyrýar. Şeýlelik bilen hem ol erbetligiň adatylyga öwrülýändigini Aýhmanyň mysalynda görkezýär. Ol Aýhmany şeýle suratlandyrýar:

“Ol hemişe şol bir sözler bilen şol bir zady diýýärdi. Ony näçe köp diňledigiňçe, onuň gürlemäge ukypsyzlygynyň onuň pikirlenmäge ukypsyzly, aýratynda başga biriniň ýerinde durup pikirlenmäge ukypsyzlygy bilen ýakyndan baglanyşyklydygy belli bolýardy. Onuň bilen düşünişmek mümkin däldi. Çünki ony sözlere, başga adamlara we hakykata garşy iň ynamdar sakçylar goraýardylar”.

Arendt nasistleriň ýörite hakykat bilen arany üzmeklerini “gapyllyk deşikleri” diýip atlandyrýar. Bu gün biz muňa “alternatiw faktlar” diýýäris. Arendt bu barada şeýle belleýär:

Gapyllyk deşikleri ýokdur. Adama degişli hiç bir zat beýle birkemsiz bolup bilmez. Dünýäde hem gapyllyga ýol bererden has köp adam bar. Bir adam hemişe wakalary gürrüň bermek üçin diri galar. Şeýle wakalaryň öwredýän sapagy hem ýönekeý we hemmeleriň düşünjek derejesinde. Syýasy sözler bilen aýtsak, gorkuly şertleriň içinde köp adam tabyn bolar, emma käbirleri bolmaz, edil Soňky Çözgüt teklip edilen ýurtlaryň sapagynyň “bu köp ýerde bolup geçip biler emma bu hemme ýerde bolup geçmedi” bolşy ýaly. Ynsan hökmünde aýtsak, bu planetanyň adam ýaşar ýaly ýer bolup galmasy üçin mundan köp zat gerek däl we mundan köp zat soralyp hem bilinmez.

Aýhman Ierusalimde” eseriniň, gynansakda, häzirki wagtda hem ähmiýeti barha artýar, çünki dünýäni kiçi elleri bilen uly göwrümli erbetlikleri edip bilýän adaty görünýän rehimsiz hökümdarlar eýeläp barýarlar. Emma, belkem muny Arendtyň nasist Germaniýadan Nýu Ýorka bosgun bolup gelmezinden birnäçe aý öň ýazan hatynda Jon Staýnbek iň ajaýyp görnüşde beýan edendir: “Ähli gowulyklar we gahrymançylyk ýene aýaga galar, soňra ýene basyp ýatyrylar we ýene aýaga galar. Mesele erbetligiň üstün çykýandygynda däl – ol hiç haçan üstün çykmaz – mesele onuň ölmeýändiginde”.

Çeşme: Erbetligiň Adatylygy: Ynsan zabunlygynyň adatylaşdyrylyşy we biziň oňa garşy ýeketäk dermanymyz

Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: