Progres.Online

Azatlygyň paradoksy

“Häzirkizaman adamynda heniz hem gorky bar we ol her hilli diktatorlara öz azatlygyny elden bermäge ýa-da maşyndaky nurbata öwrülip, azatlygyny ýitirmäge meýilli bolýar.”

Biziň nä derejede erkindigimize beýik nemes gumanistik filosofy we psihology Erih Fromm (1900-1980) özüniň 1941-nji ýylda ýazan ilkinji uly göwrümli işi “Azatlykdan gaçyş” (Escape from Freedom) kitabynda seredip geçýär. Fromm “prognoz däl-de diagnoz” hökmünde çemeleşen bu kitabyny adamzadyň ýowuz dälilige ulaşan çagy, ýagny Ikinji Jahan urşunyň dowamynda ýazýar. Soňra bu kitapdaky pikirler we ideýalar Frommyň “Sagdyn pikirli jemgyýet” işi üçin hem esas bolup hyzmat edýär.

Fromm azatlygy diamagnit görnüşli dartyş güýjüne meňzedýär. Onuň bir polýusy bizi özüne çekýär (pozitiw azatlyk), beýleki polýusy bolsa bizi itýär (negatiw azatlyk). Häzirkizaman siwilizasiýasy adamzat üçin ençeme amatlylyklary döredip, bize köp dürli pozitiw azatlyklary bagyş eden hem bolsa, onuň psihologik täsirleri negatiw azatlyklaryň epidemiýasyny başlatdy.

Fromm şeýle ýazýar:

Häzirkizaman adamy özbaşdak jemgyýetden öňki baglanyşyklaryndan azat edildi. Ol bu azatlygyň netijesinde howpsuzlyk gazandy we şol bir wagtda çäklendirmelere sezewar boldy. Şeýlelikde, ol öz şahsyýetine akyl ýetirip biljek derejede, ýagny öz intellektual, emosional we duýgurlyk potensiallyklaryny beýan edip biljek derejede pozitiw azatlyk gazanmady. Azatlyk oňa garaşsyzlygy we rasionallygy bagyş etse-de, ony üzňeleşdirdi we ynjalyksyz hem-de güýçsüz hala saldy. Bu üzňeligiň çekip-çydardan kyndygy sebäpli, adam ýa-ha bu azatlygyň derdinden gaçyp, täze garaşlylyga we tabynlyga ulaşmaly ýa-da adamyň ýeketäkligine esaslanýan pozitiw azatlyga ýetmek üçin özgermeli bolýar.

Kitabyň çap edileninden ýarym asyr soňra, Fromm sözüniň üstüni şeýle ýetirýär:

Häzirkizaman adamynda heniz hem gorky bar we ol her dürli diktatorlara öz azatlygyny elden bermäge meýilli bolýar. Ýa-da ol maşyndaky kiçijek nurbata öwrülip, garny dok, dony abat, emma azatlygyny ýitiren awtomata öwrülýär.

Biziň ýüzbe-ýüz bolýan esasy kynçylygymyz – bu adamyň aň-düşünjesiniň ösüşi onuň duýgularynyň ösüşinden barha öňe geçip gitdi. Köp adamyň beýnisi 20-nji asyrda ýaşasa-da, ýüregi heniz hem daş asyrynda ýaşaýar. Adamlaryň aglabasy heniz garaşsyz, rasional we obýektiw bolmakda kämillige ýetmedi. Olara adamyň öz başynadygyny we özünden başga durmuşa many berjek awtoritetiň ýokdugyny ýatladýan ajy hakykaty çekip çydamak üçin toslamalar we kyblagähler gerek. Adam weýrançylyga, ýigrenje, göriplige, ar-namysa bolan irrasional hyjuwyny basyp ýatyrýar; ol güýje, pula, garaşsyz döwlete, halka çokunýar; şol bir wagtda hem, adamzat nesliniň beýik ruhy liderleriniň sapaklaryna eýerijilik edýär; ol Buddanyň, pygamberleriň, Sokratyň, Isanyň, Muhammediň sapaklaryny yrymlar jeňňeline we butparazlyga öwürdi.

Adamzadyň özüni halas edip biljek ýeketäk ýoly biziň “intellektual-tehniki taýdan aşa öňe gidişligimiz bilen emosional taýdan yza galaklygymyzyň” arasyndaky üzülen baglanyşyga çäre görmekdir.

Maňa görnüşine görä, diňe bir jogap bar: jemgyýetçilik barlygymyzyň esasy faktlary barada düşünjämizi giňeltmeli. Bu düşünjelilik gaýtadan dikeldip bolmajak akmaklyklarymyzyň öňüni aljak we obýektiwlik we pikirleniş ukyplarymyzy biraz hem bolsa ösdürjek derejede bolmaly. Biz bir nesliň dowamynda ýüregimiziň goýberjek ýalňyşlyklaryny we bu ýalňyşlyklaryň biziň hyýallarymyza saljak zyýanlaryny ýeňip geçmäge umytlanyp bilmeris; belki-de adam ýüz müňlerçe ýyllyk adamzat taryhynyň täsirlerinden saplanýança müň ýyl gerek bolar. Emma welin, bu aýgytly pursatda düşünjäniň biraz giňemegi – obýektiwlik – adamzat nesli üçin diri galmagyň we ölmegiň arasyndaky tapawudy aňladyp biler. Hut şu sebäpli, ylmy we depginli sosial psihologiýanyň ösmegi juda wajypdyr. Sosial psihologiýadaky progres fizikadaky we lukmançylykdaky progresiň döretjek howplaryna garşy durmak üçin zerurdyr.

Holokostdan soňky ýyllarda bu jedelleriň gümürtikligi has-da aýdyňlaşdy. Biz Germaniýada millionlarça adamyň, edil kakalarynyň azatlyk üçin göreşmäge meýilli bolşy ýaly, öz azatlygyny elden bermäge meýillidigini makullamaly bolduk; azatlyk islemegiň deregine, olar azatlykdan gaçmagyň ýoluny gözlediler; başga millionlarça adamlar bolsa, biperwaýlyk etdiler we azatlygy goramagyň göreşmäge we ölmäge degýändigine ynanmadylar. Biz demokratiýa krizisiniň diňe italýan ýa-da nemes meselesi däl-de, her bir häzirkizaman döwletiniň ýüzbe-ýüz bolýan meselesidigini hem makullaýarys. Adamzat azatlygynyň duşmanlarynyň nähili nyşanlary saýlaýandygynyň hem parhy ýok: faşizme garşy çykyp hüjüm edilen azatlyga abanýan howp oňa faşizmiň adyndan edilen hüjümiň salýan howpundan tapawutlanmaýar.

Hemem, adamda azatlyga bolan tebigy islegden başga-da, tabynlyga bolan biygtyýar meýil ýokmy näme? Eger beýle meýil ýok bolsa, onda biz bu gün ençemeleriň lidere tabynlyga maýyllygyny nädip düşündirip bileris? Diňe göze görnüp duran awtoritete tabyn bolunýarmy ýa-da borç, ynsap, içki ymtylyşlar we köpçüligiň pikiri ýaly atsyz awtoritetlere hem tabynlyk barmy? Tabynlykda gizlin hoşallyk barmy we onuň özeni nämede? Adamlarda güýje bolan açgöz höwesi döredýän zat näme? Bu olaryň wajyp energiýalarynyň güýjümi ýa-da durmuşy bolşy ýaly we söýgi bilen ýaşamaga bolan ukypsyzlyk we düýpli gowşaklykmy? Bu ymtylyşlara güýç berýän psihologik şertler näme? Beýle psihologik şertleriň esasynda ýatan sosial ýagdaýlar nämeler?

Fromm munuň jogabynyň sosial prosesde psihologik, ykdysady we ideologik faktorlaryň aragatnaşygyna düşünmekde ýatandygyny nygtaýar.

Adamyň iň owadan, şol sanda iň betnyşan meýilleri üýtgemeýän, biologik ynsan tebigatynyň bir bölegi däl-de, eýsem adamy döredýän sosial prosesiň netijesi. Başga söz bilen aýtsak, jemgyýet diňe basyp ýatyryjy roluny däl-de, dörediji roluny hem oýnaýar. Adamyň tebigaty, onuň hyjuwlary we gorkulary medeniýetiň önümidir; aslynda adamyň özi dowamly ynsan tagallasynyň (biz oňa taryh diýýäris) iň möhüm eseri we üstünligidir.

Emma, diňe adamy taryh döretmedi – adam hem taryhy döretdi. Bu gapma-garşylyk hem sosial psihologiýany düzýär. Munuň işi bize diňe hyjuwlaryň, islegleriň, gorkularyň sosial prosesiň netijesinde nädip üýtgeýändigini we ösýändigini däl-de, eýsem adamyň dürli formalaryň şekilini alan energiýalarynyň hem öz gezeginde sosial prosesi emele getirýän, önjeýli güýje öwrülýändigini görkezmekdir. Üýtgewsiz adam tebigaty ýok bolsa-da, biz adam tebigatyny hemişelik maýyşgak we özüniň psihologik dinamizmini gurmazdan, islendik şertlere uýgunlaşmaga ukyply hasaplap bilmeris. Taryhy ewolýusiýanyň önümidigine garamazdan, adam tebigatynyň özüne mahsus gurluşy we kadalary bar. Bularyň üstüni açmak hem psihologiýanyň işi.

Frommyň pikiriçe, negatiw azatlygyň özeninde barha ulalyp barýan üzňelik duýgusy ýatyr – bu bolsa biziň özümizden daşarky dünýä bilen baglanyşyk gurmaga bolan tebigy açlygymyzy iýmitsiz goýýar. Häzirkizaman kollektiw ýalňyzlyk epidemiýasyny öňden görmek bilen Fromm, şeýle ýazýar:

Bütinleý ýekelik we üzňelik duýgusy akyl-huşuň dargamagyna eltýär, edil fiziki açlygyň ölüme eltişi ýaly. Başgalara baglanyşyk duýmak fiziki ýakynlyk bilen bir zat däl. Adam fiziki taýdan ençe ýyllap ýeke ýaşaýan hem bolsa, eger ol ideýalar, gymmatlyklar ýa-da iň bolmanda oňa arabaglanyşyk we ‘degişlilik’ duýgusyny berýän sosial ýörelgeler bilen gatnaşykda bolsa, özüni ýeke duýmaz. Beýleki tarapdan bolsa, ol adamlaryň arasynda ýaşasa-da, üzňelikden ejir çekip biler. Bu üzňelik belli bir derejeden geçse şizofrenik bozulmaly dälilige eltýär. Bu gymmatlyklar, nyşanlar, ýörelgeler bilen arabaglanyşygyň bolmazlygyna biz moral ýekelik diýip bileris we moral ýekeligiň fiziki ýekelik kimin çydap bolmaýan yzadygyny nygtap bileris ýa-da fiziki ýekelik diňe moral ýekelik bilen utgaşanda çydap bolmajak ýagdaýa öwrülýär. Din we milletçilik, şeýle-de islendik adat ýa-da ynanç hernäçe manysyz we kiçeldiji bolsa-da, eger ol adamy diňe başgalar bilen baglanyşdyrýan bolsa, onda olar adamyň iň gorkýan zady bolan üzňelikden gaçybatalga bolup hyzmat edýärler.

Fromm moral ýekelikden daşlaşmagyň iki sany ägirt dermanyny agzap geçýär – söýgi we zähmet:

Özbaşdaklaşan adamyň dünýä bilen gatnaşyk etmegi üçin ýeketäk mümkin we manyly çözgüt bar: onuň ähli adamlar bilen işjeň raýdaşlyk etmegi we onuň özboluşly hereketi, söýgi we zähmet. Bular ony dünýä bilen birikdirýär, emma başlangyç baglanyşyklaryň üsti bilen däl-de, azat we garaşsyz şahsyýet hökmünde.

Emma welin, eger adamyň özbaşdaklaşmasy üçin zerur bolan ykdysady, sosial we syýasy şertler özbaşdaklyga ýetmek üçin ýaňky agzalan manyda esas hödürlemeýän bolsa, şol bir wagtda hem adamlar özlerine howpsuzlyk beren arabaglanyşyklaryny ýitiren bolsalar, bu ýetmezçilik azatlygy çekip çydap bolmajak agyr ýüke öwürýär. Bu soňra şübhe hem-de manysyz we ugursyz durmuş bilen birmeňzeşleşýär. Bu görnüşli azatlykdan tabynlyga tarap ýa-da näbellilikden rahatlyga çykarmaga söz berýän adam we dünýä bilen bir tüýsli gatnaşyga tarap gaçmaga bolan güýçli meýiller ýüze çykýar, hatda ol şahsyýeti azatlygyndan mahrum edýän hem bolsa.

Çeşme: The Paradox of Freedom

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: