2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabrynda Türkmenistan ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň üçünji uçdantutma ýazuwyny geçirdi. Ýazuwda maglumatlary ýygnamak üçin planşetler ulanylyp, gapyma-gapy aýlanyldy. 2012-nji ýylda öňki geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri hiç wagt köpçülige mälim edilmänligi zerarly Türkmenistanyň raýatlarynyň we halkara jemgyýetçiliginiň türkmen hökümetiniň 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň gutarnykly netijelerini aýan etjekdigine we netijeleriň ygtybarlylygyna ynanmaýarlar. Ilat ýazuwy barada hökümetiň paýlaşan çäkli maglumatlary “ilat ýazuwynyň deslapky netijeleri” bolmagy ahmal.
Türkmenistanyň hökümeti 2006-njy ýylda ilatyň 6.7 million adamdygyny belläpdi. Şondan bäri hökümet resmi ilat sanyny çap etmedi. 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Türkmenistanyň ilaty 7,057,841 adam. Gender deňagramlylygy: erkekler 50%-e golaý we aýallar 50% -den gowrak. Şäher ilaty 47.1% we oba ilaty 52.9%.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine görä, Türkmenistanyň ilatynyň 14.6%-i Aşgabatda, 22.9%-i Maryda, 22.0%-i Daşoguzda, 20.5%-i Lebapda, 12.5%-i Ahalda, 7.5%-i Balkanda ýaşaýar.
Grafika 1. Türkmenistanyň ilatynyň bäş welaýatda we Aşgabatda paýlanyşy
Çeşme: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti
Ilat ýazuwy barada nähili aladalar bar?
Öňki ilat ýazuwyndan tapawutlylykda, 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwy hökümetiň we BMG-nyň gün tertibinde wajyplygy eýeläp, halkyň dykkatyny çekmek we jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin has köp tagallalar edildi. BMG-nyň Ilat gaznasy (UNFPA) ilat ýazuwyny taýýarlamakda we alyp barmakda hökümetiň esasy halkara hyzmatdaşydy. UNFPA 2022-nji ýylyň aprelinde we 2022-nji ýylyň dekabrynda ilat ýazuwynyň öňüsyrasynda BMG-nyň iki sany missiýasynyň Türkmenistana saparyny gurady. Şeýle hem, UNFPA Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine ilat ýazuwynyň netijelerini ýaýratmak, seljermek we meýilnamasyny düzmek üçin kömek bermelidi. Ilat ýazuwynyň öňüsyrasynda, UNFPA ilat ýazuwyny geçirmegiň we netijelerini köpçülige aýan etmegiň möhümligini öz Instagram hasabynda işjeň düşündiriş berýärdi. Emma, ne UNFPA ne-de beýleki guramalar ilat ýazuwynyň nähili geçirilendigi ýa-da onuň netijeleriniň nähili mälim edilendigi, ýazuwyň netijeleriniň ygtybarlylygy barada beýanat bermediler. UNFPA Youtube kanalynda diňe hökümetiň beren ilat ýazuwyň resmi netijelerini gaýtadan paýlaşdy, ýöne wideonyň aşagyna teswir goýmady. Bu, hatda ilat ýazuwyna işjeň gatnaşýan halkara guramalaryň hem aýan edilen netijeleriň ygtybarlylygyndan şüphelenýändigini we köpçülik bilen paýlaşmakdan ýa-da oňa salgylanmakdan ikirjiňlenýändigini görkezip biler. Guramalar öz meýilnamalarynda we hasabatlarynda ilat ýazuwynyň resmi netijelerini ulanjakdygyny ýa ulanmajakdygyny gelejek görkezer.
Galybersede, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine, Garaşsyz gazete we Progres.online görä, ilat ýazuwy üçin maglumatlary ýygnamakda käbir çynlakaý meseleler ýüze çykdy:
- Welaýatlardan ýygnalan maglumatlary merkezi edara ibermekde tehniki näsazlyklar (TürkmenStat).
- Bütewi salgylar bazasynyň ýoklugy sebäpli salgylary kesgitlemekde kynçylyklar (TurkmenStat).
- Binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we öý hojalygynyň sanawyny düzmek kagyz görnüşinde ýerine ýetirilýänligi zerarly şäherçeleriň kartalaryny täzelemek üçin kän zähmeti talap etdi we uzak wagt sürdi (TurkmenStat).
- Sanaýjylaryň başarjaňlygynyň we türgenleşiginiň pes bolmagy, hem-de sanaýjylar umumy kabul edilen ilat ýazuwy düzgünlerine we UNFPA goldanmalaryna eýermediler (Garaşsyz gazet).
- Ilat ýazuwynyň sanaýjylary öý hojalygynyň ýaşaýjylaryny öýde tapmadyk halatynda goňşularyndan olar hakynda soraýan ýagdaýlary hem köp bolupdyr (Garaşsyz gazet).
- Sanaýjylar ençeme öý hojalygyna planşet kompýuterleriniň ýerine ruçka we kagyz ulanyp aýlanypdyrlar (Progres.online).
Türkmenistanly we halkara bilermenler, garaşsyz mediýalar ilat ýazuwy boýunça birnäçe meseläni bellediler:
- Ilat ýazuwynyň netijeleri çäkli görnüşde köpçülige mälim edildi: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ilat ýazuwynyň çäkli netijelerini websaýtynda çap etmek üçin 6 aý wagt aldy. Galyberse-de, Türkmenistanda saparda bolan BMG-nyň ekspertleri ilat ýazuwynda planşetleriň ulanylmagy maglumatlary ýygnamagy, işläp taýýarlamagy we çap etmegi çaltlandyryp, olaryň üç aý wagt aljagyny aýdypdy. Global derejede ylalaşylan Ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwynyň ýörelgelerine we tekliplerine görä, ilat ýazuwynyň ähli elementleri, şol sanda maglumat ýygnamak, toplamak, bahalandyrmak, seljermek, neşir etmek we paýlaşmak işleri tamamlanandan soň ilat ýazuwy gutarnykly hasaplanýar. Emma, dokuz aýdan soňra-da, raýatlaryň ilat ýazuwynyň netijelerini haçan we nireden alyp biljekdigi barada maglumat berilmedi.
- Ilat ýazuwy maglumatlarynyň ygtybarlylygy barada aladalar: Türkmenistanyň raýatlary, milli we halkara ekspertleri, döwlete dahylsyz mediýalar 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyndan şübhelenýärler. Azatlyga görä, meýilleşdirilen ilat ýazuwynyň öňüsyrasynda 2021-nji ýylyň 17-27-nji dekabrynda geçirilen deslapky ýa-da synag sowalnama Türkmenistanda 2.7-2.8 million adamyň ýaşaýandygyny görkezdi. Ilat ýazuwynda Türkmenistanda kanuny statusy bolmadyk daşary ýurt raýatlary we ýaşaýjylary goşup sanalan bolsa-da, resmi ilat sanynyň 7 milliondan gowrak diýilip berilmegi juda çişirilendir.
- Hökümet derwaýys meseleleri çözmeýär: Hökümet 2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň we 2021-nji ýyldaky synag ilat ýazuwynyň netijelerini çap etmedi we hiç hili düşündiriş bermedi. Bu türkmenistanlylaryň öz hökümetine bolan ynamyna we garaýşyna ýaramaz täsir etdi. Şeýle hem, hökümet ilat ýazuwynyň netijeleriniň Covid-19 çäklendirmeleri baradaky hasabatlar, möhleti geçen pasportlar, Türkiýede kanuny ýaşaýan raýatlar, zähmet migrantlary, ýokary emigrasiýa derejesi, demografik üýtgeşmeler, ölüm we dogluş derejesi barada esasy maglumatlaryň ýetmezçiligi bilen nä derejede laýyk gelýänligini aýdyňlaşdyrmady.
- Ilat ýazuwynyň bahasy barada maglumat berilmedi: Ilat ýazuwynyň uly göwrümliligini, tehniki taýdan çylşyrymly we gymmada düşýän işdigini göz öňünde tutsak, ol ýeterlik maliýe serişdeleriniň we çeşmeleriň sarp edilmegini talap edýär. Ýöne, Statistika baradaky döwlet komiteti ýa-da milli mediýa ilat ýazuwyna näçeräk pul sarp edilendigini we şol pullaryň nireden alynandygyny habar bermedi.
- Ilat ýazuwynyň soraglary köpçülige aýan edilmedi: Döwlet mediýasy ilat ýazuwynyň gender, ýaş, raýatlyk, doglan ýeri, milleti, bilimi, maşgala düzümi, girdeji çeşmeleri, ýaşaýyş şertleri we ş.m. bilen baglanyşykly 53 soragdan ybaratdygyny habar berse-de, bu soraglar köpçülige mälim edilmedi. BMG-nyň Statistika müdirligi Türkmenistanyň diňe 1995-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň soraglarynyň nusgasyny üpjün edýär.
- Emigrasiýa barada maglumatlaryň ýetmezçiligi: Türkmenistanda köp adamlar iş we bilim mümkinçiliklerini gözlemek üçin Türkiýä, Russiýa ýa-da beýleki ýurtlara göçmäge mejbur boldylar. Şeýle-de bolsa, hökümet ýurtdan giden türkmenistanlylaryň sany barada statistika çap etmeýär. Galybersede, ilat ýazuwynyň netijeleri wagtlaýyn ýa-da hemişelik göçüp gidenleri hasaba almazdan, ilatyň artandygyny görkezýär. Mysal üçin, Azatlyk radiosy 2008-2018-nji ýyllar aralygynda 1.9 million adamyň Türkmenistany terk edendigini we bu görkezijiniň daşary ýurtda işleýän türkmenistanly zähmet migrantlaryny hasaba almaýandygyny habar berýär. Hökümet bu beýany ne tassyklaýar ne-de inkär edýär.
- Halkara aktýorlardan seslenmeleriň bolmazlygy: Hökümetiň esasy halkara hyzmatdaşy bolan UNFPA ilat ýazuwynyň netijeleri babatda hiç hili beýanat ýa seslenme bermedi. Hökümet 2012-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijelerini we 2021-nji ýylda toplanan ilat ýazuwynyň deslapky maglumatlaryny çap etmedi. Hökümet ilat ýazuwynyň netijelerini köpçülige elýeterli etmezliginiň sebäplerini düşündirmedi. Ilat ýazuwyna tehniki we maliýe goldawyny beren halkara aktýorlar bolsa dymýarlar. Sessiz galmak bilen, halkara guramalary Türkmen hökümetiniň maglumat paýlaşmak syýasatyndan kanagatlanýana we goldaýana meňzeýär.
Türkmenistanda hakykatda näçe adam ýaşaýarka?
Haýsy çeşmä ynanmak isleýändigiňize baglylykda Türkmenistanyň ilaty 2.7 milliondan 7 milliona çenlidir. Alternatiw we hökümet çeşmeleriniň Türkmenistanyň ilat sany barada käbir çaklamalary:
- Azatlyk radiosyna görä, 2021-nji ýylda 2,7-2,8 million adam.
- Türkmenistanyň hronikasy habarlaryna görä, 2012-nji ýylda 4,751,120 adam.
- Meteožurnal habaryna görä, 2020-nji ýylda 4,95 million adam.
- ABŞ-nyň hökümetine görä, 2021-nji ýylda 5,6 million.
- UNISEF-iň habaryna görä, 2017-nji ýylda 5,6 million adam.
- Bütindünýä söwda guramasyna görä, 2022-nji ýylda 6,2 million adam.
- Bütindünýä bankyna görä 2022-nji ýylda 6,4 million adam.
- BMG görä, 2023-nji ýylda 6,5 million adam.
- Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine görä, 2020-nji ýylda 7,057,841 adam.
2012-nji ýyldaky ilat ýazuwy maglumatlary çap edilmese-de, 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň netijelerinde ol barada käbir salgylanmalar berildi. Ýaşaýyş ýerleriniň umumy meýdany 165,167,523 inedördül metr bolup, 2012-nji ýyldakydan 24.5% artandygy habar berildi. Şonuň ýaly-da, 2022-nji ýylda ortaça ýaşaýyş meýdany adam başyna 23.8 inedördül metr bolup, 2012-nji ýyldakydan 3% ýokarlandy. Bu maglumatlara salgylanyp, 2012-nji ýyldaky umumy ýaşaýyş meýdanyny we ýaşaýyş meýdanynyň adam başyna düşýän ortaça inedördül metrini hasaplap bileris. Bu hasaplama bize 2012-nji ýylda ilat sanynyň 5,741,370 adamdygyny görkezýär.
Bu görkeziji 2012-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Türkmenistanyň ilatynyň her ýyl 23% ýa-da 2.3% köpelendigini aňladýar. Emma, BMG-nyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilaty azalýar. Has takygy, ilat artyşy 2013-nji ýylda 1.8% bolanlygyndan 2022-nji ýylda 1.4% -e çenli azaldy. Şol 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ilaty ýyllyk ortaça 1.6% artdy (2-nji grafika serediň). Bu 2022-nji ýylda ýurduň ilatynyň maksimum 6,659,989 adam bolup biljekdigini aňladýar. Şeýle-de bolsa, bu hemişelik göçüp giden Türkmenistanyň raýatlaryny, birnäçe ýyl bäri Türkiýede we Russiýada işleýän zähmet migrantlaryny we daşary ýurtlarda bikanun ýaşaýan ençeme türkmenistanlylary öz içine almaýar. Henizem Türkmenistandaky öý salgysynda hasapda duran, ýöne ol salgyda ýaşamaýan raýatlaryň köpdügini göz öňünde tutsak, hökümetiň şol raýatlary ýurduň ilatynyň sanyna goşan bolmagy ahmal.
Grafika 2. Türkmenistanda ilatyň ýyllyk ortaça üýtgeme derejesi (göterimi)
Çeşme: BMG-nyň maglumatlary
Türkmenistanda ýaşaýanlaryň takyk sanyny bilmek kyn. Emma, maglumatlaryň gizlinligini göz öňünde tutup, ýurtda uly möçberde emigrasiýa, dogluş derejesiniň kemelmegi we ýaşaýyş standartlarynyň peselmegi netijesinde ölüm derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli Türkmnenistanda demografik azalmanyň barlygyny çaklamak bolar. Meselem: Azatlyk Radiosy 2019-njy ýylda Türkmenistanda ölenleriň sanynyň aýda 5000 – 6000 aralygyndadygyny, 2020-nji ýylda bolsa 8000 – 10.000 adama ýetendigini habar berdi. Şeýle hem, Türkmenistanda çaga doguluş derejesi 1991-nji ýylda her aýal başyna 4.11 çaga bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 2.58-e çenli azaldy ýa-da 37% peseldi.
Ilat ýazuwy bilen bagly meseleler barada hökümetiň dymmagynyň töwekgelçilikleri näme?
Hakyky maglumatlary ýaşyrmak hiç kime, esasanam hökümete we Türkmenistanyň halkyna peýda bermeýär. Ilki bilen, takyk maglumatlary ýygnap we neşir edip bilmezlik hökümetiň ukypsyzlygyny görkezip, raýat bilen döwletiň, raýat bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasyndaky ynamyň ýitmegine getirýär. Halkara pul gaznasy (HPG) we Bütindünýä banky hökümet maglumatlarynyň ygtybarsyzlygy zerarly hasabatlarynda resmi hökümet statistikalaryny ulanmakdan ýüz öwürýärler.
Ikinjiden, takyk we doly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli hökümet jemgyýetiň zerurlyklaryna düşünip we ileri tutulýan meseleleri kesgitläp bilmeýär. Nädogry maglumatlary ulanmak bilen, hökümet döwlet edaralarynyň aşaky gatlaklarynda statistikanyň galplaşdyrmagyny güýçlendirýär we ylmy taýdan gowşak syýasatlara, ukypsyz dolandyryşa, halkyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegine goşant goşýar. Ygtybarly maglumatlar hökümete ýitgileriň öňüni almaga we döwlet gaznalarynyň iň peýda berjek ugurlara sarp edilmegine kömek edýär.
Takyk maglumatlara esaslanan kararlary kabul etmek hökümete alyp barýan syýasatlarynyň täsirine hemişe gözegçilik etmäge we baha bermäge, zerur bolan halatynda üýtgeşmeler girizmäge mümkinçilik berýär. Takyk, ygtybarly we doly maglumatlar syýasaty düzmegiň esasy özenidir. Halkara guramalarynyň we hökümetiň bu netijeleri meýilnamalarda we ösüş maksatnamalarynda nähili ulanjakdyklary ýa-da ulanmajakdyklaryna syn etmek zerurdyr.