Progres.Online

Türkmenistanda internet düzgünleşdirmesi

Türkmenistanda internet düzgünleşdirmesi” atly analitiki brifiň Türkmenistanda internet dolandyryşynyň hukuk binýady bilen hökümetiň ýerine ýetirýän işleriniň arasyndaky gapma-garşylyklary seljerýär. 2014-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” kanun Türkmenistanda internet hyzmatlarynyň elýeterliligini we ulanylmagyny, şol sanda gadagan edilen onlaýn kontentleri we hereketleri kesgitleýän esasy resminamadyr.

Analitiki brifiň bu hukuk binýadyň nazaryýet taýdan Türkmenistanda internet elýeterliligini gowulandyrýan birnäçe progressiw düzgünleriň bardygyny belleýär. Mysal üçin, kanun hökümetiň aşakdaky çäreleri alyp barmalydygyny kesgitleýär:

  • Internete ähliumumy we deň elýeterliligi üpjün etmek, esasan hem ilatyň sosial taýdan ejiz toparlaryna;
  • Oba, uzak we barmasy kyn bolan ýerlerde internet infrastrukturasyny ösdürmek;
  • Döwlet bilim edaralarynda uzakdan okuw we sanly sowatlylyk kurslaryny ornaşdyrmak;
  • Uzakdan işlemek mümkinçiliklerini öňe sürmek;
  • Raýatlaryň hökümetiň ähli ugurlarda we ähli derejelerde alyp barýan işleri barada iň täze maglumatlary alyp bilmekleri üçin döwlet edaralarynyň web saýtlaryny döretmek;
  • Telekommunikasiýa pudagynda esassyz çäklendirmeleriň, adalatsyz bäsdeşligiň we monopoliýanyň öňüni almak (7-nji, 8-nji maddalar).

Kanuny çäklendirmeler

Şol bir wagtyň özünde, hukuk binýady Türkmenistanyň halkara hukugy boýunça adam hukuklary borçnamalaryna laýyk gelmeýän düzgünleri öz içine alýar. Bu düzgünler kesgitlenmedik sebäplere görä onlaýn maglumatlara elýeterliligi çäklendirmek üçin hökümete giň ygtyýarlyklary berýär (28-nji, 29-njy we 30-njy maddalar).

Şeýle hem, kanunda häkimiýetiň hyýanatçylykly peýdalanylmagynyň öňüni almak we şeýle hukuk bozulmalaryň pidalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we hukuk goraýyş serişdeleri üpjün etmek üçin garaşsyz kazyýet gözegçiliginiň anyk mehanizmleri ýetmezçilik edýär. Aýratynam, kanundaky şu düzgünler uly aladalar döredýär: Prezidenti kemsitmegiň we töhmet atmagyň jenaýatlaşdyrylmagy (5 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek); çagalaryň ene-atalara we/ýa-da maşgalanyň beýleki agzalaryna hormat goýmazlygy döredýän, maşgala gymmatlyklaryny ret edýän maglumatlara elýeterliliginiň çäklendirilmegi; Internet hyzmatyny beriji operatoryň (Türkmentelekom) daşyndan aýlanyp internet hyzmatlaryndan peýdalanmak hukugynyň üçünji şahyslara berilmegi; maglumatyň kriptografik goragynyň sertifikatlaşdyrylmadyk serişdeleriniň ulanylmagy (meselem: VPN).

Hökümetiň ýerine ýetirýän işleri

Iş ýüzünde hökümet kanunyň progressiw düzgünlerini ýerine ýetirmeýär. Tersine, Türkmenistan halkara derejesinde söz azatlygyny, raýatlaryň sanly hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda jemgyýetçilik ähmiýetli we jemgyýet bilen bagly maglumatlara elýeterliligi çäklendirýän iň erbet ýurtlaryň biri hasaplanýar. Döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” internete monopoliýa edýär hem-de haýal, gymmat we ygtybarsyz interneti üpjün edýär. Sebitde internete aralaşmagyň iň pes derejesi Türkmenistanda bolup, dünýä ortalamasyndan juda yzda galýar.

Hökümetiň onlaýn portallary, hyzmatlary standartlara laýyk gelmeýär we minimal derejede bolup, raýatlaryň ençeme hukuk resminamalara we hökümetiň ýerine ýetirýän işleri barada jikme-jik we takyk maglumagtlara elýeterliligini üpjün etmeýär. Bu hökümetiň aç-açanlygyny we jogapkärçiligini pese gaçyrýar.

Şeýle-de, häkimiýetler internetiň kesilmelerini we esasy torlaryň näsazlyklaryny, internetiň tizligini bilkastlaýyn haýallatmagy, ähli subnetleri (tor bölekleri we/ýa-da şahamçalary) we web saýtlary toplumlaýyn petiklemegi, VPN-leri we beýleki böwüsiji gurallary ulanyjylara garşy repressiýany güýçlendirýärler.

Döwlet Kiberhowpsuzlyk Gullugy

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy internete girmegiň giňişleýin çäklendirmelerini amala aşyrýan esasy döwlet edarasy hasaplanýar. Bu edara 2019-njy ýylda “Kiber Howpsuzlyk hakynda” kanuny kabul edende döredildi. Kanun hökümetiň kiber özbaşdaklygyny, möhüm maglumat we aragatnaşyk infrastrukturasyny goramaga, şeýle hem internetde kiberjenaýata we beýleki bikanun hereketlere garşy göreşmäge gönükdirilendir. Habar berilmegine görä, şol ýyldan bäri Kiberhowpsuzlyk gullugy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we köpçülikleýin onlaýn gözegçilik etmek, barlamak we petiklemek maksady bilen daşary ýurt tehnologiýalaryny edinmek üçin Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň kiberhowpsuzlyk hyzmatlary bilen memorandumlara gol çekdi.

Kiberhowpsuzlyk gullugynyň gurluşy, funksional jogapkärçilikleri, ygtyýarlyklary we başarnyklary barada ygtybarly jemgyýetçilik maglumatlary düýbünden ýetmezçilik edýär. Hökümet gullugyň işi we gurluşy bilen bagly kanuny resminamalary (kanunlar we düzgünler) henizem köpçülige mälim etmedi. Gullugyň web sahypasy ýok we ýerine ýetirýän işleri barada ýyllyk hasabatlary (meselem: kiberhowpsuzlyk hadysalary barada hasabat) çap etmeýär. Bu gullugyň jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň we ýerine ýetirýän işleriniň halkara adam hukuklary standartlaryna eýerýändigi barada çynlakaý aladalary döredýär.

Şeýle hem, hökümet petiklenen web saýtlaryň sanawyny köpçülige aýan etmeýär. Bu Türkmenistanda internet senzurasynyň nä derejededigine baha bermegi kynlaşdyrýar. Petikleme barada habarnamalary/duýduryşlary almak ýa-da hökümetiň kararlaryna garşy çykmak üçin hiç hili kanuny mehanizm ýok. Ahyrynda, 2022-nji ýylda hökümet özbaşdak “Milli sanly tor” döretmegi teklip etdi. Bu mundan beýläkde ýurduň we halkyň maglumat taýdan üzňeleşmesi babatda esasly gorkyny döretdi.

Türkmenistanyň hökümetine maslahatlar:

  • Internet dolandyryşy bilen bagly ähli hukuk resminamalary (kanunlar, hukuk namalar, döwlet maksatnamalary, görkezmeler we düzgünnamalar), şol sanda Kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny, Kiberhowpsuzlyk hakynda kanuny (2019) we Döwlet Kiberhowpsuzlyk Geňeşi barada düzgünnamalary we Döwlet Kiberhowpsuzlyk Gullugynyň ygtyýarlyklary we gurluşy barada jikme-jikleri öz içine alýan kadalaşdyryjy hukuk namalary köpçülige mälim ediň;
  • Internete we onlaýn hyzmatlara girmegi we ulanmagy düzgünleşdirýän kanunlaryň Raýat we Syýasy Hukuklar baradaky halkara şertnamasy ýaly ykrar edilen halkara adam hukuklary standartlaryna laýyk getirmek üçin üýtgetmeleri giriziň; Petikleme çärelerini amala aşyrmak üçin anyk kanuny esas dörediň. Bu çäreler kanuny maksada hyzmat etmeli we ýetiljek bolunýan kanuny maksada laýyk bolmaly;
  • Häkimýetiň hyýanatçylykly peýdalanmagynyň öňüni almak üçin internete girmegi we ulanmagy çäklendirýän islendik çäräniň degişli kazyýet gözegçiliginden geçmegini üpjün ediň;
  • Adam hukuklarynyň halkara standartlaryna laýyklykda töhmet atmagyň jenaýat hasaplanmagyny “Internet torunyň ösüşi we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda kanunyň” 30-nji maddasyna we Jenaýat kodeksiniň 188-nji maddasyna düzedişler girizmek arkaly ýatyryň;
  • Sertifikatlaşdyrylmadyk böwüsiji gurallaryň ulanylmasy üçin jogapkärçilige çekmegi aýyryň;
  • Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugyň işiniň aç-açanlygyny we jemgyýetçilik jogapkärçiligini üpjün ediň; Gullugyň ygtyýarlyklary, wezipesi, maksatlary, enjamlary we tehniki kömegi üpjün edijileri barada maglumatlary aç-açan mälim ediň. Gulluk ýerine ýetirýän işi we üpjünçiligi (satyn alan gurallary) barada her ýyl açyk hasabat bermeli;
  • Petiklenen web saýtlaryň sanawyny düzüň we iň soňky maglumatlary öz içine alýan sanawy üpjün ediň; Sanawda web çeşmeleriň haýsy sebäplere we kimiň görkezmeleri esasynda petiklenendigi hakynda jikme-jikleri belläň.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: