Progres.Online

Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukuklaryna hormat goýulýarmy?

ABŞ-nyň Söwda wekiliniň edarasy (USTR) intellektual eýeçiligiň (IE) goralyşyny we ABŞ-nyň dünýädäki söwda hyzmatdaşlarynyň ony ýerine ýetirişini bahalandyrýan 2023-nji ýylyň Ýörite 301 hasabatyny çap etdi. Hasabatda Türkmenistan barada bölüm hem ýer alýar.

Intellektual eýeçilik hukuklary (IEH) – adamlara döredijiligini belli bir döwürde ulanmak üçin berlen aýratyn hukuklar. Intellektual eýeçilik hukuklary iki esasy ugra bölünýär:

  • Edebi we çeper eserleriň awtorlaryna berilýän awtorlyk hukugy. Meselem: kitap, aýdym-saz, film, surat, heýkeltaraşlyk ýa-da kompýuter programmalary ýaly eserler.
  • Söwda markalary ýaly tapawutly bellikleri we dizaýnlary goramak üçin senagat eýeçiligi. Meselem: Apple, Coca-Cola ýa-da Louis Vuitton.

USTR 100-den gowrak söwda hyzmatdaşlaryny gözden geçireninden soň, 6 sany döwleti “Ileri tutulýan gözegçilik sanawynda”, 22 sany ýurdy bolsa “Gözegçilik sanawynda” diýip kesgitledi. Merkezi Aziýadan Türkmenistan we Özbegistan “Gözegçilik sanawyna” goşuldy. Bu sanawda bolmak ýurtlaryň kanunlarynyň, syýasatlarynyň we amallarynyň IE hukuklaryna bil baglaýanlar üçin ýeterlik IE goragy, IE hukuklaryny ýerine ýetirmegi ýa-da bazar mümkinçiliklerine elýeterliligini üpjün etmeýändigini aňladýar. IE Amerikanyň ykdysady ösüşiniň özeni bolan innowasiýa we döredijilige itergi bermekde möhümdir.

Intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmagynyň mysallary: patent hukugynyň bozulmagy, söwda belliginiň galplaşdyrylmagy, galp harytlaryň söwdasyny etmek, awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy we söwda syrlarynyň ogurlanmagy we ş.m.

Hasabatda Türkmenistanyň IE babatda alyp barýan oňyn ädimleri bellenilýär. Olar:

  • Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugy öz işgärleriniň ukyplaryny artdyrmak üçin meýilnamalary işjeň gözledi.
  • 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmek maksatnamasynyň kabul edilmegi.
  • Intellektual eýeçiligi goramak boýunça pudagara komissiýa döretmek barada Prezidentiň karar kabul etmegi.
  • ABŞ-Merkezi Aziýa Söwda we maýa goýumlary baradaky çarçuwaly şertnamanyň (TIFA) çäginde intellektual eýeçilik boýunça iş toparynyň mejlislerine gatnaşmagy.

Şeýle-de bolsa, Türkmenistan IE-ni goramagyň derejesini halkara ülňülerine galdyrmakda görnükli ösüş gazanmaýar. Öňki hasabatlarda öňe sürlen birnäçe IE meselesi çözülmän galdy. Olara aşakdakylar degişli:

  • Döwlet edaralarynyň we ministrlikleriniň ygtyýarnamaly programma üpjünçiligini ulanmagy talap edýän prezidentiň karary, düzgüni ýa-da kanun ýok. Käbir döwlet edaralary ygtyýarnamasyz programma üpjünçiligini ulanmagy dowam edýärler.
  • Türkmenistanyň daşary ýurt ses ýazgylarynyň (aýdym, saz, ýa-da ses ýazgylary we ş.m) awtorlyk hukugyny goramak baradaky düzgüni köneldi. Ýurt Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) internet şertnamalaryny durmuşa geçirmeýär we oňa goşulmady.
  • Intellektual eýeçiligiň eýeleriniň resmi şikaýaty bolmazdan, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine import, eksport ýa-da üstaşyr geçiş wagtynda serhetdäki galp harytlary ele geçirmek we ýok etmek hukugyny bermek ýaly kanuny reformalarynyň ýoklugy.
  • Intellektual eýeçilik kanunlaryny durmuşa geçirmekde şowsuz bolmagy. Galp we ogurlanan önümler Türkmenistanyň esasy şäherlerinde heniz hem elýeterli.
  • Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň işi we Döwlet gümrük gullugynyň kömegi bilen ele geçirilen zatlar barada maglumatlaryň mälim edilmezligi.
  • Söwda markasynyň eýelerinden öz markasyny hökmany hasaba aldyrmak talap edilýär. Bu söwda markasynyň eýelerine gereksiz administratiw we maliýe kynçylyklary döredip, söwda belligi hukuklaryny goramagy we saklamagy kynlaşdyrýar.

2023-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda, “Merkezi Aziýa köptaraplaýyn söwda ulgamynda: Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyň mysaly” atly konferensiýada gatnaşyjylaryň biri Türkmenistanyň “Gözegçilik sanawynynda” ýer alýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň hökümetiniň IE hukuklaryny gowulandyrmak we durmuşa geçirmek üçin nämeler edýändigini sorady. Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow IE bilen bagly meseleleriň bardygyny inkär etdi. Ýöne sözüniň üstüni şeýle ýetirdi: “Hökümet bu meseleleri anyklamak üçin degişli halkara guramalaryna hasabat berýär we ýakyndan işleýär. Bu meseleleriň ýakyn wagtda hötdesinden geljekdigimize ynanýaryn”.

Ýörite hasabat Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň hökümeti köplenç ygtyýarnamasyz programma üpjünçiligini ulanýanlygy üçin hususy kärhanalara intellektual eýeçilige hormat goýmagyň mysaly bolmaga, ýagny ygtyýarnamaly programma üpjünçiligini ulanmaga çagyrýar. Ygtyýarnamasyz programma üpjünçiligini ulanmak hökümetleriň we kompaniýalaryň howpsuzlygynyň gowşama töwekgelçiligini artdyryp biler. Hasabatda, ABŞ-nyň ABŞ-Merkezi Aziýa TIFA intellektual eýeçilik boýunça iş topary arkaly Türkmenistana IE düzgünini gowulandyrmaga kömek bermäge taýýardygy aýdylýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: