2022-nji ýylyň 19-njy martynda, Serdar Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine geçeninden bäri, Progres Fondy onuň prezidentligine syn edip hem-de türkmenistanlylaryň durmuşynyň dessin reforma talap edýän böleklerini bellige alyp gelýär.
Onuň prezidentliginiň dowamynda henize çenli milli syýasatlar / maksatnamalaryň jikme-jikleri köpçülige ýetirilmedi we döwlet programmalary we ilata degişli maksatnamalar taýýarlanylanda köpçülik bilen sala salyşyklar geçirilmedi. 2022-2025 ýyllar arasynda halkara guramalaryň we halkara mediýanyň gozgan meselelerine hökümet hiç hili jogap, reaksiýa, teswir we / ýa-da anyklaşdyrma bermedi. Döwlet mediýasynda hiç bir sosial-ykdysady mesele, raýatlaryň şikaýatlary ýa-da tebigy betbagtçylyklar barada habarlar berilmedi.
Biz aşakda prezident Serdar Berdimuhamedowyň çözmäge synanyşmadyk meseleleriniň we çäkli üstünlik gazanan ugurlarynyň sanawyny dykgatyňyza ýetirýäris.
Çäkli, netijesiz aragatnaşyk
- 2025-nji ýylda Halkara pul gaznasy (IMF) Türkmenistana saparynda manadyň iki hümmetini birleşdirmegi maslahat beripdi. Bu maslahat 2017-nji ýyldan bäri gaýtalanyp gelinýär, emma manadyň goşa hümmetliligi häzire çenli dowam edýär.
- Hökümetiň Halkara zähmet guramasy (ILO) bilen mejbury zähmeti azaltmak meselesinde eden aragatnaşyklary 2025-nji ýylda hiç hili netije bermedi. Pagta ýygymynda mejbury zähmet heniz hem dowam edýär we hökümet muňa çäre görmeýär.
- Hökümet 2022-nji ýylyň Ilat ýazuwyny 2024-nji ýylda çap etdi. Bu barada köpçülikleýin habar beriş gulluklary dil ýarmadylar. 2012-nji ýylyň Ilat ýazuwynyň elýeter däldigi üçin, soňky çykan Ilat ýazuwyny öňki bilen deňeşdirmek we ondan many çykarmak kyn. Bu Ilat ýazuwynda sanlaryň görkezilişi bolsa olara düşünmegi çäklendirýär. Bu güne çenli, bu statistikalar döwlet mediýasy tarapyndan ulanylmady.
Adam hukuklary we döwlet dolandyryş
- BMG-nyň Ählumumy döwürleýin synyna (UPR) gatnaşýandygyna garamazdan, hökümet öz wadalaryny ýerine ýetirmäge bagyşlanan aýdyň syýasy maksatlaryny we çözgütlerini hödürlemedi. BMG-nyň beren mashalatlaryny berjaý etmäge hökümetiň syýasy isleginiň we institusion potensialynyň bardygy ýa ýokdugy häzire çenli näbelli.
- Ýurtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň edarasy özygtyýarlylygyny we mümkinçiliklerini doly ulanmakda kynçylyk çekýär. Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilmegi barada şikaýat etmäge mehanizmleriň ýoklugy bolsa kynçylyklary diňe artdyrýar.
- Raýat jemgyýeti çäkliligine galýar. Girdeji üçin döredilmeýän guramalaryň nädip hasaba alnyşy barada köpçülige habar berilmeýär. Esasan-da oba ýerlerinde bilim, sosial-ykdysady programmalary hem-de esasy hyzmatlary hödürläp biljek raýat başlangyçlaryna goldaw berilmeýär (Civicus).
Döwlet edaralarynyň netijeliligi
- Korrupsiýa indeksinde Türkmenistan 180 ýurduň içinde 170-nji orny eýeleýär – bu ýurdy dünýäde korrupsiýanyň iň ýaramaz ýurtlarynyň içinde goýýar. “Transparency International” şeýle belleýär: “Ýurdy dolandyrýan türkmen elitleriniň hökümet edaralaryna awtoritar höküm ýöretmegi köküni urupdyr. Korrupsiýa hem güýji elde saklamak we jogapkärçilikden gaça durmak üçin ulanylýar”.
- Döwlet edaralarynyň sanly ulgama geçirilişi boýunça Ýewropada we Merkezi Aziýada iň yzda barýar, hatda Owganystandan hem yzda (the GovTech Maturity Index).
Ykdysady ýagdaýlar we garyplyk
- Hökümet uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän ilatyň aýlyklarynyň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň her ýylda 10% artdyrma syýasatyny ýatyrdy.
- Manadyň iki hümmetliligi dowam edýär. Daşary ýurt walýutalarynyň elýeterligi çäkli bolmagynda galýar. Ilat halkara banklaryndan ýa-da Western Union ýaly pul geçirme hyzmatlaryndan doly peýdalanyp bilmeýär.
- Döwlet býujeti diňe çäkli görnüşde çap edilýär – ýagny diňe umumy girdejiler we çykdajylar görkezilip, olaryň takyk sanlara bölnen düzümi, şol sanda tebigy nebit we gazdan gelýän girdejiler hem bellenilmeýär.
- Resmi garyplyk sanlary çap edilmeýär we milli garyplyk ölçegi ulanylmaýar. Ýurtda durmuş kynçylyklarynyň artýandygyny, çagalaryň maşgalalaryna goldaw bermek üçin okuwa barman gurluşykda, kerpiç önümçiliginde, oba-hojalygynda we resmi däl köçe işlerinde işleýändigini garaşsyz habarçylar belleýärler. Sekiz ýaşyndaky mekdep ýaşly çagalaryň hem Aşgabatda dilegçilik edýändigine syn edilipdir.
- Bütindünýä Banky we IMF ýaly halkara guramalar ýurduň ykdysady görkezijilerine şübhelenýärler. 2018-nji ýyldan bäri Bütindünýä Banky Türkmenistany öz hasabatlaryna goşmaýar.
- EBRD we OECD guramalary Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň pes derejeli dolandyrylýan ykdysadyýetdigini belleýärler. Olaryň aýtmagyna görä, walýutanyň goşa hümmetliligi emigrasiýa we beýni syzmasyna goşant goşup, ýurduň özgeriş depginini sebitde iň soňky orunda goýýar.
Hususy pudakda çäklendirmeler
- Biznes hasaba alyş we ygtyýarnama alma proseduralary ýeňilleşdirilip, infrastruktura proýektleri üçin çäklendirilmedik karzlar we salgyt ýeňillikleri hödürlenildi. Şeýle-de bolsa, proseduralar heniz hem kagyz üsti bilen geçirilýär we uzak wagt alýar. Ygtyýarnamalar her iki ýyldan täzelenilmeli – bu kada Merkezi Aziýa sebitinde seýrekdir. Käbir pudaklarda ygtyýarnamalaryň her ýylda täzelenilmegi talap edilýär we munuň tölegi hem işiň görnüşine görä üýtgäp bilýär. Biznesler güýçli tanyşyň bolmasa ygtyýarnamany täzelemegiň kyndygyndan zeýrenýärler. Girizilen ýeňillikler bolsa, döwlet bilen hyzmatdaşlyk edýän şereketlere gönükdirilegen bolýar.
Migrasiýa we pasportlar
- Ykdysady çetleşme, hökümet dolandyrylyşygynda kemçilikler hem-de ýurtdaky çäkli mümkinçilikler ilatyň ýurtdan çykmagyna itermesini dowam edýär. Hökümet migrasiýa degişli hasabatlary çap etmese-de, 2008-2018 ýyllar aralygynda takmynan 1.9 million adamyň ýurdy terk edendigi çaklanylýar (esasan Belarussiýa, Russiýa we Türkiýä).
- Pasport indeksiniň gowşaklygy Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda hem erkin hereket we syýahat etmegini çäklendirýär. Hökümetiň ýörite ýöredýän syýasaty raýatlaryň daşary ýurtlarda pasportlaryny täzelemeklerine mümkinçilik bermeýär – bu bolsa sany barha artýan migrantlary kanun taýdan agyr ýagdaýa salýar ýa-da olary repressiw we parahor gurşawa dolanmaga mejbur edýär. Netijede, ençeme türkmen migrantlary ýaşaýan ýurtlarynyň migrasiýa kanunlaryny doly berjaý edip bilmeýärler.
- Köp ýurtlar hem, Türkmenistanyň özi bilen deň bolup, Türkmenistanyň raýatlary üçin berk syýahat we migrasiýa wiza kanunlaryny ýöredýärler. Meselem, Türkiýe bilen aradaky wizasyz syýahatlar 2022-nji ýylyň sentýabrynda ýatyryldy. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmenistanlylardan B1 / B2 biznes ýa-da syýahat wizalary üçin $5,000-$15,000 arasyndaky möçberde girew goýmagy talap edýär. Mundan öň, ýagny 2025-nji ýylda ABŞ wizasy dolansoň ýurtdan çykmaýanlaryň köpdügi sebäpli Türkmenistanyň raýatlaryna wiza berilmesine bölekleýin çäklendirme girizipdi.
Hereket erkinligi
- Konstitusiýada kepil geçilýänine garamazdan, Türkmenistanda hereket erkinligi örän çäklendirilen bolup galýar. Sowet döwründäki “propiska” sistemasy sebäpli, raýatlar ykdysady mümkinçilikler ugrunda öz doglan ýerlerinden Aşgabat ýaly uly şäherlere göçüp bilmeýärler. Bu ýagdaýy üýtgetmek üçin raýatlara hiç hili şikaýat ýa-da haýyş etme mümkinçiligi berilmeýär.
- Daşary ýurtly raýatlar üçin hem ýurduň içinde hereket erkinligi çäkli. Hökümet daşary ýurtly raýatlar üçin e-wiza ulgamyny döretmek barada karar kabul etdi, emma muny durmuşa geçirmek üçin hiç hili ädim ätmedi.
Saglygy goraýyş we sosial goraglylyk
- Jemgyýet saglygyna degişli, şol sanda COVID-19, inçekesel, AIW / AIDS, rak keselleri we giňişleýin epidemiologik görkezijiler çap edilmeýär. Bar bolan çaklamalar 2018-nji ýyldan bäri barha ýaramazlaşýan ene we çaga ölümlerini, rak hadysalaryny we howanyň hapalanmagy bilen baglanyşykly saglyk töwekgelçiliklerini görkezýär.
Aýal-gyzlaryň hukuklary
- Aýallar we gyzlar öýdäki zorlugyň öňünde köptaraplaýyn goragsyz galýarlar, nikany bozmak we kanuny, howpsuz abort etdirmek meselesinde hem çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Internet we maglumat elýeterligi
- Internetiň agressiw senzurasy we petiklenilmegi dowam edýär. 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hökümeti global internetden üzňe “özbaşdak internet” döretmek pikirini hödürledi. Bu barada soňra goşmaça habar çykmady. Internetiň petiklenilmegi türkmen raýatlarynyň ykdysady, sosial we medeni hukuklaryny bozýar.
- 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistana sapar eden OSCE-niň Mediýa erkinligi boýunça wekili Teresa Riberio ýurtda mediýa erkinligindäki meseleler barada gürleşdi. Ol onlaýn we oflaýn maglumatlaryň erkinliginiň we olaryň elýeterliginiň çäklendirmelerinden hem söz açyp, türkmen hökümetiniň wekillerini özleriniň OSCE guramasyna wada beren söz we mediýa azatlygyny gazanmaga çagyrdy. Emma, ondan bäri iki tarapdan hem täzelik bolmady.
Bilim we ýaşlaryň erkin hereketi
- 2022-2025 ýyllar aralygynda ýurtda hiç bir halkara uniwersitetiniň şahamçasy açylmady. Ýokary bilim ojagy diňe Aşgabat bolup galýar – 23 uniwersitetiň 19 sanysy Aşgabatda ýerleşýär we welaýatara deňsizligi artdyrýar.
- 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň diňe 40.5%-i çagalar baglaryna gidýär. Bu san Aşgabatda 70% bolsa, Daşoguzda 19.1% bolup, uly welaýatara deňsizligi alamatlandyrýar.
- Türkmenistanyň uniwersitetlerinde ýerleriň çäklidigi sebäpli her bäş uçurymdan dördüsi orta mekdepden soňra bilimini dowam etdirip bilmeýär ýa-da daşary ýurtlarda bilim almaga mejbur bolýar. Aşgabatda ýaşlaryň 82.5%-i orta mekdepden soňra ýokary mekdeplerde okaýarlar, emma Daşoguz welaýatynda bu san diňe 6.4% (Ilat Ýazuwy 2022). ÝUNESKO görä, 2023-nji ýylda daşary ýurtlarda 62,124 sany türkmen talyplary hasaba alnypdyr.
Ýaşaýyş jaýlary we öýsüzlik
- 2022-nji ýylda prezident Serdar Berdimuhamedow “her maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar” diýdi. Muňa garamazdan, häzire çenli ýaşaýyş jaýlaryna degişli hiç hili maksatnama, statistika ýa-da syýasat köpçülik bilen paýlaşylmady.
- Dürli hasabatlar öýsüzligiň ýokarlanýandygyny, şol sanda birnäçe çagaly eneleriň aýazly gyş gijelerinde metjitlerde, öwlýalarda, demir ýol we awtobus menzillerinde, haýyr-sahawat jaýlarynda ýatýandyklaryny aýdýarlar. Köpleriň barha galýan jaý kireýlerini we ýaşaýyş çykdajylaryny çekip bilmän öýsüz galandyklary aýdylýar. Hökümet öýsüzlik ýagdaýy barada ne hasabat çykarýar ne öýsüzlere gaçybatalga we goldaw üpjün edýär.
- Ýaşaýyş jaý kanunlaryna degişli şikaýatlar, kanuny ýerine ýetiriji işgärlerden we kazyýet kararlaryndan närazylyk, ýer kanunlary, işlemäge bolan hukuk we migrasiýa meseleleri 2024-nji ýylda Adalatça iň köp gönükdirilen şikaýatlary düzýär.
Oba-hojalygynda mejbury zähmet
- Pagtanyň we bugdaýyň hasylyna hökümet tarapyndan plan goýulmasy dowam edýär – bu bolsa, daýhanlary çykgynsyz ýagdaýlara we mejbury zähmetiň ýöredilmesine eltýär. ILO bilen edilen aragatnaşyklar hem henize çenli netijeli syýasy üýtgeşmelere alyp barmady we mejbury zähmetiň we maddy zulumyň, şol sanda pagta ýygymynda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň dowam edýändigini hasabatlar görkezýär. Türkmen pagtasynyň uly kompaniýalar tarapyndan boýkot edilmesi we ABŞ-nyň türkmen pagtanysynyň importyna girizen gadagançylygy dowam edýär.
Energiýa we klimat
- Ýurt Ählumumy metan borçnamasyna goşulaly bäri, esasan-da Derweze çöketliginde metan zyňyndylarynyň azalandygy habar berilýär. Emma welin, bu habarlar diňe bir gezeklik azalma bilen bagly bolup, azalmanyň dowam edendigi barada hasabat çykmady.
- Türkmenistan 100% gazylyp alynýan ýangyçlara bil baglaýar we häzire çenli ýurtda uly göwrümli gaýtadan dikeldilýän energiýa maksatnamalary kabul edilmedi.
- Gazylyp alynýan ýangyçlaryň subsidiýalary dowam edýär we Türkmenistan ykdysady önümiň her birligine görä iň köp energiýa harçlaýan we iň köp atmosferany hapalaýan ýurtlaryň içine girýär.
Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň dördünji ýylyndan soňra hem hökümet dolandyrylyşynda aç-açanlyk çäkli bolup galýar, institusion reformalar gowşak we sosial-ykdysady basyş barha ýokarlanýar. Birnäçe ýüzleý özgerişlikler geçirilen hem bolsa, olar düýpli we netijeli üýtgeşmelere öwrülmediler. Ykdysady çetleşme, çäkli mümkinçilikler we beterleşýän garyplyk Türkmenistanyň ilatynyň gündelik durmuşyny şekillendirmegini dowam edýär.
GOŞMAÇA MAGLUMAT ÜÇIN PROGRES FONDUNYŇ OZALKY HASABATLARYNY OKA:
- Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji 100 gününde edip biljek il-ýurt bähbitli işleri
- Serdar Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji 100 güni: Ol sözünde durdumy?
- Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji ýyly: Progres barmy?
- Berdimuhamedowyň prezidentliginiň ilkinji iki ýyly: Nähili ösüşler gazandy?
- Berdimuhamedowyň prezidentliginiň üçünji ýyly: Artýan Meseleler, Ujypsyz Ösüş





