Progres.Online

Progres Fondy ForSet bilen hyzmatdaşlykda okuwlary yglan edýär

Türkmenistanda jemgyýete bähbitli bilim, düşünje döretmek boýunça taslamalaryň üstünde işlemegi pikir edýärmiň?

Eger-de sen türkmenistanly gözlegçi, bloger we jemgyýetiň habardarlyk, sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak üçin manyly, peýdaly we gyzykly maglumatlary döretmek isleýän bolsaň, seni maglumatlary we sanlary ulanyp, manyly wizual hekaýa döretmek okuwlaryna arza tabşyrmaga çagyrýarys!

Ýeňijileriň ähli okuwa degişli çykdaýjylary guramaçylar tarapyndan maliýeleşdiriler. Okuwlar we halypalyk maksatnamasy rus we iňlis dillerinde geçiriler. Anketa diňe iňlis we rus dillerinde.

ForSet – Tbiliside ýerleşýän döredijilik edarasy bolup, onuň maksady maglumatlary, dizaýnlary we tehnologiýalary ulanmak arkaly jemgyýetiň özgermegini güýçlendirmek. 2017-nji ýylda esaslandyrylan bu gurama, Gruziýadaky şeýle guramalaryň ilkinjisidir. ForSet köp sanly maglumatlardan durmuşy, möhüm wakalary gözläp tapmak we wizual suratlandyrmak üçin ýurduň iň ukyply dizaýnerlerini, illýustratorlaryny, animatorlaryny, gözlegçilerini, žurnalistlerini we web döredijilerini birleşdirýär.

Progres Fondy Türkmenistanyň halkyna peýdaly bolan dürli progressiw başlangyçlary goldaýar. Saglyk.org soňky 12 ýylda, Türkmenistanda saglyk sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda işleýär, şol sanda türkmen dilinde COVID-19 barada maglumat bermekde esasy çeşmedir. Progres.online onlaýn analitiki žurnal bolup, ýokary hilli gözlegler we derňewler arkaly Türkmenistandaky sosial trendlara içgin düşünmäge goşant goşýar.

Okuwlar 6-8 aýlyk programma bolup, Tbiliside geçiriljek iki hepdelik okuwdan we onlaýyn halypalyk maksatnamadan ybarat. Programmanyň dowamynda, ýeňijiler maglumat ýygnamak, maglumat derňemek, maglumat hekaýalary beýan etmek (iňlisçe: data storytelling), maglumat dizaýny we ş.m. ukyplaryny kämilleşdirerler. Ýeňijiler ForSet we Progres.online toparynyň goldamagynda maglumat hekaýalaryny gözlemek, ýazmak, dizaýn we çap etmek jogapkärçiligi bolar. Her bir ýeňiji saglyk, ykdysadyýet, medeniýet, sungat, taryh we edebiýat temalarynda 2 maglumat hekaýasyny döretmeli. Ýeňijileriň döreden hekaýalary Saglyk.org ýa-da Progres.online sahypasynda çap ediler.

Dalaşgärlerden bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgär islendik ýerde ýaşap we işläp biler, emma Türkmenistanyň ilaty üçin türkmen, rus, iňlis dilinde saglyk, ykdysadyýet, medeniýet, sungat, taryh we edebiýat temalarynda döredijilikli işleri etmäge meýilli bolmaly;
  • Jemgyýetçilik bilimi bilen gyzyklanýan aragatnaşyk hünärmeni, aktiwist, dizaýner, zurnalist ýa-da programmist bolmaly;
  • Hekaýalary sada, düşnükli suratlandyrma ukyby bolmaly;
  • Işlemäge ýeterli derejede türkmen dilini bilmeli.
  • Ýazuw we gürleýiş iňlis dilini suwara bilmeli;
  • 2023-nji ýylyň maýynda Tbiliside 2 hepdä çenli okuwa gatnaşmaga elýeterli bolmaly (takyk senesi programmanyň indiki tapgyrlarynda yglan ediler);
  • Onlaýn halypalyk maksatnamasyna we beýleki çärelere (onlaýn ýygnaklar, webinarlar, konferensiýalar) gatnaşmaga mümkinçiligi bolmaly;
  • Saglyk, ykdysadyýet, medeniýet, sungat, taryh we edebiýat temalarynda hekaýalary döretmäge islegli bolmaly;
  • Tbilisä sapardan öň we soň belli bir mukdarda döredijilikli işleri taýýarlamaga meýilli bolmaly;
  • Programma gutarandan soň öwrenilen ukyp-başarnyklary işiňde ulanmagy dowam etdirmeli;
  • Syýasy partiýanyň, dini guramanyň agzasy ýa olara bagly bolmaly däl.

2023-nji ýylyň ýaz-tomus maksatnamasyna 2-4 dalaşgär saýlanar.

Programma aşakdakylary maliýeleşdirýär:

  • gidiş-geliş bileti doly tölenýär;
  • Tbilisä gelmezden ozal we ondan soňky her bir hekaýa üçin galam haky (gonorar) beriler. (Beriljek galam haklary hekaýalaryň çylşyrymlylygyna baglylykda üýtgär);
  • Tbiliside ýaşaýyş çykdajylary doly maliýeleşdiriler.

Arzalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti: 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwary.

Ikinji tapgyra saýlanan dalaşgärlerden bildiriljek talaplar:

  • Öňünden berlen okuw materiallaryna esaslanyp test tabşyrmaly;
  • Döredijilikli işleriň taslamasyny hödürlemeli;
  • Taslamanyň topary bilen geçiriljek söhbetdeşlige gatnaşmaly.

Programma barada islendik sorag üçin Mariam Gamharaşwili bilen habarlaşyp bilersiňiz: mariam@forset.ge.

ANKETA

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: