Progres.Online

Pasportlar we uýtgetmeler: faktlar, näbellilikler, aladalar

18-nji maýda Progres Türkmenistanlylaryň zagran pasportlary: ýagdaýlar we maslahatlar makalasyny çap edipdi. Makalada meseleleriň beýany, ýagdaýlaryň raýatlara ýetirýän ýaramaz täsirleri, goňşy döwletleriň öz raýatlaryna berýan konsullyk hyzmatlary barada we dolandyryjy döwlet işgärlerine maslahatlar berilýär. Bu makalamyz haýal özgerýän ýagdaýlara synymyz bolup belli, näbelli bolup galýan we ilatyň soraglaryny, aladalryny jemleýär. Okyjylarymyzda goşmaça esaslandyrylan maglumat (çeşme bilen) bar bolsa, biz bilen Instagramda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Türkmenistanyň “Migrasiýa hakynda” kanunyna, watanyna gaýdyp bilmeýän raýatlaryň pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagyna degişli üýtgetme girizildi. Karara 5-nji iýun gol çekilip, onuň teksti 8-nji iýunda “Bitarap Türkmenistan” gazetinde çap edildi. Bu habary käbir türkmenistanlylar umyt we begenç bilen garşyladylar. Biz hem bu habara begendik. Makalamyzda belleýşimiz ýaly, Türkmenistanda her maşgalada migrant agza bar we kän adam üçin möhleti geçen pasportlaryny täzelemek ýiti mesele bolup durýar.

NÄME BILÝÄRIS?

Türkmenistanyň Prezidentynyň gol çeken kanunynyň 29-njy maddasynyň altynjy böleginiň dördünji tesiminden soň şu mazmunly abzasy goşmaly diýip aýdylýar:

“Daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gidip bilmeýän halatlarynda, olaryň hereket ediş möhletleri tamamlanan ýa-da tamamlanýan pasportlarynyň hereket ediş möhletleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda uzaldylyp bilner”.

Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň “Migrasiýa hakynda” kanunyna iň soňky üýtgeşmeler 2021-nji ýylyň 15-nji maýynda girizilipdi we onuň doly görnüşini Ministrligiň web sahypasynda okap bilersiňiz. Bu kanuna 5-nji iýundaky girizilen täze düzgünnamalar Ministrligiň web sahypasynda ýerleşdirilmändir.

ILÇIHANALAR

Makalamyzda bellenilen ABŞ, Türkiýe we Russiýadaky Türkmenistanyň ilçihanalaryň web sahypalaryny täzeden barladyk: olaryň websaýtlarynda şu habar, habara degişli hiç hili maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň websaýtynda, “bildirişler” (1-nji iýun) bölüminde Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin talap edilýän resminamalaryň sanawyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi diýip habar berilýär. Resminamalaryň täze sanawy berilmeýär.

PASPORT HAKYNDA ÖŇDEN BAR BOLAN KANUN

Türkmenistanyň “Migrasiýa baradaky” kanundaky şol bir 29-njy maddanyň 3-nji bölegindäki maglumatlara görä (aşakda), ýurduň daşynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanly migrantlary pasport almak üçin ol ýerlerdäki diplomatik wekilhanalaryna ýüz tutup, alyp bilmäge hukuklary bar. Eger daşary ýurtdaky ilçihanalar arkaly pasportlary uzaltmak we çalyşmak mümkinçilikleri kanuna görä öňden hem bar bolsa, onda täze üýtgetmeleriň zerurlygy nämede?

29-nji madda, 3-nji bölüm:

“Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutýarlar. Görkezilen raýatlara pasportlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynda resmileşdirilýär hem-de Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen gowşurylýar. Olar Türkmenistanyň çäginde bolýan döwründe pasporty resmileşdirmek üçin migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutup bilerler”.

Şeýle hem, Türkmenistan “Vienna Convention on Consular Relations 1963” atly konwensiýasyna 1996-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda gol çekip agzasy boldy. Bu konwensiýanyň 5-nji maddasynyň (d) bölümine görä, daşary ýurtda ilçihanasy bolan ýurt, şol ýerdäki raýatlaryna pasport we beýleki syýahat resminalaryny bermäge borçludyr.

NÄBELLILIKLER: RAÝATLARYŇ SORAGLARY WE ISLEGLERI

Durnukly we demokratiki döwletde kanun çykarmakda, kanuny durmuşa netijeli geçirmekde, olaryň durmuşa geçirilşine gözegçilik etmekde döwlet edaralarynyň raýatlar bilen ýakyn gatnaşyk saklamagy iň möhüm şertdir.

Türkmenportal, Orient.tm neşirlerinde türkmenistanly okyjylaryň paýlaşan teswirlerine göz aýlasak, olaryň meselä degişli iň gyssagly sograglary we aladalary şulardan ybarat:

  • Nirede we nädip: Pasport bermegiň düzgünlerini, tertibini haýsy edara düzüp durmuşa geçirer? Ilata pasportyň möhletini uzaltmagyň anyk düzgünleri we tertibi düşnükli türkmen, rus we iňlis dillerinde berilse. Ilata kanunlary we düzgünleri ekspertler düşnükli dilde media (telewizor, gazetlar, sosial media) arkaly ýetirmeli. Okyjylaryň iň esasy şikaýaty – habarlaryň, kanunlaryň düşnüksiz edilip ýazylmagy bolýar. Bulaşyk, nätakyk maglumat dürli interpretasiýalaryň, myş-myşlaryň döremegine, ýalan maglumatlaryň we disinformasiýanyň ýaýramagyna amatly şertleri döredýär.
  • Ilçihanalar: Degişli ilçihanalar, kosulluklar bilen habarlaşmak üçin olaryň anyk email, telefon belgileri mediada çap edilmeli.
  • Korrupsiýa: Raýatlar şeýle düşnüksizlik, bulaşyk maglumatlar uly nobatlara we korrupsion shemalaryna ýol açar diýip howatyrlanýarlar. Raýatlar pasportlarynynyň möhletini uzaldanlarynda, häkimiýetler pasportda bolan maglumatlar bilen kanagatlanman, dürli gereksiz býurokratik düzgünleriň girilizmegine, sprawkalaryň talap edilmegine garaşýarlar. Bu bolsa para almaga, bermäge ýol açýar.
  • 5 ýyllyk pasport: Täze pasportlaryň beriljekdigi ýa-da öňki pasporta “uzaldyldy” diýip möhür basyljakdygy hakynda maglumatlar ýok. Raýatlaryň ýene bir bölegi bolsa, pasportlaryň näme üçin öňki ýaly 10 ýyllyk dälde, diňe 5 ýyllyk möhletli berilýändigini soraýarlar.
  • Möhleti gutaran pasportlaryň möhletleri näçe ýyl uzaldylar? Pasportyň möhleti gutarmadyk, ýöne zaýalanan, döwülen ýa-da ýitirim bolan pasportlar üçin täze pasportlar berilermi?
  • Möhleti uzaldylan pasportlar bilen başga ýurtlara syýahat edip bolarmy?
  • Türkiýede we beýleki ýurtlarda dokumentsiz, bikanun ýaşap ýören migrantlaryň ykbaly nähili bolar?
  • Kanundaky düzgünnamalar wagtlaýyn güýje girip, ýollar açylansoň ýene öňki şekilde ýurda gidip pasportlary Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynda täzelemeli boljakmy?

Raýatlaryň anyk soraglaryna takyk we düşnükli jogaplar myş-myşlaryň döremeginiň, ýalan maglumatlaryň we disinformasiýanyň ýaýramagynyň öňüni alar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: