Progres.Online

Türkmenistanlylaryň zagran pasportlary: ýagdaýlar we maslahatlar

Türkmenistanly migrantlar öz ýurdunyň ilçihanalarynda pasportlaryny täzeläp bilýärlermi?

Daşary ýurtda ýaşaýan Merkezi Aziýaly migrantlaryň zagran pasportlarynyň möhleti dolanda we onuň ýiten ýa-da ogurlanan ýagdaýlarynda täze pasport almagy ýiti durmuşy meselä we zerurlyga öwrülýär. Bellenilen hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda, dünýäde dürli döwletleriň ilçihanalary raýatlaryna pasportlaryny täzeläp bermekde hyzmatlary hödürleýärler. Şeýle hyzmatlar raýatlaryň diňe pasportlaryny täzelemek üçin öz ýurtlaryna gitmeginiň, gereksiz maddy çykdaýjylaryň, wagtlarynyň biderek ýitmeginiň öňüni alýar. Pandemiýa döwründe bolsa şeýle hyzmatlar dereksiz syýahaty çäklendirip, COVID-19 ýokuşmasyndan goraýar.

Täsirler

COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda birnäçe ýurtlar wirusdan goranmak üçin öz serhetlerini ýapdylar. Pandemiýa döwründe raýatlar döwletiň hyzmatlaryna, aladasyna mätäç bolýar we ilçihanalaryň pasport çalyşmak hyzmatlarynyň wajyplygy has hem artýar. Serhetleriň ýapyk, howa menzilleriniň çäkli iş döwründe, pasportyň möhleti dolan ýagdaýynda, Türkmenistanly migrantlaryň ýaşaýan ýurdunda wizalaryny uzaltmakda uly kynçylyklary çekýärler.

Möhleti geçen pasportly adam bikanun statusa eýe bolýar. Ol hukuk, medisina, bank hyzmatlaryndan, şeýle hem iş we bilim mümkinçiliklerden mahrum bolýar. Ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan adamyň dürli pajygaly ýagdaýlaryň pidasy bolmak ähtimallygy ýokarlanýar, meselem adam gaçakçylygy, ten sowdasy we öýsüz galmak ýaly ýagdaýlara uçramak. Şeýle näbellilik adamyň psihikasyna zarba urýar, ruhyçökgünlige eltýär. Galyberse-de, şeýle döwürde döwlet goldawy bolmadyk ýagdaýynda raýatlar öz raýatlygyny taşlap, ýurduň ilat sanynyň azalmagyna hem eltip bilýär.

Geliň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkiýedäki, Russiýadaky we ABŞ-däki ilçihanalaryna göz aýlalyň we pasport çalyşmakda berýän mümkinçiliklerine we hyzmatlaryna seredeliň. Merkezi Aziýaly migrantlaryň aglaba bölegi Türkiýä, Russiýa we ABŞ ýaly döwletlerde işläp, okaýandyklary üçin biz bu üç ýurtda ýerleşýän ilçihanalaryň hyzmatlaryna seretmegi makul bildik.

Ýurt: Gazagystan

Türkiýedäki ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Türkiýede kanuny ýagdaýda okaýan we işleýän raýatlar täzeläp bilýärler.

ABŞ-däki ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. ABŞ-da kanuny ýagdaýda okaýan we işleýan raýatlar täzeläp bilýärler.

Russiýadaky ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Russiýada kanuny ýagdaýda okaýan we işleýan raýatlar täzeläp bilýärler.

Näçe günde täzeläp bolýar: Türkiýe 90 gün / ABŞ-da 80 gün

Ýurt: Gyrgyzstan

Türkiýedäki ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Türkiýede ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

ABŞ-däki ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. ABŞ-da ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

Russiýadaky ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Russiýada ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

Näçe günde täzeläp bolýar: ABŞ-da 1-2 aý

Ýurt: Özbegistan

Türkiýedäki ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Türkiýede ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

ABŞ-däki ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. ABŞ-da ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

Russiýadaky ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Russiýada ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

Näçe günde täzeläp bolýar: Maglumat ýok

Ýurt: Täjigistan

Türkiýedäki ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Türkiýede ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

ABŞ-däki ilçihanada pasporty täzelemek: Websaýt işlänok

Russiýadaky ilçihanada pasporty täzelemek: Ilçihanada täzeläp bolýar. Russiýada ýaşamaga rugsady bolan raýatlar täzeläp bilýärler.

Näçe günde täzeläp bolýar: Maglumat ýok

Ýurt: Türkmenistan

Türkiýedäki ilçihanada pasporty täzelemek: Bu hyzmaty diňe Türkmenistandaky Döwlet migrasiýa gullugy ýerine ýetirýär

ABŞ-däki ilçihanada pasporty täzelemek: Bu hyzmaty diňe Türkmenistandaky Döwlet migrasiýa gullugy ýerine ýetirýär

Russiýadaky ilçihanada pasporty täzelemek: Bu hyzmaty diňe Türkmenistandaky Döwlet migrasiýa gullugy ýerine ýetirýär

Näçe günde täzeläp bolýar: Maglumat ýok

  • Ýokarda görşümiz ýaly, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň daşary ýurtdaky ilçihanalary öz raýatlarynyň pasportlaryny bellenilen şertlere görä çalşyp berýärler. Iň köp maglumat Gazagystanyň ilçihanalarynda paýlaşylan we maglumatlara görä daşary ýurtdaky gazagystanly migrantlar okuw, iş we beýleki maksatlar sebäpli ýurtda resmi şekilde ýaşamaga rugsady bar bolsa, onda olar ilçihanada pasportlaryny çalşyp bilýärler. Şeýle hem, migrantlaryň çagalarynyň we aýalynyň/adamsynyň hem pasportlaryny çalyşmaga we täzelemäge mümkinçilikleri bolýar. Raýatlar täze pasportlaryny 90 güniň içinde alyp bilýärler we täze pasportyň möhleti 10 ýyllyk. Turizm we başga gysga wagtlaýyn maksatly syýahat eden gazagystanly raýatlar bu mümkinçilikden peýdalanyp bilmeýärler.
  • Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ilçihanalarynyň web sahypalarynda hem, ýokarky agzalan ýurtlarda kanuny ýagdaýda ýaşamaga rugsady bolan raýatlar öz zagran pasportlaryny täzeläp bilýärler. Bütin prosedura Gyrgyzstanyň ilçihanalarynda 1-2 aý dowam edýär ýöne Özbegistanyň we Täjigistanyň ilçihanalarynyň web sahypasynda degişli maglumat berilmeýär.
  • Biz şeýle hem Türkmenistanyň ABŞ-däki, Türkiýedäki we Russiýadaky ilçihanalarynyň web sahypalaryna seretdik we Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň maglumatlaryna görä, zagran passportlary diňe Türkmenistandaky Döwlet migrasiýa gullugy çalşyp berýär. Ýagny, Türkmenistanly migrantlar bu hyzmalardan diňe ýurda dolanyp peýdalanyp bilýärler. Täze beriljek zagran pasportynyň möhledi 5 ýyllyk bolýar. Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy türkmenistanly migrantlaryň Russiýada hemişelik ýaşamak üçin rugsat dokumenti bar bolan ýagdaýynda diňe milli raýatlyk pasportlaryny çalşyp we täzeläp berýär.

Dolandyryjy döwlet işgärlerine we edaralara maslahatlarymyz:

  • Anyk resmi san bolmasada, Türkmenistanda her maşgalada okuwçy, zähmet migranty – maşgala agzasy bar diýsek ýalňyşmarys. Bu bolsa meseläniň göwrümini görkezýär. Türkmenistanyň ilçihanalary pasport täzelemek hyzmatlaryny ýola goýup, türkmenistanly migrantlarynyň we maşgalalarynyň düşen agyr ýagdaýyny we kösençliklerini azaldyp biler;
  • Şeýle tölegli konsullyk hyzmatlary ýola goýmak bilen ilçihanalaryň girdejileri artar. Bu bolsa ilçihanalaryň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar we sanawyny artdyrar. Ilçihanalaryň websahypalarynda adaty migranta peýdaly boljak maglumatlaryň döredilmegine getirer;
  • Pasportlary ilçihanalarda täzeläp bolsa, raýatlar döwlet aladasyny hereketde görerler. Migrantlaryň gazanýan we ýurduna iberýan puly ýurduň wajyp ykdysady girdeji çeşmesidir;
  • Şeýle hyzmatlaryň bolmazlygy ýurduň abraýyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Islendik ilçihananyň wezipesi daşary ýurtda öz raýatlarynyň hak-hukuklaryny gorap howpsuzlygyny upjün etmek we olaryň durmuşyny aňsatlaşdyrmakdyr. Şo sebäpden, pasportlary çalşyp bermek arkaly ilçihana öz borjuny ýerine ýetirer we öz raýaty barada çynlakaý aladalanýandygny görkezer;
  • Pasportlaryny täzeläp bilmeýändikleri sebäpli daşary ýurtda täze raýatlyga geçýän türkmenistanlylar bar. Mundan soň olaryň Türkmenistana syýahat etmejegi ähtimal. Bu bolsa Türkmenistanda adam kapitaly we durnukly ösüş üçin örän uly ýitgidir.
  • Pasport almak, СOVID-19 bilen bagly näbellilikleriň bolmagy sebäpli, Türkmenistanly migrantlaryň geljegi näbelli bolup galýar. Olar iş, okuw mümkinçiliklerden mahrum bolýarlar we öz ýurdunda geljegine umytsyz garaýarlar. Konsullyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy raýatlaryň döwlet guramalaryna, işgärlerine bolan ynamyny artdyrar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: