Progres.Online

Türkmenistanda Internet Kesilmesi Barada Hekaýa #1

Salam!

Men 23 ýaşymda, Hytaý Halk Respublikasynda okaýaryn. Men daş-töweregimdäki dost-ýarlaryma, öz güýji bilen okuwa girip bilmejek adamlara Hytaýda stipendiýaly okuwa girmege kömek edýärin. We şul stipendiýaly okuwlar hemişe soňky tapgyrynda Online Wideo Gepleșik geçirýärler. Biziň ýurdumyzda IMO-dan başga hiç bir sosial media platformany ullanyp bolanok. Hytaýda bolsa IMO platformasyna registratsiýa edip bolanok. WhatsApp, Tencent Meeting, Microsoft Teams, VooV Meeting, Skype we ş.m. halkara wideo jaň programmalary ymykly işlänok. VPN gerekli, ol hem stabil däl. Ýagdaýy pesräk adamlar üçin tölegli VPN hyzmatlary ullanmak juda kyn.

Şol sebäpden şu ýyl 3 okuwçy uniwersitetleriň wideo gepleşigine gatnaşyp bilmän, uniwersitede girmek mümkinçiliginden mahrum edildi.

#okyjy

Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres Fondy köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.

Türkmenistanda internet kesilmeleri baradaky hekaýalaryňyzy paýlaşyň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: