Progres.Online

Okyjynyň sesi: Türkmenistanda piramida shemalary

Men soňky bir-iki aýyň dowamynda Aşgabatda piramida shemalaryna girýän adamlara gabat gelýärin. Adamlar gizlin ýagdaýda bir-birlerine dilden aýdyşyp ýaýradýarlar. Hemmesi diýen ýaly öz tanyşlaryna we dost-ýarlaryna mahabat berýär. Soňra Telegram platformalarynyň üsti bilen görkezmeleri alyp, maýa goýup başlaýarlar. Maýa goýum Binance ýaly kripto biržalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Ilki Binance hasap açyp, soňra araçylara nagt pul berip, hasaplaryny doldurýarlar.

Aldawa meňzemez ýaly günde her-hili ýumuşlary ýerine ýetirip, gatnaşyjylar pul baýrak alýarlar. Ýumuşlar youtube kanalyna girip laýk goýmakdan ýaly ýumuşlardan ybarat. Hatda, sebit menejerleri käwagtlar ýygnak hem geçirip, geljekgi meýilnamalaryny hem maslahatlaşýarlar. 

“In Touch Media” atly programmasynyň üsti bilen amala aşyrylýan piramida shemasyna syn edip, ýakynda ýapylar diýip garaşyp otyrdym. Bu zatlar hakynda eşiden pursatymdan başlap, bir aý geçmänkä piramida shema ýapylypdyr. Meniň birnäçe tanyşlarym ep-esli pullaryny köýdürdiler. Pul ýitirmekden başgada, dostlaryna, tanyşlaryna piramida shemany ýaýradan adamlar hem indi ýigrenji bolup, adamlaryň aralary hem bozulýar.

Piramida shemasy – bikanun, galp (мошенническая) pul gazanylýan ulgam bolup, gitdigiçe has köp täze “maýa goýujylary” (“инвесторы”) özüne çekýär. Bu shema “piramida” diýilýäniniň sebäbi, her täze gatlakda inwestorlaryň sany köpelýär. Toparyň başlangyç inwestorlary – ýagny piramidanyň ýokarky gatlagy, shemany dowam etdirmek üçin, täze inwestorlaryň goşulyp durmagyny talap edýär. Piramida shemasy hiç hili kanuny iş, hyzmat ýa-da önüm däl. Ol täze agzalar goşulmadyk ýagdaýynda, inwestorlaryň ep-esli pul ýitirmegine getirýär.

Meniň pikirimçe, piramida shemalarynyň gurluşy durnuksyz we olar elmydama şowsuz. Olaryň ýykylmagynyň esasy sebäpleri täze inwestorlaryň gutormagy hem-de hakyky girdejiniň bolmazlygy – ýagny piramida shemalary, öndürijilik ýa-da söwda we hyzmat arkaly girdeji getirmeýär, eýsem täze gatnaşyjylaryň inwestisiýalaryndan tölenýär.

Elbetde piramida shemalaryndan goranmak üçin ilki bilen bu zatlardan habarly bolmak gerekdir. Şeýle meseleleriň töwekgelçiligi hakynda köpçülige dürli görnüşde ýetirilip durulsa birnäçe adamlar pullaryny ýitirmekden halas bolup biler. Meniň pikirimçe bu tema hakynda maliýe taýdan sowatly adam bilen gepleşikler geçirilip radioda ýa-da telewidenýada bizde köpçülige ýetirilse şeýle-de sosial mediýalarda paýlaşylsa gowy netije bererdi.

Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres.online köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: