Bilşimiz ýaly, Türkmenistanda her ýyl birnäçe täze oteller hökümet tarapyndan sargyt edilip, gurulýar we olaryň millionlarça dollarlyk nyrhlary bolýar. Hususy otelleriň gurluşugyna rugsat berilmeýär we diňe Awazadaky “Ýelken” oteli Türk kompaniýasy tarapyndan hususy şekilde dolandyrylýar.
Türkmenistanda otelleri dolandyrmakda hökümet monopoliýa güýjüne eýe bolýar. Otelleriň nirede, näçe sany we haçan guruljagyny, proýektler üçin maliýe serişdeleriniň, we haýsy gurluşyk firmalar tarapyndan guruljagyny hökümet karar berýär. Oteller taýyn bolansoň, otaglaryň bahalary hökümet edaralary tarapyndan bellenilýär we oteldäki işgärleriň hemmesi “hökümet işgäri” hökmünde işleýärler.
Gymmat oteller
Mysal üçin, ýekeje “Arkadag” otelini gurmak üçin 2021-nji ýylda döwlet býujetinden 448 million USD harjanyldy. Şo bir ýylda “Garagum” atly ýene bir kaşaň otel guruldy, ýöne onuň bahasy paýlaşylmady. Bulardan başga hem soňky ýyllarda býujete uly urgy eden gymmat otellerden “Ýyldyz“, “Arçabil“, “Nusaý” “Olimpiýa”, “Diwan” otelleri guruldy we ýakyn wagtda täze “Nusaý” oteli gurular.
2013-nji ýyldaky maglumatlara görä, Awaza dynç alyş zolagyndaky 8 sany oteliň gurluşygyna 1.4 milliard USD pul harjanypdyr we şu güne çenli täze oteller Awazada gurulmagyna dowam edýär. Prezident Berdimuhammedow 2009-njy ýylda umumy Awaza proýektine döwlet býujetinden 23.6 milliard USD bölünip beriljekdigini aýdypdy.
Deňeşdirme hökmünde, bütin 2021-nji ýyl boýynça döwlet tarapyndan saglyk pudagyna edilen çykdajy 1.6 milliard USD we ylym-bilim pudagyna (mekdepler, uniwersitetler, ylym merkezleri we ş.m) 4.58 milliard USD harjanyldy. Ýatlatsam, 2021-nji ýylda Türkmenistan hökümeti COVID-19 jogap taslamasynyň çäginde Bütindünýä Bankyndan 20 million USD möçberinde pul karz aldylar. Näme üçin?
Myhmanlar näme diýýär?
Tripadviser.com saýtynda, Türkmenistandaky otellerde galan daşary ýurtly müşderileriň ýazan teswirlerinden çen tutsaň, olaryň aglaba bölegi otellerdäki otaglaryň maksimum 30% dolydygyny aýdýarlar. Awazadaky otellerde berilen bahalara görä, Awazadaky ýeketäk hususy otel bolan “Ýelken” oteliniň gowydygyny belleýärler we beýleki döwlet otellerindäki restoran hyzmatlarynyň erbetdigini aýdýalar.
Iň pes aýlyk 50 USD bolan ýurtda, salgyt töleýjileriň puluna gurulan otellerde raýatlaryň özleriniň galmaga mümkinçilikleri bolmaýar.
Habarlara görä, Awazadaky otelleriň bahalary Türkmenistandaky raýatlar üçin elýeter bolmaýar. Şeýle hem, Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” otelinde bir gije galmak üçin iň arzan otagyň bahasy 200 USD.
Meniň synlaryma görä, ildeşlerimiz otelden peýdalanmakda kynçylyklary çekýärler:
- Öz propiska bolan şäheriňdäki otelde galmaga rugsat berilmeýär. Meselem, Aşgabat propiskaly bolan raýat Aşgabat şäherindäki otellerde otag satyn alyp, galyp bilmeýär. Diňe ol otellerdäki restoran, suw howuzy we beýleki hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.
- Otelleriň hiçbirinde onlaýn şekilde otag satyn alyp bolmaýar. Oteliň özüne gidip, otag satyn almaly.
- Awazadaky otellerde tomus sezony dynç almak üçin erkin şekilde otag satyn alyp bolmaýar. Meselem, otag satyn almaga synanşylanda, kabul edişlikde oturan işgärler otellerde hiçhili boş otaglaryň ýokdygyny aýdýarlar. Para we tanyş arkaly bolsa, boş otaglar duýdansyz döräp bilýär. Otaglaryň ýoklygyna sebäp hökmünde, Awazada dynç alyş möwsümi başlamazdan ozal her döwlet edarasynda işleýän işgärleriň belli bir mukdary hökmany ýagdaýda, dynç alaslary gelmese hem, öz islegine garşy Awazada dynç almak üçin “putýowka” satyn almaly bolýarlar. Netijede, bu adamlar “putýowkany” satyn almagyna garamazdan Awaza gelmeseler, olaryň satyn alan otaglary sistemada “bron” edilen şeklinde görkezilýär, emma hakykatda bolsa ol otaglaryň köp bölegi boş bolup durýär. Bu sebäpden, döwlet edarasynda işlemeýän bir raýat üçin Awazadaky otellerde otag satyn almak kyn bolýar.
Ýapyk dolandyrylyşyk
Otelleri gurmak üçin, dolandyrmak üçin (işgärleriň aýlyklary we beýleki çykdajylary) millionlarça dollarlar harjanylýar. Her döwlet tarapyndan dolandyrylýan otelleriň ýyllyk girdejisi we çykdajysy açyk çap edilmeýär. Zyýanyna dolandyrylýan oteller ýapylmaýar we döwlet býujeti üçin iki tarapdan hem ägirt derejede zyýan getirýär. Bu çykdajylar döwlet býujetinden çykýany üçin salgyt töleýjileriň bu sanlary bilmäge haky bar.
Erkin turizma rugsat berilmeýän ýurtda, oteller gereginden artykmaç derejede gurulýar we köpüsinde otaglaryň 30% hem dolmaýar. Otelleriň gurluşygy üçin edilýän çykdajylar çişirilip aýdylýar we hakyky bahasyndan birnäçe esse gymmat mukdarda resmi şekilde yglan edilýär.
Çözgütler
Meniň pikirimçe, hökümet myhmanhanalaryň gurluşugyny alyp barmaly däl, sebäbi bu gurluşyklar döwlet býujeti üçin zyýanly we gurluşyk we dolandyrylyş işlerinde birnäçe korrupsiýa wakalary ýüze çykýar.
Döwlet eýeçiliginde wagty oteller her ýyl zyýana gitse hem olaryň hakyky eýesi bolmany üçin (ýagny döwlete degişli bolany üçin) hiçhili çäre görülmeýär. Bu sebäpden, döwlet eýeçiligindäki otelleriň hemmesini hususy eýeçilige we dolandyryşyga geçirilmeli. Hususy eýeçilikde bolan oteliň beýle parhsyz dolandyrylmaga mümkinçiligi ýok we dowamly zyýana gitse oteli ýapmaga mejbur bolar.
Hususy telekeçi otel gurmak islese, diňe zerurlyk bolan wagty muny gurar. Eger ýurda köp turist gelýänini görse we bazarda has köp otellere zerurlyk bardygyny bilse, şo ýagdaýda dogry ýerde we dogry wagtda oteli açmaga synanşar.
Oteliň çykdaýjylary diňe telekeçiniň özi we maýadarlary tarapyndan çekiler. Eger otel üstünlikli bolup, girdeji getirip başlasa, telekeçi öz zähmetiniň miwesini görer we döwlete salgyt tölär. Eger üstünlikli bolmasa we ýeterlik müşderi çekip bilmese, ýalňyşyny düzetmäge synanşar.
Otelleriň hemmesi hususy bolan ýagdaýynda olaryň arasynda bäsdeşlik dörär we hyzmatlaryň has gowy bolmagyna getirip biler. Girdeji etmek islegi netijesinde telekeçi otellerdäki otaglary online şekilde satyn almaga mümkinçilik döreder we eger döretmedik ýagdaýynda müşderi bu hyzmaty hödürleýän başga otelden otag satyn alar.
Okyjy ykdysadyýetçi
Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres.online köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär. Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe hökümetiň otelleri gurmagy ykdysady taýdan oňaýly we netijeli işmi?