Progres.Online

Pikirler: Türkmenistanyň resmileri ahlak çärelerini alyp barmakda şüphelendiriji kararlar berýärler

Gyzlyk perdesiniň barlaglary razyçylyksyz geçirilýär.

Awtoritar zulum Türkmenistanda täze hadysa däl. Emma, ýakynda hökümetiň welaýatlaryň birinde orta mekdep okuwçylarynyň ählisiniň “gyzlyk perdesini barlamak” babatda buýrugy ýene bir pes derejäni görkezýär. Barlaglar diňe şahsy hukuklaryň gödek bozulmasy bolman, eýsem aýallaryň seksual taýdan işjeňdigini ýa-da däldigini kesgitlemekde netijesizdir.

Azatlyk Radiosyna görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri Balkan welaýatynda ene-atalaryň ýa-da hossarlaryň razylygy bolmazdan gyzlary ginekologiki barlaglardan geçmäge mejbur edýärler. Resmiler barlaglaryň “ahlakly” özüňi alyp baryşy üpjün etmek üçin zerurdygyny nygtaýarlar. Barlaglar netijesinde jynsy taýdan işjeňdigi anyklanan gyzlar Içeri işler ministrliginiň ýerli işgärlerine, şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrligine habar berilýär.

Balkan welaýatynda geçirilen gyzlyk perdäniň barlagy Türkmenistanda täze bir tejribe däl. Soňky ýyllarda häkimýetler beýleki welaýatlarda, şol sanda Maryda we Daşoguzda “ahlak çärelerini” alyp bardylar.

Hökümetiň şeýle barlaglarynyň etiki taýdan ýerliksiz we gyzlaryň kemsidilmeleri başdan geçirmeginden başga-da, lukmançylyk ylmy gözlegleri “gyzlyk perdeleriniň anatomiki aýratynlyk däldigini” tassyklaýarlar. Bu aýal-gyzlaryň päkdigini haýsydyr bir ginekologiki barlaglar arkaly takyk kesgitläp bolmajakdygyny aňladýar.

2019-njy ýylda Reproduktiw Saglyk žurnalynda çap edilen “Başaryp bilmedik kiçijek dokuma – gyzlyk perdesiniň jynsy tejribäni we zorlugy kesgitlemekdäki roly barada toslamalary ýok etmek” atly makalasy türkmen häkimiýetleriniň kimiň ahlaklydygyny we kimiň ahlaksyzdygyny anyklamak üçin ulanýan usullarynyň ygtybarlylygyny bütinleý ýalana çykarýar.

Makala görä, gyzlyk perdesi – jynshananyň girelgesinde ýerleşýän membranaly dokuma bolup, köpleriň ynanjynyň tersine, jynshananyň girelgesini dolylygyna gurşap almaýar. Seýrek ýagdaýlarda gyzlyk perdesi jynshanany doly gurşap biler. Bu deşijeksiz gyzlyk perdesi diýip atlandyrylýan lukmançylyk ýagdaýy bolup, ol ýetginjek gyzlarda aýbaşy ganynyň jynshanada toplanmagyna, böwregiň zeperlenmegine, önelgesizlige we beýleki meselelere getirip bilýär. Deşijeksiz gyzlyk perdesi her 1000 sany gyz bäbegiň 1-inde duş gelýär we bu adatça hirurgik operasiýa arkaly bejerilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan bir gyzyň/aýalyň gyzlygyny kesgitlemek üçin ulanylýan barlaglar “gyzlyk perdesiniň bitinligini (deşijeksiz)” anyklamalydyr. Eger gyzlyk perdesi deşijeksiz bolmasa (jynshanany doly gurşamasa), ol “bitin” bolup bilmez. Ýokarda belleýişimiz ýaly, gyzlyk perdesi membranaly dokuma bolup, adatça görnüşi, çeýeligi, galyňlygy we ululygy boýunça dürli-dürlidir.

Reproduktiw saglyk boýunça alymlar “gyzlyk perdesini barlamak öňki jynsy gatnaşyklary, şol sanda jynsy zorlugy kesgitlemegiň takyk ýa-da ygtybarly barlagy däldigini” anykladylar.

Ýetginjekleriň jynsy taýdan zorlanmasy boýunça geçirilen bir ylmy barlaga görä, jynsy zorlukdan ozal hiç hili jynsy gatnaşykda bolmadyk 14-19 ýaş aralygyndaky pidalaryň diňe 19%-inde gyzlyk perdesiniň ýiti ýyrtylmasy bolupdyr. 132 sany aýalyň gatnaşmagynda geçirilen başga bir barlag jynsy zorlukdan öň jynsy gatnaşykda bolmadyk aýallaryň diňe 9,1%-inde jynsy zorlukdan soň gyzlyk perdesiniň ýyrtylmasy bolanlygyny görkezdi.

Jynsy zorluga sezewar bolan dogluşdan 17 ýaşa çenli 1500 gyzyň gatnaşmagynda geçirilen halkara barlagy gatnaşanlaryň 93%-inde hiç hili näsazlyk ýoklugyny anyklady. Diňe 7%-i bir ýa-da birnäçe anyklaýyş netijelerini görkezdi.

Netije anyk: Gyzlyk perdesiniň barlagy şahsyň geçmişdäki jynsy tejribesini, hatda jynsy zorlugy kesgitlemegiň ygtybarly serişdesi däl.

Türkmenistan ýaly konserwatiw patriarhal jemgyýetde “gyz däl/gyzlyk perdesiz” ýa-da “ahlaksyz” diýip atlandyrylmagyň netijeleri stigmatizasiýa (biabraýçylyga), sosial taýdan üzňeleşdirmekden başlap, suiside we mertebäniň hatyrasyna adam öldürmek ýaly wakalara getirip biler. Munuň adamyň akyl saglygyna we emosional abadançylygyna ýetirýän täsirini takyk kesgitlemek mümkin däl.

Soralmaly ýene-de bir möhüm sorag bolsa: “Barlagy geçirýän Türkmenistanyň saglyk işgärleriniň başarnyklary nä derejede ýeterli?”. Mälim boluşy ýaly, Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglyk ulgamy maliýe serişdeleriniň ýiti ýetmezçiliginden ejir çekýär. Türkmenistanda ginekologlaryň durmuşy üýtgedýän netijeleri bermegi üçin ýeterlik derejede türgenleşdirilendigini ýa-da däldigini aýtmak kyn.

Türkmenistanyň bilim ulgamyny deňeşdirmek üçin şuny mysal bereliň: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda medisina okaýan talyplaryň gyzlyk perdesi barada öwrenmek üçin mümkinçilikleri juda çäklidir. Çünki, talyplara çanaklyk gurluşyny öwrenmek üçin birnäçe sagatlyk amaly bilim berilýär. Bu proses bolsa esasan uly ýaşly meýletinçileriň, adaty pasientleriň we çanaklyk modelleriň gatnaşmagy arkaly amala aşyrylýar. Bir barlag “139 sany pediatr-ordinatoryň diňe 64%-i ýetginjek aýal jyns agzasynynyň gyzlyk perdesiniň suratyny dogry kesgitländigini” görkezdi.

Gynansak-da, Merkezi Aziýada aýallaryň seksual gatnaşyklaryna ahlak gözegçiligi Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem alynyp barylýar. Sebitiň iň garyp ýurdy bolan Täjigistanda durmuşa çykjak gyzlarda gyzlyk perdesiniň barlaglary yzygiderli geçirilýär. 2017-nji ýylda Özbegistanda mekdep ýaşdaky gyzlaryň mejbury barlanandygy habar berildi. “Tengrinews”-yň habaryna görä, ýakynda Gazagystanda uniwersitet talyplarynyň jynsy işjeňligi bilen baglanyşykly şahsy maglumatlar ýaýradyldy.

Hökümet kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligini bozup ahlak barlagyny geçirmegi we gyzlary nätakyk, kemsidiji we trawma beriji proseduralary başdan geçirmäge mejbur edýän bolsa, bu şol hökümetiň öz ahlagy barada nämäni aýdýar?

Awtor barada

Karlygaş Kabatowa – gazagystanly ýetginjekleri we olaryň ene-atalary üçin bilim beriji web sahypasynyň UyatEmes.kz-iň esaslandyryjysy we direktory. Sahypanyň maksady – ýaş adamlaryň reproduktiw saglygy we jynsy gatnaşyklara degişli meselesinde habardarlygyny we sowatlylygyny ýokarlandyrmak.

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: