Salam Progres,
Il bähbitli işiňizde üstünlik arzuw eýärin.
Eger kyn görmeseňiz 1991-nji ýyldan bäri, Türkmenistanda gurulan “tök proýektleriň” sanawyny düzseňiz. Köşkler, kitaphanalar, ruhuýet köşkleri, muzeýler, tribunalar, ak öýler, aeroportlar… Bularyň peýda getirmän, eýsem büjete agram bolýandygyny. Eger-de garaşsyzlygyň birinji gününden halkyň her teňňesi girdeji getirýän biznes taslamalaryna siňdirilen bolsady, onda şuwagt krizis bolmazdy we öz milli: siemens, apple, toyota, samsung, google, microsoft … ýaly türkmen firmalarymyz bolardy. Mysal edip alibabadan 1mln$ nähili önümçilik liniýalaryny sargap bolýandygyny görkezseňiz. Belki indi isripden ýüz öwürerler.
Mini günbakar ýag zawodynyň, mini şeker zawodynyň, mini un zawodynyň nyrhlarynyň gymmat däldigini we etrapda açyp bolýandygyny görkezseňiz.
Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres.online köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.