Progres.Online

Okyjynyň sesi: Halky halys ediji çäklendirmeler

Şu ýylyň aprelinden bäri, hökümet edaralary düşündiriş bermezden ýurtda adamlaryň daş keşbi we eşiklerine dürli görnüşli çäklendirmeler girizmäge başlady we gözellik salonlary ýapmaga mejbur edildi. 

Daş keşbe goýulan çäklendirmeler bilen birlikde, dyrnak uzaltma, kirpik, boteks edýän, ýüz tenini çekme hyzmatlaryny berýän gözellik salonlaryny ýapdylar. Estetiki operasiýa etmek üçin Aşgabatda täze Estetika Merkezi açylsada, oňa köp adam barmaýar. Çünki hususy salonlara seredeniňde merkeziň tölegi gymmat bolup, gapdalyndan lukmanyň jübüsine kassa berilýän resmi töleginden başga-da pul salmaly. Ýogsam, lukmanlar pasienta gowy seredenok ýa lukmana nobata ýazylmaly bolsa 1-2 hepde garaşmaly bolýar. Sebäbi, jübä pul saljagy olar ileri tutýar. Şonuň üçin zenanlarymyz hususy gözellik salonlaryna gidenlerini gowy görýärdiler. 

Soňky ýyllarda aýal-gyzlarymyzyň emeli owadanlyga ýykgynlygynyň artmagy, girdejili iş bolanlygy sebäpli gözellik hyzmatlaryny berýänler köpelipdi. Salonlara girizilen çäklendirmeler müňlerçe zenanlary girdejisiz goýdy. Bu diňe salonda işleýänleriň däl, eýsem gözellik serişdelerini import edýän telekeçileriň we emläk kireýine berýän adamlaryň hem girdeýjisini kesdi. Şeýlelikde, öňden ykdysady çökgünlik we işsizlik agdyklyk edýän ýurtda bu çäklendirmeler has hem işsiz adamlaryň sanyny köpeltdi. 

Başga bir tarapdan, çäklendirmeler polisiýanyň/hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň jübüsini galňatdy. Çünki, käbir salon işgärleri para berip, tanyş bilen salonlaryny açyk saklamak başardýar. Şonuň üçin, beýleki çäklendirmelere göz ýumýanlaryň-da, bu çäklendirmeler degnasyna degip başlady we halkyň hökümete bolan nägileligini juda artdyrdy.

Meniň pikirimçe, çäklendirmeler artdygyça adamlarda nägilelik, ýigrenç we depressiýa köpelýär. Bu bolsa adamlarda has gowy durmuşy gözlemäge iterip, ýurtdan gitme islegini döredýär. Hiç bir halk ýurduny ýigrenmeýär, olar halka basyş edýän, öz bähbitlerini ileri tutýan, parahor dolandyryşy halamaýarlar. Näçe köp çäklendirme we gadagançylyk girizilse şonça-da halky öjükdirip ýurtdan irizýänligine hökümetimiziň düşünmegi gerek. Biziň hökümet dolandyryjylarymyz adamlary gysmagyň ýerine adam hukuklaryna, adam mertebesine sarpa goýup, mümkinçikler berse onda biz häzirki ýaly Merkezi Aziýanyň “Demirgazyk Koreýasy” däl-de, Merkezi Aziýanyň “Şweýsariýasy” bolup bilmek üçin ähli mümkinçiligimiziň bardygyna ynanýaryn. 

Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres.online köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: