2021-nji ýylda, “Gurak sebitde topragyň şorlylygyny bahalandyrmak we gözegçilik etmek üçin Landsat 8 OLI-niň potensialy: Türkmenistanyň Duşak şäherçesiniň mysaly” atly barlag çap edildi. Barlagda Türkmenistanyň gurak sebiti bolan Duşakda topragyň duzlulygyny bahalandyrmak we gözegçilik etmek üçin uzakdan duýujy tehnologiýanyň täsirliligi gözden geçirilýär.
Mesele
Topragyň şorlanmasy ýa-da topragyň düzümindäki duz dünýäniň ýarym gurak sebitlerinde, şol sanda Türkmenistanda hem topragyň zaýalanmagynyň giň ýaýbaňlanan sebäbidir. Topragyň zaýalanmagy ösümlikleriň ösmegine zyýan ýetirip, azyk ýetmezçiligine sebäp bolup biler. Şeýle hem, jandarlaryň ýaşaýyş ýerleriniň ýitmegi ýa-da suwuň süzülmesiniň togtamagy ýaly ekosistema aýlawyna päsgelçilik döredip biler. Şonuň üçin, topragyň duzlulygynyň giňişlikde paýlanyşyny ölçemek üçin takyk usullary kesgitlemek biçak möhümdir. Bu şor topraklary netijeli dolandyrmaga, dikeltmäge, gözegçilikde saklamaga we ulanmaga mümkinçilik berer.
Barlagyň netijeleri
Barlag topary Duşakda 1014.6 gektar ekerançylyk meýdanynyň ýerüsti duzlulygyny ölçemek üçin wegetasiýa (ösümlikleriň gögerişi), topragyň duzlulyk we çyglylyk görkezijileri baradaky ýerden alynan suratlary we sputnik maglumatlaryny ulandy. Topar dürli şorlanma derejesi bolan ýerleri we şor zolaklary kesgitlediler. Ýerleriň şorlanma kartasy ekerançylyk atyzlarynyň diňe 21.71%-iniň şorlanmandygyny görkezdi. Atyzlaryň galan bölegi babatda görkezijiler:
- 29.78% az şorlanan;
- 31.40% orta şorlanan;
- 15.25% ýiti şorlanan;
- 1.44% örän ýiti şorlanan.
Barlagda dürli döwürde alnan birnäçe suratlar deňeşdirilip, topragyň şorlanma dinamikasyndaky wagtlaýyn tendensiýalar we häsiýetler kesgitlenildi. Bu maglumatlar şorlanan ýerleriň giňelişine düşünmek we degişli dolandyryş strategiýalaryny durmuşa geçirmek üçin wajypdyr.
Emma, diňe uzakdan gözegçilige esaslanýan derňew atmosfera şertleri, sensoryň aýratynlyklary we suratlaryň hili sebäpli çäkli bolmagy mümkin. Şol sebäpli, ýeriň şorlylyk ölçeginiň we gözegçiliginiň takyklygyny, ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin gelejekde sputnik maglumatlaryny hut barlag geçirilýän ýerden toplanan maglumatlar bilen deňeşdirip öwrenmeli.